20:43 Saňa duşup... | |
SAŇA DUŞUP...
Goşgular
Jady diýlen zada ynanmaýardym, Nazaryňa kaklyşýança nazarym. Indi onuň ýoklugyna ynanman, Jady sensiň, eý, jadygöý gözelim! Söýgi diýlen zada ynanmaýardym, Söýgi ýodasynda gabatlaşýançam. Oňam ýoklugyna ynanman indi, Söýgi – seň özüňsiň, özüňsiň, gunçam! Bir gujak jady sen, müň gujak söýgi, Gel, bas meni, eziz müň bir gujaga. Söýgi tarlarymda saz çalan Leýli, Kalbyňdan orun ber Mejnun boljaga. Arzuwlarym eýýäm seniň ýanyňda, Arzuwlamdan galyp bilmerin menem. Bararyn-da arzuwlarmyň yzyndan, Birigeris ahyr, Geler o günem... 22. 01. 2011 ýyl | |
|
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |