21:17 Rus sabrynyñ çägi | |
RUS SABRYNYÑ ÇÄGI
Publisistika
Gaaga sudunyñ kyssasy simwolikidir. Russiýa mundan öñ bu edaranyñ nähili edaradygy bilen gyzyklanmandy. Hakykatda gegemoniýalarynyñ bir bölegini bu gurluşa tabşyrmaga çagyrylan garaşsyz döwletleriñ üstünde döredilen döwletlerüsti syýasy sistema bolan bütindünýä hökümeti maksatnamasynyñ bir parçasydyr. Muña Ýewropanyñ Adam hukuklary boýunça sudy, Ýewropa bileleşigi, Bütindünýä banky, Halkara Walýuta fondy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy ýaly başga-da birnäçe gurama degişlidir. Milletler ligasy we has soñra BMG dünýä hökümetini gurmak ugrunda başga bir taýýarlyk tapgyry hökmünde işlenip düzüldi. • Liberalizmiñ taýagy Bir bitewülikde liberal ideologiýanyñ komponenti bolan halkara gatnaşyklarda liberallar bilen gidişýäris. Liberallar özeninde kapitalizm, bazar, liberal demokratiýa, şahsylyk, LGBT, transseksuallar, köpçülikleýin göç we başgalar bolan "ösüş" kanunynyñ yza dönderip bolmajak sepgitdedigini pikir edýärler. Liberal halkara gatnaşyklar doktrinasynda "ösüş" agalyk ediji döwletlerden halkara güýç organlaryna geçmekligi añladýar. Bu "ösüşiñ" maksady dünýä hökümetiniñ gurulmagydyr. Halkara gatnaşyklary boýunça ýazylan okuw gollanmalarynda aç-açan we kesgitli ýazylan teoriýa laýyklykda şeýle "ösüşi" islemeýän ýurtlar "öñe gidişligiñ", "ösüşiñ" duşmanydyr, "aç-açan jemgyýetiñ duşmanydyr". Agalyk ediji liderler liberallary saýlamak bilen transgenderi kowdy. ABŞ-nyñ Demokratik partiýasynyñ, Baýden hökümetiniñ we ýewropaly elitalaryñ köpüsiniñ üstünde durýan ideologiki pozisiýasy şudur. Kollektiw Günbayar we amerikan globalçylaryny goldaýan günbatarly däl ähli ýurtlaryñ güýçleri-de şu ideologiýa wepaly boljagyna söz berýär. Munuñ özi gutarnykly ideologiýadyr: reaksioner, zabun, totalitar. • Ýumruk çenemeler kabul edildi Russiýanyñ 23 ýylyñ dowamynda hemmetaraplaýyn agalyk ediji lideriñ ýolbaşçylygynda liberalizm bilen hasaplaşjak bolup arrygyny gynamazlygy we şu sepgide gelip ýetýänçä onuñ düzgünleriniñ, gurluşlarynyñ we guramalarynyñ kanunylygyny kabul etmesi biraz geñ galdyrýar. Olaryñ üýtgejek zady ýok. Ýörite Harby operasiýanyñ (ÝHO) güýje girizilmegi bilen Russiýa üýtgedi we yzysüre global liberallar tarapyndan kanuny dyrmaşma başlady. Urdumşalyk ýok: diñe liberalizm. Biz bu ideolohiýany hem içerden, hem daşardan agdarýança dyrmaşmalar hasam köpeler. Ideologiýamyz bolmasa öñe gidişlik bolmaz. Gaaga sudunyñ Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putini we çagalaryñ hak-hukuklary boýunça ombudsmany Mariýa Lwowa-Belowany tussag etmek hakyndaky karary şeýle bir ýürekbulanjy welin, jogap bermezlik mümkin däl. Munuñ özi ýurda, halka, jemgyýete, hemmelere, her rus aýalyna, her enä, her çaga atylan kesekdir. Bütin bularyñ barsyna deñli-derejeli görnüşde nähili jogap bermeli? Meniñ pikirimçe, bu ýagdaýda hakyky günäkärler bar we olar Waşingtonda ýa-da Gaagada däl - Russiýanyñ öz içinde. Olar ýigrimi üç ýyllap prezidenti Günbatar bilen dostlugyñ hökmany gerekdigine we liberal idelogiýanyñ oñlanmagy bilen bir hatarda halkara integrasiýanyñam bolmalydygyny ynandyrmaga synanyşan liberallar toparydyr. Globalçy liberal gurluşlaryñ we guramalaryñ (Halkara Jenaýat sudy, Ýewropanyñ Adam hukuklary boýunça sudy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we başgalar tarapyndan ykrar edilmä çenli) alternatiwi ýokdur. Şeýle-de, ýurt baştutanyny diñe "Maýdan" sahnalamagy hyýalyna getirendiklerine ynandyryp, watansöýüji tarapy sagda-çepde ygtybarsyzlaşdyrdylar. Hakykatda, sagçysy çepsisi halkdyr we Putiniñ baş goldawy şolardyr. Men onuñ wepaly goldawçysy, emma liberallar hemişe Günbatary öwüp we watansöýüjileri garalap geldi. Şeýle ýagdaý Putin häkimiýete geleni bäri ýigrimi üç ýyllap gaýtalanyp gelýär. • Hasaplaşma zamany Logiki taýdan şeýle bir sepgide geldik welin, öwülen Günbatar özüni bize kast edýän, tebigy gaz geçirijileri partladýan, pulumyzy ogurlaýan terrorçy gurluşdygyny görkezdi duruberdi we şunça wagtlap onuñ boýunturugy astynda bolanymyzdan soñra özümizi masgaralaýjy garaşlylygyñ içinden tapdyk: ýigrimi üç ýyl öñ ýewraziýa rus medeniýetimizi gurmagyñ ýolundan gitmelidik. Putin agalyk ediji güýç bolup orta çykdy. Moskwa Günbatar medeniýetiniñ esasy baglanyşygyndan sypyp bilmese, onuñ gurluşyna we guramalaryna gatnaşdygysaýy, Günbatary kabul etdigisaýy doly ýagdaýda liberallaryñ täsiri astynda Günbataryñ bu agalygy kabul etjegimiz çak edildi. Gymmatlyklar (kapitalizm, liberal demokratiýa, sanly ulgama geçmek, gyraklatmak medeniýeti, "wokismo", ýagny liberalizme goşulmaýanlary ýazgarma mejburylygy, LGBT). Başyndan bäri hemmesi aldawaçdy we gürrüñi gidýän aldawajyñ belli-başly şahslary bar: Prezidentiñ ýakyndaky liberap blok. Häzir bolup geçýänlere goşant goşýanlar, watansöýüji galkynyşyñ öñüni alýanlar, prezidentini halkdan, rus hamyrmaýasyndan aýyrmak üçin elinden gelen ýamanlygy gaýgyrmaýanlar şolardyr. Tizligi kesgitleme wagty gelip ýetdi. Ýa-da ýetip gelýär. Häkimiýetdäki liberallaryñ çagyrylmagy we düýpli derñelmegi üçin başga näme bolmalydygyny bilemok. Belki, bir zat beter kemterlik edýär, emma her näme-de bolsa bu ýagdaý uzaga çekmez. Ar gylyjy häkimiýetdäki rus liberallarynyñ başynda we hiç zat tebigy ar alyşlygyñ öñüni saklap bilmez, biraz gijä galynmagy mümkin, ýöne munuñ gutulgyzlygyna söz bolup bilmez. Rus liberallary eden ähli jenaýatlarynyñ hasabyny bermeli. Şeýtmezden arassalanmak ýa-da ymykly ýeñiş gazanmak mümkin däl. Aleksandr DUGIN. 21.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |