01:27 "Şäherli" - Nuryşkaň degişmelerinden | |
ŞÄHERLI NURYŞLAÑ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
Şäherde ýaşaýan şäherli biri, garadskoý, şäheriň alkymyndaky oba toýa geldi. Obaň adamlaram muny sadalyk bilen kabul etdiler. Oba mahsus sadalyk bilen. “Şäherden gelipdir, hää, Däd Mişamyş ady hem” diýip. Bolmasa ady Mämmet kelmi, näme ekend-ä. “Ýaman gowy, özem kulturny, arak içende dagy zakuska etmesi bolmaz, ýöne sogan bilen gönderip oturandyr” diýip. Gelen guýup berdi, gelen guýup berdi, gün günorta bolmanka neresseden “A” harp ýasadylar. Öwýä diýä gelenem “gaty kulturnydyr, galstugama bardy ýaňyja welin çagalar alandyrda”. Ýaňky turdy idenek-çomanak edip ýerinden: – Adamlar, meň-ä pastyýanny häsiýetimdirow. Şü wara, toýa gelsem, gelen ulagym bilen gidýändirin! – diýip, palçykdan suwalan ojaga girip oturan boldy. Birsalymdanam, bagşyň sesini eşidip eňdi bagşa tarap. Asyl-asyl bolup mündi teleşg-ä. Bagşyň derläp duran ýaňagyndan saldy agzy: – Bagşyjan, sesiňden aýlanaýyn! Pampazadan doýan taýharyň sesi ýaly gowy sesiň bar eken. Guý ýüz gram! Bagşylaňam gizlenip içýän wagty, bular bilen içdi “ýüzi”. Idenek çomanak düşdi mundan, eňdi toý eýesiniň üstüne. – Toýuňdan aýlanaýyn! Guý ýüz gram! Mundanam eňdi powuryň üstüne. – Powurjan, eliň ýaman süýji eken! Pylan;yň ýedisinde bişiren çorbaňdanam iýip doýup bilmedim. Guý ýüz gram! Iň soňunda muňa obaň oglanlary hormat edip, pyýada gitmesin diýip, aşagyna selme düşäp, galtakly alyp gitdiler. Goýnuň içaşyny äkiden ýaly. Üç etaž tamda ýaşaýan eken. – Nähil-ow halypa?! Ýokaryk özüň çykarmyň, ýa muňa-da ulag tapalymy? – Ýoklaý, mün diýeňizsoň münäýdimlaý – diýip, gamyşyny kakyp düşdi. Entirekläp çykdy ýokaryk. Aýalyndanam öler ýaly gorkýa. Aýalyna bildirmän gapa sim sokup, kildirewajy açyp içerik girdi. Çagalarynyň arasynda arkan düşüp ýatdy. Bäş minut geçdimi-geçmedimi, depesinden patolok inip ugrady. – Waý-eý – diýip, beýlesini bakdy welin, ýarym litr sary suw aşgazandan bokurdaga hyrk edip gelip. Egilse öňe, dikelse aşak. Iýen-içen zatlaram janyny alyp gelýä. Neresse, çyrany ýakmagy heleýinden gorkup, ýuwaşlyjak bilen stenany sypap tuwalet gözläp ugrady. Öýüň içinden. Nemeda, ýaňky üç etaž tam bolsa, mal ýatagyndan başgasy içinde bolýar. Sermenip bir gapyň üstünden bardy, bulam, bir jygyldawuk gapy. Bildirmejek boldugyça beter jygyldaýa. “Jyyyyyýk” edip zordan gapy açyldym etdi. Içine kellesini sokup gahary gelip ugrady: – Haýsy durak tuwaletda paltunny galdyryp gitdikä? Paltuny eýläk aýyrdy, düwünçekleri beýläk aýyrdy. Otuz bäş ýaşyndaky içgili pyýada, on bäş mundyň içinde ýaňky ýerden garader bolup çykdy. Dünýäsi giňänsoň, ýerine geçip hezil edip ýatdy. Ertir irden turup aýaly gargaýar: – Wah! Saňa duşan günüme nälet bolsun! Tohumyna garadyryn degen. Tabydyndan dik başşak sypan akmak. Seň, şunýalydygyňy bilen bolsam ömür bararmydym!.. Seň, şunýaly näletkerde, paňkelledigňi bilen bolsam, gelin bolup gelýäkäm şopura bildirmän yzky işikden böküp galardym!.. Äri gözüni açalak-ýumalak edip turdy: – Näm barow? Kimaý bi, meň sobstwennyý öýümde üçünji jahan urşuny turuzýan Gitler?? – Men, ýaşy kesilen! – Wiý, oglanlaň enesi senmi?! Sen bolsaň ýuwaşlyk bilen turuzyber. Näm boldy?! – Ýene içip geldiňmi? – Içemok. – Içipsiň bagtyýatan!.. – Içemok, ynanmasaň ysgap göräý. Hojadikgibaba ursun! – diýip, “üfff” etdi welin, aýaly iki taňňyr dagy gaýtardy. – Weý, içipsiň-ä bagtyýatan. Seň ysyňdan çagalar pahmelde kellesi kesilen. – Içemokhow, içemok! – Içipsiň! Içmedik bolsaň, täzeje, iki ýüz kyrk bir manada alynan, entek pulam berilmedik şifonera kim meýdan etdi ýaşy kesilen?.. Audiodan ýazga geçiren Ependi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||