20:59 Saragt Babaýew Magtymguly Pyragynyñ äpet heýkelini döreder | |
SARAGT BABAÝEW MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ ÄPET HEÝKELINI DÖREDER
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew täze esere – beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretmäge girişdi. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda oturdylar. Heýkeliň kompozisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy dörediler. Awtoryň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan ediler. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ikisine mynasyp bolan Saragt Babaýewiň döreden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň heýkelleri Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýuldy. Milli heýkeltaraşlyk mekdebiniň ussady Saragt Babaýew Daşoguzdaky Göroglynyň heýkeli, paýtagtyň Halkara aeroportunyň golaýyndaky, Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren “Oguzhan we onuň ogullary” çüwdürimler toplumy, “Ylham” seýilgähindäki tanymal ylym we medeniýet işgärleriniň heýkelleri we başga-da ençeme işleri bilen halk köpçüligi tarapyndan ykrar edildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmäge goşan goşandy we jemgyýetçilik işleri üçin şu ýyl oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Hormatly il ýaşulysy” diýlen at dakyldy. Täze heýkeliň taslamasy möçberi we özboluşlylygy bilen haýran edýär. Heýkeli taýýarlamak üçin Änewiň senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowrak ýerde geljekki ýadygärligiň gips gabarasyny taýýarlamak we soňra ony bürünçden guýmak üçin zerur tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan seh gurlar. Altmyş metrlik heýkeli döretmekde Saragta hünärmenler topary – ulaldyjylar, demir eredijiler, kebşirleýjiler, krançylar, ulag işgärleri kömek ederler. Saragt Babaýewiň aýtmagyna görä, äpet heýkeli öz güýçleri bilen guýmak karar edildi. Beýik dananyň heýkelini ýasamak üçin bir müň tonna golaý bürünç gerek bolar. #MilliGosun | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||