08:58 Sadreddin Aýnynyň bir güni... | |
SADREDDIN AÝNYNYÑ BIR GÜNI
Ýatlamalar
• Sadreddin Aýny Sadreddin Aýny – özbek we täjik edebiýatynyň ösmegine XX asyrda saldamly goşant goşan şahsyýetleriň biridir. Ýazyjy, taryhçy, edebiýatşynas we alym hökmünde ylmy-barlag işlerini geçirýär. Rudaky, Ibn Sina, Saady, Wasifi, Nowaýy, Bi:dil, Ahmet Danyş ýaly şahyr we alymlar hakynda ylmy işler ýazýar. Ol 1878-nji ýylda Buhara emirligine garaşly Giždiwan etrabynyň Soktare obasynda dogulýar. 1890-njy ýylda Buhara gelip, Mir Arap, Badalbeg, Alymhan medreselerinde bilim alýar. Döredijilige goşgy ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji “Gyzyl gül” atly eserini 1897-nji ýylda ýazýar. Ýazyjynyň “Buhara jellatlary” (1922), “Ady:na” (1927), "Süýthoryň ölümi" (1937) powestleri, “Gullar” (1934), “Dohunda” romanlary neşir edilýär. Dört tomluk “Ýatlamalar” (1949-1954) atly memuar eserini ýazyp tamamlaýar. Ýazyjy Döwlet baýragyna we filologiýa ylymlarynyň doktory diýen ylmy derejä mynasyp bolýar. Eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Sadreddin Aýny 1954-nji ýylyň 15-nji iýunynda Duşanbe şäherinde aradan çykýar. • GIÝEWI ARTYKMAÇ Sadreddin Aýnynyň döwürdeşleriniň ýatlamagyna görä, ýazyjy durmuşda özüniň meşhur gahrymany, gysgançlygyň simwoly Kary Işkembä hem meňzeýän eken. Günlerde bir gün Aýny damla gyzyny durmuşa çykarýar. Toý ykjam we, artykmaç çykdajysyz geçýär. Kän wagt geçmänkä gudalar tarapdan biri gelip Sadreddine: - Damla, siz gudalar bilen giýew çakylyk etmezlige şertleşipsiňiz. Emma giýewiňiz muňa razy däl. Hemme dostlary giýew çakylyk eden eken. Olaryň ýanynda utanja galdym diýýär. Şuňa siz näme diýýäňiz?– diýýär. Aýny uzak oýlanyp, ahyry razy bolýar. - Bolýar, men razy. Giýewini pygamber sylan eken. Ýöne bir şertim bar. - Nähili şert? - Men diňe on adamy myhman aljak. - Bolýar o tarapyndan arkaýyn boluň... Bellenilen güni guda tarapdan ýigidiň dostlary gelýär. Ýazyjynyň özi myhmanlary gapyda garşy alyp, bir-birden, guzy sanan ýaly sanap öýe salýar. Görse oglanlar on bir sany eken, damla aýdyşy ýaly edip - artykmaç myhmany öýe salman ugradýar. Soňra myhmanlar oturan jaýa gelip görse, giýewi üçin taýýarlanan ýer boş durmuş. Mälim bolşy ýaly, köçede galan ýigit giýewi bolup çykýar. • SEBÄPSIZ ÇAPAK Okuw uniwersitetleriň birinde Sadreddin Aýny bilen duşuşyk geçirilýär. Duşuşyk manyly we gyzykly geçýär. Mugallymlar, talyplar özbek we täjik edebiýatyna saldamly goşant goşan ýazyjy barada öwgili sözler bilen çykyş edýärler. Ahyrynda söz gezegi ýazyjyň özüne berilýär. Sada, obaly adama meňzeş geýnen Aýny assa ýöräp münbere çykýar: - Siz ýaly azat, zähmetkeş, ylyma teşne ýaşlar bilen duşuşýanyma juda begenýärin. El çarpyşmalar zaly ýaňlandyrýar. - Meni şeýle beýik derejä ýetiren halkymyň oňünde bir ömür bergidardyryn. El çarpmalar ýaňlanýar. Şeýlelikde ýazyjynyň her sözünden soň el çarpmalar ýaňlanyberýär. El çarpyşmany mugallymlaryň arasynda oturan depekel bir adam başlaýar we hemme goýanynda-da ol goýmaýar. Ýaşuly sözüni dowam edýär: - Bagtly döwürde ýaşadym, döretdim. Romanlar, powestler ýazdym. El çarpmalar. - Akademik boldum. El çarpmalar. - Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine saýlandym. El çarpmalar. Ýazyjy seretse, el çarpmany guraýan ýene ýaňky kel adam eken. - Men, mundan otuz ýyl öň ine, şu, Rigistanda bolup geçen taryhy wakalaryň diri şaýady, men. El çarpmalar. - Ine ed-dil şu ýerde emir maňa ýetmiş bäş taýak urduran. Ýaňky kel adatdaky ýaly ýene çapak çalyp goýberýär. Ýazyjynyň muňa gaty gahary gelip, şol adama seredip: - Emma hiç haçan sebäpsiz çapak çalan däldirin! - diýýär Gülki sesleri zaly sandyradýar. • "ÇUŽIT” Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Samarkant şäherinde döredijilik intelligensiýalarynyň ýygnagy geçirilýär. Ýygnaga meşhur alymlar, ýolbaşçylar, döredijilik adamlary gatnaşýar. Rus alymlarynyň biri sýužet we kompozisiýa barada uzyndan-uzyn leksiýa okaýar. Rus dilinde okalan leksiýadan hiç zat düşünmedik Sadreddin Aýny söz gezegini alyp, şeýle diýýär: - Hormatly alymyň leksiýasyna känbir düşünmedim. Çužit, çužit (sýužet) diýdi, ýöne men "Dohunda" we "Gullar" romanymy çužidiň nämedigini bilmän ýazypdym. Şadman ATABEG, özbek ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |