19:38 Romantizm | |
EDEBI AKYMLAR:
Edebiýaty öwreniş
▶ ROMANTIZM ■ Romantizm we sosialistik realizm Romantizm barada söz açmazdan we dürli çeşmelere salgylanyp, öz pikirimizi aýtmazdan owal, türkmen edebiýatynyñ umumysowet edebiýaty bilen bir galyba salynan döwründe romantizm düşünjesine berlen düşündiriş bilen tanyş bolalyñ: "Romantizm ~ geçmişde edebiýatyñ esasy döredijilik usulynyñ biri bolupdyr. Eger realizmiñ esasynda durmuşy dogry görkezmek prinsipi durýan bolsa, romantizmiñ esasynda ýazyjynyñ öz arzuwynda döreden durmuşyny suratlandyrmak prinsipi bar. Romantizm eserleriniń gahrymanlary awtoryñ idealynyñ nukdaý nazaryndan öz hyýalynda döreden adamlary bolýar. Ýazyjynyñ real durmuşy däl-de, özüniñ görmek, ýetmek isleýän durmuşyny suratlandyrmagy, real adamlary däl-de, görmek isleýän adamlarynu suratlandyrmagy awtoryñ arzuwynyñ real durmuş bilen ylalaşmaýandygyndan gelip çykýar. Ýazyjy dowam edip duran durmuşy halamaýar we başga hili durmuşy arzuw edýär, şony hem ýazyp suratlandyrýar. Romantizmiñ baş prinsipi şundan ybaratdyr. Emma arzuw we arzuwyñ durmuş bilen ylalaşmazlygy dürli-dürli bolýar. Eger ýazyjynyñ arzuwy häzirki durmuş bilen ylalaşman, oñat durmuşa tarap ymtylýan bolsa, arzuw durmuş perswektiwalaryna we mümkinçiliklerine esaslanýan bolsa, ýazyjy öz arzuwynyñ ýüze çykmagyna böwet bolýan köne düzgünlere, köne kanunlara garşy göreşýän bolsa, onda beýle romantizm progressiwdir. Şeýle romantizmde awtoryñ dowam edip duran durmuş kadalaryna we zuluma garşy belli bir gahrymanyñ keşbinde göreşe galýar. Meselem, Mollanepesiñ "Zöhre-Tahyr" dessanynda Moýsepit serdaryñ keşbinde awtoryñ arzuwy Babahanyñ zulumyna garşy bolup, göreşe çykýar. Munuñ tersine, ýazyjynyñ arzuwy onuñ ejizligini añladýan bolsa, ýazyjy öz arzuwlarynyñ durmuşa geçmegi ugrunda göreşmäge ukypsyz bolsa, ýa-da onuñ arzuwy köne, yzagalak durmuşa tarap ymtylýan bolsa, ol arzuw zyýanlydyr. Şeýle arzuwlaryñ önümi reaksion romantizmdir. Eger-de ýazyjynyñ arzuwy gönüden-göni halky reaksion düzgünlere we köne jemgyýet sistemasyna garşy göreşe çagyrýan bolsa, onuñ jemgyýet üçin ähmiýeti uludyr. Şol arzuwlaryñ önümine rewolýusion romantizm diýilýär. M.Gorkiniñ "Laçyn hakynda aýdym", "Burowestnik hakynda aýdym", "Izergil garry" ýaly eserleri şeýle eserlerdir. ...Sowet edebiýatynda romantizmiñ progressiw we rewolýusion ugurlary sosialistik realizmiñ sostaw bölegi bolup gitdi. Sowet edebiýatynda romantizm durmuşdan üzñe hyýal däldir. Ol sowet durmuşynyñ şu günki mümkinçiliklerinden gelip çykýan durmuşyñ ösüş perswekiwalarydyr". (Maglumat üçin seret: R.Rejebow "Edebiýat ylmyna degişli terminleriñ sözlügi", "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1966 ý, 174-175-nji sahypalar). ■ Romantizm näme? Romantizm akymy - 1800-1850-nji ýyllarda Ýewropanyñ edebiýatyny, aýdym-sazyny, filosofiýasyny we sungatyny ýiti täsirine alan intellektual akymdyr. Duýguçyllyk we indiwiduallyk temalary bilen öñe saýlanan romantizm akymy öz gözbaşyny Orta asyrlaryñ estetikasyndan alyp gaýdýar. Şol bir wagtyñ özünde romantizm Senagat öwrülişigine, Aýdyñlanma eýýamyna, aristokratlaryñ sosial we syýasy sistemasyna, tebigatyñ ylmy rasionalizasiýasyna we klassizme protest hökmünde ýüze çykan akymdyr. Onuñ ýüze çykmagyna 1789-njy ýylyñ fransuz rewolýusiýasyndan soñky jemgyýetçilik, syýasy we psihologiki ýagdaýlaryñ täsirleri boldy. ■ Romantizm Angliýada Iñlis romantikleri diñe siwilizasiýanyñ eden-etdiligine, taryhyñ rehimsizligine garşy gitmek bilen çäklenmän, olar fransuz rewolýusionerlerini goldap çykyş edipdirler. Ilkinji iñlis romantizmi tebigata, zenanlar we çagalar dünýäsi baradadyr. Ikinji romantiki nesiliñ görnükli wekili Jorj Baýron durmuş gussalaryny beýan etmekde we etmişli gahrymanlarynyñ aýdymyny aýtmakda öñe saýlanypdyr. Baýron 1824-nji ýylda gozgalañ turzan grekleriñ arasynda öz ölümi bilen pessimizmiñ, umytsyzlygyñ simwolyna öwrülipdir. Persi Bişi Şelli bolsa tebigatda tebigaty adam üçin teselli beriji hala getiripdir ("Ode to a Nightingale"). Irland melodiýalarynyñ awtory Mur we onuñ yzyny dowam etdiriji, meşhur Baýron romantizmiñ iñ görnükli wekilidir. Walter Skott hem "Köldäki aýal" ("The Lady of the Lake", 1810) atly taryhy romany bilen romantizmiñ wekilleriniñ hataryna goşuldy. ■ Romantizm Germaniýada Fridrih Şiller nemes romantizminiñ iñ görnükli wekilidir. Nemes romantizminiñ kökleri XVIII asyra çenli uzaýar. Kloptok we Lessing täzelenişe öñaýak bolan şahslardyr. "Sturm und Drang" edebi hereketiniñ düýbünde-de bu ikisiniñ täsiri duýulýar. Gerderiñ yzysüre Gýote we Şiller hem bu herekete goşuldylar. Romantizm Gýolderlin we Jean-Pau ýaly soñky nesliñ wekillerine-de ýiti täsirini ýetirdi. In soñky romantikleriñ arasyna Eýhendorf, Lýudwig Uhland, Mýorike ýaly romantistlerden diñe bir täsirlenmän, bu hereketiñ isleglerini kanagatlandyryp bilmedik Genrih Geýnäni hem goşmak bolar. ■ Romantizm Fransiýada Geçmişden miras galan her bir zadyñ tema edip alynmagyna esaslanýan we düşünilmesi kyn modernistik ülñülere laýyklykda biçüwlenen bu täze akymyñ ýüze çykyş biçüwleri fransuz rewolýusiýasynyñ öñüsyrasyndan başlap, öz barlygyny Fransiýada hemişe diýen ýaly duýdurmagy başardy. Fransiýada Russony, Anna de Staly okan, Şatobriany ruhy halypa hasap eden nesil romantizmiñ hakyky wekilleridir. Romantizmde Lamartin, sungatda erkinligi öñe süren Gýugo, Alfred de Winýi, Alfred de Mýusse dagylar özlerini ykrar etdirdiler. Bular Nerwal, Gauter, P.Borel dagylara hem ýiti täsirini ýetirdiler. Stendal, Dýuma ýaly romantistler geçmişe ýüzlenmegiñ deregine ýaşap ýören jemgyýetlerini suratlandyrmagy saýlap aldylar. ■ Romantizm Ispaniýada we Italiýada Italiýadan we Ispaniýadan çykan romantistler garaşylşy ýaly giñ gerim alyp bilmediler. Taryhy şertleriñ täsiri astynda romantizm akymy bu ýurtlarda ýygy-ýygydan syýasata garaşly bolup galdy. Italiýada liberallar we watansöýüjiler romantizmiñ öñbaşçylarydy. G.Breşe, S.Pelikko, Manzoni romantizmiñ öñdebaryjylarydyr. Beýik şahyr Leopardi şol döwürde meşhurlyk gazanmak bilen birlikde, Risargimentonyñ garaşly edebiýatyna garşy çykypdyr. Ispan romantizmi bolsa Hose Zorillanyñ ady bilen baglanyşyklydyr. ■ Romantizm Osmanlylarda "Tanzimat" kanunynyñ yglan edilmeginden soñra başlan we Günbatar edebiýatyny çelgi edinen Tanzimat edebiýatynyñ (1859-1896) ilkinji ýyllarynda romantizm akymynyñ alamatlary duýulmaga başlandy. Gýugo, Şatobrian, Dýuma, Gýote, Şiller ýaly romantistler Tanzimat döwrüniñ türk ýazyjylaryna täsir etdiler. Tanzimat edebiýatynyñ köpsanly ýazyjysy we şahyry (Ahmet Mithat, Namyk Kemal, Şemsetdin Sami, Abdylhak Hamit, Rejaýyzada Mahmyt Ekrem) romantizmiñ täsiri astyndady. Namyk Kemalyñ "Oýanyş" ("Intibah") romany, "Watan hutma-hut Silistre" pýessasy "Romeo-Žulettadan" täsirlenen eserlerdir. Jedit edebiýaty döwründe Halit Ziýa Uşaklıgiliñ "Gök we gara" romanynyñ personažy Ahmet Jemil hemişe romantist ýazyjylary okamagy arzuw edýär. Ikinji Meşrutyýetden (Üýtgedip gurmak) soñky döwürde Ýusup Ziýa Ortajyñ "Binnaz" atly pýessasynda Gýugonyñ täsiri mese-mälim bildirýär. Fransuz edebiýatynyñ täsiri şol döwrüñ türk edebiýatyna ýito täsir edendigi hakykatdyr. ■ Romantiki edebiýat Romantizm özbaşdak edebi akym bolmakdan ötri, XIX asyryñ ahyrlary bilen XIX asyryñ başlarynda Ýewropada özüne saldamly ýer edinmegi başarypdyr. Fransiýada emele gelen bu hereket Günorta Ýewropa ýurtlaryna (Italiýa we Ispaniýa) gijräk ýaýraýar. Klassyky edebiýata protest hökmünde XVIII asyryñ aýaklarynda dörän we Wiktor Gýugo bilen bile şöhrat gazanan romantizm adamyñ döredijilik erkinligine päsgel berýän her bir zada garşy çykýar. "Iñ oñat düzgün - düzgünsizlikdir" diýen romantistler adamyñ duýgularyny, hyýal ediş güýjüni durmuşa geçirmegini we adamy terbiýelemek üçin ilki jemgyýeti ýola salmagyñ gerekdigini öñe sürýärler. Romantizmiñ prinsiplerine görä satira üns bereniñe degmeýän stildir. Romantizm edebiýatdan alan käbir motiwleriniñ üstünde giñişleýin durýar: geçmişiñ ruhy çagyryşy ýa-da gynalmagy, çagalar we aýallara degişli gyzyklanma berilen ähmiýet, döredijiniñ we kyssaçynyñ ýalñyzlygy, tebigata sarpa ýaly motiwler edebiýatda ýygy-ýygydan ulanylýar. Aýratynam Edgar Alan Po we Nataniel Gotorn ýaly käbir romantist ýazyjylaryñ eserleri adatdan daşary we adam psihologiýasy bilen baglanyşykly sýužetler esasynda işlenipdir. @Kitapçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |