08:23 Sergeý Amanowiç Hümmedow | |
SERGEÝ AMANOWIÇ HÜMMEDOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
“Sergeý Aman” tahallusy (edebi lakam, psewdonim) bilen ýazýan, Sergeý Amanowiç Hümmedow, 1957-nji ýylyň 12-nji fewralynda Mary şäherinde dogulýar. Ol 1975-nji ýylda Demirýol orta hünärment mekdebini tamamlap, Leningradyň Demirýol ulag inženerleri institutyna okuwa girýär. Okuwynyň gapdaly bilen Wladimir Malyşiskiýniň ýolbaşçylygyndaky talyplar teatrynda sapaklary alýar. Möhletleýin harby gullukdan soň ol Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine okuwa girip, ony 1985-nji ýylda tamamlapdyr. Ol 1985-1987-nji ýyllarda Moskwa oblastynyň kärhana gazetlerinde we radioda işläpdir. 1987-1989-njy ýyllarda Moskwanyň hepdelik gazeti “Awto”-nyň baş redaktorynyň orunbasary; 1989-1991-nji ýyllarda Moskwadaky “Saman Garawulhanajygy” atly gazetiň baş redaktory; 1991-1993-nji ýyllarda “Arena” (öňki “Sowet Sirki”) we “Agşamky klub” gazetleriniň redaksiýalarynda dürli wezipelerde; 1993-1995-nji ýyllarda “Awtoradio” radioýaýlymynyň habarçysy; 1995-2006-njy ýyllarda “Moskwa komsomolçysy” gazetiniň habarçysy we “Menestrel” (Ozan) edebiýat rubrikasyny alypbaryjy; 2006-2009-njy ýyllarda “Diňçyrag” («Маяк») we “Russiýa Radiosy” radiýaýlymlarynda alypbaryjy, redaktor, “Ostankino” telekompaniýasynda habarçy; 2009-2014-nji ýyllarda “Agşamky Moskwa” we “Zähmet” gazetlerinde “Hat stoly” edebiýat sahypasyny alypbaryjy. Ol häzirki döwürde Moskwada ýaşaýar we güýmenje pişesi hökmünde balykçylyk bilen meşgullanýar. S.A.Hümmedow (Sergeý Aman) 1997-nji ýyldan bäri Moskwanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy. Oňa bu birleşmä agza hökmünde kabul edilmäge hödürnamany meşhur ýazyjy Fazil Iskander beripdir. Sergeý Amanyň ilkinji goşgular we aýdymlar ýygyndysy “Ykbalyň baglarynda” 1998-nji ýylda neşir edilipdir. Goşgular we kyssa eserleri jemlenen ikinji kitaby “Kül astyndaky siren” 2002-nji ýylda çap edilipdir. Ýazyjyň iň meşhur eseri “Habarçysumaklar” («Журналюги») 2013-nji ýylda çap edilipdir. Onuň häzirki döwre çenli soňky iri eseri “Hemme zat gowy bolar, biziň hemmämiz öleris” atly romany 2018-nji ýylda neşir edilipdir. • Sergeý Amanyň döredijiliginden jümleler: - Adam ýagdaýy dolandyrýandyryn öýdüp näçe köp pikir etse, ony şonça-da gowy dolandyryp bolýar. - Yşky gatnaşyklaryň köplügi – tükeniksiz ýalňyzlyk. - Söýgüde bagtly bolmak aňsat – hut söýgiň özi bagtdyr. Ýöne weli bagta eýelik etmek – gulçulykdyr. - Nika ýerine ýetirip bolmajak borçnamalar babatda özara nägilelikleriň kodeksidir. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Хуммедов,_Сергей_Аманович. 17.08.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |