02:35 Samsa çawuş | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -15:
Taryhy şahslar
▶ SAMSA ÇAWUŞ "Gurulyş. Osman" teleserialynda egnine böri kelleli möjek derisi aýlanan pişge murtly daýaw pyýada köpleriñ ünsüni çeken bolsa gerek. Ärtogrul Gazynyñ ýakyn dosty bolan bu edermen türkmen ýigidiniñ ady Samsa çawuş bolup, ol Ärtogrul beg aradan çykansoñam, esli ýyllap Osman Gazydyr onuñ ogly Orhan Gaza wepaly gulluk edipdir. Ady geçen teleserialda Samsa çawuşyñ obrazyny Ysmaýyl Hakky Ürün, "Direliş. Ärtogrul" teleserialynda bolsa Melih Özdogan janlandyrýar. Ýöne "Direliş. Ärtogrulyñ" 101-nji bölüminde Samsa alp Titan tarapyndan öldürilýär. ■ Samsa çawuş kim bolupdyr? Osmanly döwletiniñ gurulyşyna giden ýolda ilkinji ädimleri äden Ärtogrul Gazy bu ýolda özüne birgiden wepaly dost edinipdir. Ol merdana ýigitleriñ gujur-gaýraty, tutanýerliligi netijesinde türkmenleriñ gaýy boýy az wagtyñ içinde kuwwatly döwlete öwrülipdir. Taryhy çeşmeler arkaly atlary bize gelip ýeten jigitlerden iñ meşhurlary Goñur alp, Turgut alp, Akja goja, Aýkut Alp, Abdyrahman alp we Samsa çawuş dagylardyr. Samsa alp osmanly türkmen taryhynda ilkinji bolup "çawuş" çinini ulanan alpdyr. Samsa çawuşyñ maşgalasy we tiresi inegölli rumlaryñ eden-etdiliklerinden ýadansoñ Söwüdi terk edip Mudurny sebitlerine göç edýär. Ýöne olar gaýy boýuna bolan tabynlygyny saklapdyrlar. Osman beg Sarygaýa ýörişine çykanda peder dosty Samsa çawuş bilen gabatlaşýar. Çawuş Osman Gaza elinden gelen kömegini gaýgyrmandyr. Sebiti bäş barmagy ýaly bilýän Samsa çawuş iñ gysga ýollary, ol ýerleriñ gowşak nokatlaryny Osman Gaza salgy berendigi üçin ýeñiş añsatlyk bilen gazanylýar. Osman Gazy Sarygaýa ýeñşinden on ýedi ýyl geçensoñ Sakarýa ýörişine çykýar. Bu ýörişde-de Samsa çawuşyñ hyzmaty uly bolupdyr. Lefkä we Çadyrla baranlarynda her iki galanyñ tekfury-da aman diläp galanyñ açarlaryny Osman Gazynyñ eline getirip berýärler. Samsa çawuş täze eýelenen bu iki galanyñ häkimligini etmek isleýär. Emma Osman Gazy onuñ bu talabyna garşy gidipdir. Şonda ol çawuş dostuna şeýle diýipdir: - Seniñ munyñ dogry hereket däl. Eger biz boýun sunanlaryñ mal-mülküni elinden alsak, hiç kim bize ytagat etmez. Onsoñ biz dowamly urşup ýörmäge mejbur bolarys. Elbetde, Osman Gazy mährem çawuşyny-da nägile etmändir. Oña Ýenişehir sebitlerindäki bir galany berip, dostunyñ göwnüni tapypdyr. Ynha, diñe şunuñ özem Osmanly döwletiniñ nähili adalatly bolandygyny görkezýär. Aman diläp boýun sunan duşmanyñ janyny, malyny, galasyny özüne bagyşlan näçe hökümdar barka bu dünýäde?!. Samsa çawuş 1330-nji ýylda Wizantiýa bilen Osmanlynyñ arasyndaky Pelekanon meýdan söweşinden kän wagt geçmänkä aradan çykypdyr. Onuñ gabyry häzirki Türkiýäniñ Mudurna golaý Hajy Musalar obasyndadyr. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |