11:53 Saçly Dursunowa | |
SAÇLY DURSUNOWA
Zenan şahsyýetler
Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda dünýä inip, çagalygyndan ýetim galýar. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşyny dolduran Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp gelýär. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň-soňlar meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudowdy. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň atlaryny bilmändikleri üçin ejeleriniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalar doldurylýar. 1932-nji ýylda Aşgabadyň ozalky Lukmançylyk tehnikumyna okuwa girip, ony tapawutlanan bahalar bilen 1936-njy ýylda tamamlan Saçly şol wagtky Türkmen döwlet medisina institutyna girýär. Onuň soňky gutardyş synaglary galanda nägehan uruş başlanýar, okuwyny tamamlan ýyly bolsa, Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär. 1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa Stalingradyň eteginde söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup harby gulluga başlaýar. Ol bütin urşuň dowamynda Krymyň, Belorussiýanyň, Pribaltika ýurtlarynyň, Gündogar Prussiýanyň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň janly şaýady bolýar, şol ýerlerde ýaraly esgerlere hem ruhy tarapdan, hem lukmançylyk tarapdan yzygiderli ýardam edýär. Şeýdibem, ýeňşiň gazanylmagyna özüniň uly goşandyny goşýar. Görkezen edermenlikleri üçin gahryman zenan «Lenin», «Gyzyl ýyldyz», «Hormat nyşany» ordenleri, «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin», «Stalingradyň azat edilendigi üçin», «Kýonigsbergiň eýelendigi üçin», «Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňiş üçin» medallary bilen sylaglanýar. Beýik Watançylyk urşunyň ýalnyndan doly geçenleriň hatarynda gahryman zenan Saçly Dursunowany hem agzamak bolar. 1945-nji ýylda ýeňiş gazanylsa-da, ol harby medisina gullugynda harby gullugyny dowam etdirmek bilen, bejergä mätäçlere soň hem kömek edýär. Ol 1946-njy ýylyň sentýabrynda frontdan dolanyp gelýär we belli artist Muhammet Çerkezow bilen durmuş gurýar. Medisina gullugynyň kapitany Saçly Dursunowa 1955-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, 1972-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. 1961-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýew Saçly Dursunowanyň portretini şekillendirýär. Suratkeş öz işinde gahrymanyň içki dünýäsine aralaşmaga synanyşmak bilen, iş pursadyndaky çuňňur pikire batyp oturan ynsany görkezýär. Bu eserde gahrymanyň zenan dünýäsinde ýyly mähir az duýulýar. Oňa derek ol ony uly bir zadyň aladasyny edýän ýaly ummasyz pikire çümen görnüşde suratlandyrýar. Aslynda, Saçly Dursunowa durmuşda-da, köplenç, gamgyn halda gezýän eken. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Gulagyma owaz gelýär. Bu owaz howada bar. Ol ýaraly esgerleriň agyrydan jebir çekýän iňňildileriniň uruş döwründen galan yzaly owazy» diýip jogap berer eken. Hakykatdan-da, şol agyr ýyllaryň owazyny kalby bilen syzyp, ýüregini gyýan, 56 ýaşyna çenli şol owaz bilen ýaşan gahryman zenanyň özi aramyzdan gitse-de, onuň uruşda bitiren hyzmatlary hakdaky gürrüňler heniz-henizlerem dillerden düşenok. © Züleýha RAHYMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||