14:01 Sankt-Peterburgda ýükçi bolan türkmen şahyry | |
SANKT-PETERBURGDA ÝÜKÇI BOLAN TÜRKMEN ŞAHYRY HAKDA
Oýlanmalar
Men bu ýatlama ýazgylary ýazmasamam bolardy welin, ýönekeý özüm Ors ülkesinde mysapyrlykda ýöremden soñ, hem şahyryñ ykbaly maña golaý duýuldy. Şahyr öz ýurdunda işlap ýörkä birden ýat ýurda gidip galdy. Soñ bildik, çagalaryna daşary ýurtda döwrebap bilim bermek üçin giden ekeni. Öñler radioda mylaýymlyga ýugrulan goşgularyny öz okamagynda yzygider eşidip durýardyk. Onuñ ýürekdeş sesine öwrenişip giden ekenik. Birnäçe ýyl geçenden soñ şahyr ýurduna dolandy. Horlanypdyr. Önki ýylgyryp duran ýuz-keşbinde kinaýa gatyşykly gam bardy. Ýöne şol önki hoşgylawlygy. Acylyp-açylyp gürleşdik. Durmuş öwrümleri hakda gürrüñ açanymda: - He-eý, Sylapberdi, ýaş ýigit wagtym student bolan şaherimde ýükçi bolmalam boldy- diýip ajy ýylgyrdy. Gürrüñimiziñ arasynda özüniñ Leningradda (Sankt-Peterburgda) okandygyny, şol wagt ýazan goşgularyny Newaýy diýip tahallus bilen ýazandygyny aýdypdy. Aradan wagt geçmän Şahyr dünýesini täzeledi. Ýat ýurtda agyr zähmet saglygyna zarba beren eken. Sylapberdi MUHAMOW. Moskwa 18.11.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||