07:31 "Sag bol, Tähran!" | |
"SAG BOL, TÄHRAN!"
Publisistika
Dünýä zalymlaryñ geñsi namart oýunlaryny başdan geçirýär. Eýran bilen Ysraýylyñ arasyndaky dartgynlylyk doly we öñünden meýilleşdirilen garpyşyk. Bärde düýp maksat Ysraýylyñ Palestinada edýän genosidini we eden uruş jenaýatyny ikinji orna düşürip üstüni örtmek. Ysraýyly "ganojak" statusyndan aýryp, kanuny kanuny döwlet formasyna getirmek. Munuñ özi barypýatan kabul etme (восприятие) operasiýasy. Meýilnama islenişi ýaly amala aşdy. Ysraýyla bütin dünýäde "çagalaryñ gandary" diýip protest bildirilip durka, bir demde Eýranyñ gözlük üçin eden hüjümi bilen "jebir çekeniñ" oturgyjyna oturdyldy. Oýun uludan gidýär. Ýakyn Gündogarda ysraýyl giñelmelerine Eýranyñ hyzmatkär edilen meýilnamasyna şaýatlyk edýäris. Bulary maña düýn gepleşen amerikan strategistim aýtdy. Aşagyna ikirjiñlenmän golumy çekip biljek açyk-aýdyñ düşündirişim. Oýnuñ guralyşy setirleriñ arasyndan syrygyşyp durandyr şonsuzam. Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasy hüjüme başlanda bildiriş bilen çykyş etdi. Bildirişde "Terrorçy amerikan hökümeti Eýranyñ bähbitlerine zyýan ýetirjek haýsydyr bir goldawyñ we goşulmanyñ Eýranyñ Ýaragly Güýçleriniñ kararly we puşman etdiriji garşylygy bilen tamamlanjakdyr" diýilýärdi. Ýagny, Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasy amerikan hökümetini aç-açan "terrorçy" diýip yglan edýärdi. Ynanar ýaly däl. Yzyndan Eýranyñ Daşary işler ministri Abdyllahiýan sosial mediýa hasabyndan beýanat berip: "Ysraýyla hüjüm etmezden öñ ABŞ-ny habarly etdik" diýýärdi. Hamana habarly edip, "ähli taýýarlygyñyzy görüñ, agam" diýýän ýalydy. Bu nähili beýle bolýar? ABŞ hem alan bu maglumaty arkaly kenara ýanap goýan uçar gämisi bilen ýüzlerçe drony guş awlaýan ýaly awlap, Tährana minnetdarlygyny bildirýärdi. Ýagdaý edil "Sag bol, Tähran!" diýýän ýalydy. Geçmişde şuña meñzeş mysallary köp görüpdik. Hatda Tramp "Eýranly general Kasym Süleýmanyny öldürenimizde Tähran hökümeti bize jañ edip, abraýymyza şikes ýetmez ýaly "Bizem formal taýdanam bolsa bir zatlar etmeli bolarys. Amerikan bazasyna raketa goýberjekdiris, eşitmedim diýmäñ. Ýöne eger walla raketalarymyz bazañyzyñ üstüne düşmez" diýip söz berendiklerini aýdýardy. Tramp bulary aýdanda otuz iki dişini syrtardyp gülýärdi. "Al gülüm, ber gülümli" ýagdaýlar öññin agşam ýene bir gezek bolup geçdi. Ysraýyl bilen Eýran ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogary dizaýn etmek, dünýäni öz tarapyna çekmek üçin ulanýan oýnawaçlarydyr. Bütin ýewropa ýurtlarynyñ paýtagtlarynda halk köpçüligi köçä çykyp, hökümetleri Ysraýyla garşy durmaga mejbur edýärdiler. "Tel-Awiwe edilýän ýarag kömegi togtadylsyn" diýip çagyryş edýärdiler. Hökümetler genoside ýardam etmekde, uruş jenaýatyna şärik bolmakda aýyplanýardy. Salymyny bermän ýewropaly liderler bu öñünden meýilleşdirilen hadysanyñ üstüne çeññek zyñyp, Eýrany gazaply ýazgardylar, "Biz Ysraýylyñ tarapynda" diýip, uludan demlerini aldylar. Jemgyýetçiligiñ basyşyndan ýadan ABŞ hem bu soñky oýun bilen rahatlandy. Indi hiç kimse "Ysraýyla näme üçin çäklendirilmedik ýarag ugradyp, çagalaryñ gyrylmagyna şärik bolýarsyñyz" diýip biljek däldi. Ýagdaýlar "Ýaşasyn Eýran, hernä sen bar ekeniñe" öwrüldi. Palestin genosidi üçin indi ýakalaryny açyp, tonna-tonna bombany ugradyp biljekdiler. Genosidi kanunylaşdyrmagyñ, dünýä jemgyýetçiliginiñ başyny-gözüni aýlamagyñ iñ ajap ýoly Eýran ýaly ulanmaga amatly hakynatutmanyñ saýasynda amala aşyp bilerdi. Ysraýyl Palestinada gan döküp ýörkä gaýa-gopuz ýok ýerden hiç bir bahanasyz Siriýany we onuñ paýtagtyny istrebiteller bilen bombalaýardy. Hiç kim "nämüçin beýdýärkä" diýenok, derñejegem bolanok. Düşünýänem ýok. Siriýanyñ çägine günortadan girip, özüne täze çäkleri açmaly we PKK bilen güýç birikdirmeli. Göz öñüne tutulan maksat şu. ABŞ Siriýadaky PKK-ny Ysraýyla tabşyryp: "Eýrana garşy Tel-Awiwe kömek ederler" diýse gerek. Şeýdibem bütin dünýäde PKK kanunylaşmaly. Emma onuñ ulanylýan ugry Türkiýä garşy bolar. Sionizmiñ bir parçasy bolan "Netflix" kanalynda berilýän täze serialda Siriýa PKK-syna degişli aýal militanyñ BMG-nyñ liderler ýygnagynda "Dünýäni halas etjek gahryman" yglan edilip, doly ygtyýarlyk bilen liderleriñ üstünden "karar çykaryjy" hökmünde tanadylandygyny öñ size aýdyp beripdim. Eýýäm kinofilmler bilen "PKK täze döwürde sionizm basybalyjylygynyñ taşerony bolar" pikirini añlara guýup başladylar. Eýranam sionizmiñ barmen eşigi geýdirilen oýnatgysy bolup garşymyza çykýar. Wahhabist "El-Kaide" arkaly Owganystana, wahhabist DEAŞ (YŞYD) küregi bilenem Siriýa çozdular. Indem şaýy Eýranyñ eli bilen çaga gandary terrorçy döwlet Ysraýyly jebir çekeniñ ýagdaýyna getirip, zalymlyklaryna naçaryñ eşigini geýdirdiler. Basybalyjylykly meýilnamalaryna "Sünni Gazäni" ýuwtmagyna we Siriýa ýönelmegine ýol berdirdiler. Munuñ özi barypýatan sionistik oýun. Ysraýylyñ oýnatgysyna öwrülen we çaga gyrgynçylyklaryna şärik bolan ABŞ dünýäniñ iñ akmak sionizm ýesirine öwrüldi we ulanyldy. Ysraýyl oýnuñ parçasy hökmünde Eýranyñ konsullygyna hüjüm edip, ikisi general, ýedi adamy öldürende hiç kim ony ýazgarmaýardy. ABŞ-nyñ Goranmak ministri Lloýd Ostin hem "Ysraýyl Eýranyñ Damaskdaky konsullygyny uranda bize habar bermedi" diýip şumjarýardy. Ysraýyl gula öwrüp taşlan Amerikasyny bir gram sylamaýardy. "Men seniñ eýäñ!" diýýärdi. Ýöne hernä Eýran bar eken. Dronlary Ysraýyla uçurmazdan öñ Waşingtona jañ edip, Ysraýylyñ oýnatgysyny we guluny habarly edip, göwünlik berýärdi. Zalymlaryñ oýny kän. Emma Allanyñ oýny hökman üstün çykar. Bu zalymlar bandasynyñ oýnaýan her bir oýny, ädýän her bir ädimi Ysraýylyñ ýok bolmagyny hökman çaltlandyrjakdyr... Bekir HAZAR. bekir.hazar@takvim.com.tr "TAKVIM" gazeti, 15.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |