04:06 Sesi hem keşbi bilen tanalan | |
SESI HEM KEŞBI BILEN TANALAN
Teatr we kino sungaty
Batyr Çaryýew 1978-nji ýylyň 26-njy iýunynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda dünýä inýär. 1999-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlaýar. 2011-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda, 2013-nji ýylda bolsa, Türkiýe Respublikasynda Teatr festiwallaryna gatnaşyp, milli sahna eserlerimizi dünýä ýaýmakda öz başarnygyny görkezýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 1999-njy ýylda okuwy tamamlap, Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň aktýory bolup işleýär. 2001-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda artist bolup işleýär. 2014-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda işläp gelýär. Esasy işiniň daşyndan hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» radioýaýlymynda zähmet çekýär. Batyr «Miras» teleradioýaýlymynda «Teatr we döwür» atly telegepleşigi hem alyp barýar. Ol ýurdumyzyň ähli teatrlarynda artistler bilen döwrüň ösüşine bagyşlanan onlaýn söhbetdeşlikleri taýýarlaýar. Onuň sahna eserlerinde janlandyran iň bir şowuna düşen täsirli keşbi Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň keşbidir. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnasynda tomaşaçylara hödürlenen bu taryhy eser Watançylygyň, edermenligiň, mertligiň nusgasy bolup ýüreklerden baky ýer aldy. Entek mekdepde okap ýören döwrümiz «Muşdaklar» atly birnäçe bölümden ybarat bolan telefilme sabyrsyzlyk bilen garaşyp tomaşa ederdik. Şol telefilmde baş gahrymanyň keşbini hem Batyr janlandyrypdy. Batyry men 2005-nji ýyldan bäri tanaýaryn. Biz onuň bilen Arçman stansiýasy diýlip atlandyrylan obadaky toýda duşuşypdyk. Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary ol toýuň iň arzyly myhmanlarydy. Men toý ýere işden soň, agşamara bardym. Gije sagat bir çene baryberipdi. Ýol sökdümi ýa-da ýadawlykmy, garaz, ukym tutýardy. Artistler Döwlet Hanmämmet, Aşyr Garaja, Haýtmyrat aga, Batyr Çary, başga-da birnäçe aktýorlar mähelleden saýlanyp, gür bagly, salkyn howaly giň howlynyň içinde sekiniň üstünde jaýlaşykly ornaşypdylar. Toýuň şatlyk-şowhuny al-asmana galýardy. Artistler müň öwüşginli degişmeleri bilen, aýdym aýdyp, ýomak atyşyp, ala-ýazdylar. Meniň şol gezekki ýaly gülüp hezil eden ýerim ýok bolsa gerek. Eňeklerimize ýazylmaga maý berenokdylar. Batyr olaryň arasynda ýaşyragydy. Gepe-gürrüňe goşulyp, degşip-gülüşdirjek bolup jan edýärdi. Ondan üç ýyl geçensoň, biz Batyr bilen bir filmde surata düşdük. Ol kiçiräjik sahnalarda iki agyz söz aýdyp, ýylp edip, soňam ýitip gidýärdi. Şol döwürler onuň teatryň sahnasynda döreden keşplerinden hem gaty bir göwnüm suw içibermeýärdi. Ýyllar geçdi. Batyr tejribe toplady, taplandy. Men onuň sesini aram-aram radio tolkunlarynda diňläp başladym. Onuň sesi meniň gulagyma hoş ýakyp başlady. Ol taryhy wakalary howlukman, düşnükli beýan ediş täsirliligi bilen tapawutlanýardy. Onuň degişme äheňindäki keşplerinden, taryhy çykyşlary agramly gelýärdi. Bir günem halypam Baýram Abdyllaýewiň «Ýegşerme goşa, Ýegşerme!» atly spektakly sahnalaşdyryldy. Onda Batyr baş keşpleriň birini janlandyryp, komiki häsiýet bilen gaharjaň häsiýeti garyp-gatyp bir geňsi keşbi janlandyrdy. Bu gezek men ol, güldürse, güldüm, gynandyrsa, gynandym. Spektaklyň dowamynda begenjimizi, gynanjymyzy deň paýlaşdyk. Meniň özüm hem «Bahar nagmalary» atly çeper publisistik filmi surata düşürenimde, Batyr Çaryny çagyryp sesini ýazdym. Ol, teksti şekil bilen bile biten ýaly edip okap berdi. 2016-njy ýyldan bäri bu film ýaz paslynyň ilkinji buşlukçysy bolup teleýaýlymda goýberilýär. Indi biz, Batyr bilen işdeş hem bolduk. Häli-şindi bir edaradan girip-çykamyzsoň, tiz-tizden didarlaşyp durýarys. Arada nesibämiz çekip ikimize hem Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Olimpiýa şäherçesinden ýaşaýyş jaýy berildi. Ynha, indi biz Batyr bilen goňşam bolduk oturyberdik. Daş-töweregiňi öz pikirdeşleriň, döredijilik hyzmatdaşlaryň gurşap almagy, üýtgeşik, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk ahyryn. Islän wagtyň birek-biregiňkä myhmançylyga baryp, pikir alşyp bolýar. Batyr Türkmen döwlet medeniýet institutyny bizden öňräk tamamlapdy. Ol halypa Nurmuhammet Keşşikowyň elinde aktýorçylyk ussatlygy dersinden tälim alypdyr. N.Keşşikowyň 75 ýaşy mynasybetli film taýýarlanymda halypa köne arhiw materiallaryny getirip beripdi. Olaryň içinde Batyryň diplom işiniň taýýarlyk pursatlary hem bar eken. Ol baş gahrymanyň keşbini janlandyrýardy. Meni onuň ussatlarça syçrap, edil atylan ok ýaly iki tarapa okdurylyp, sahnada uçaýjak bolup edýän hereketleri aňk edipdi. Nury halypanyň onda-da göwni suw içmeýärdi. Tä myžžyk suw bolýançalar bolanok diýip, gaýta-gaýta taýýarlyk geçýärdiler. Batyr öz ýyldaş talyplary bilen tabşyrygy aňryýany bilen ýerine ýetirjek bolup jan edýärdi. Batyr Çaryýew köp taraply adam. Bir görseň sahnada artist, bir görseň kino ekranynda artist, bir-de medeni çärelerde, birde-de telegepleşikde alypbaryjy bolup otyr. Iň esasam, onuň sesi, onda-da nähili sesi... radioýaýlymda uzak ýyllaryň dowamynda taplanan ses. Özem bir däl-de, birnäçe adamyň sesi. Onuň ýekeözi mikrofonyň başynda oturandyr welin, giden taryhy wakany janlandyryp otyr. Göroglyny diňleýäň welin, Agaýunus peri bilen Kempiriň sesinden galanynyň bary Batyr Çarynyň sesi bolup çykaýýar. Bir görseň ol Görogly beg. Bir görseň Jygaly beg. Bir görseň Kösäniň sesi, bir görseň giden mähelläniň, nökerleriň... Ýogsam şol keşpleriň her birine bir aktýor çagyryp, oňa-da birje sözlem ýa-da sözi aýtdyryp gitmeli bolsa, onda ol adamlaryň hataryndan ýaňa ýazgy studiýasynyň agzynda basara ýer galmasa gerek. Ýazgy wagty: — başla, dur – diýip, soňuna-da çykyp boljak däl. Emma Batyryň ýeke özi Alynyň ala meýdanyna mertlerçe çykyp, sungatyň bu görnüşinde edermenlik görkezýär. «Munuň özi on adama degýär-ä» diýýänlerinden-dä. Keýmir kör radiooýnuny diňläniňde-de şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Batyr edebi esasyň içine çümüp, döredýän keşplerinde ýaşaýar hem seni şol döwrüň wakalaryna sary atarýar. Durkuň bilen gulaga öwrülip dykgat bilen diňleýärsiň. Bir gezek Çarymyrat Garahanyň Gökdepe galasynyň edermen, mert ýigidi, gahrymany Gara batyra bagyşlap ýazan hekaýasyny Batyr Çaryýewiň okamagynda awtoulagda barýarkam diňläpdim. Daşarda-da ýagyş guýýardy. Öýe ýetdim. Emma öýe girip bilmedim. Gir-dä, girip bilseň! Men asla radiodan aýrylyp bilmesem nätjek. Çagalaram öýüň äpişgesinden gelendigimi görüp, ellerini bulaýlap öýe girmegime garaşýardylar. Öýe girýänçäm ýitirjek wakalaryma gynanyp, tä ol hekaýat tamam bolýança ahyryna çenli diňledim. Şondan soň men bu gepleşigi taýýarlaýan Atamyrat Gökow, Ýazjemal Ýaýlymowa, Dürsoltan gelneje dagy bilen tanşyp, olardan öňki soňky şeýle täsirli, gyzykly wakalara baý taryhy eserleriň ýazgylaryny alyp, diňläp başladym. Kähalatda halypalarym ýadyma düşüp içim gysýar. Olary göresim gelýär. Olar bilen bagly pursatlaryň ýadymda galanlaryny, başardygymdan kagyz ýüzüne geçirýärin. Ýazgylarymyň käbiri gazet-žurnallara çap edilýär. Halypalaryň egindeşleriniň, dogan-garyndaşlarynyň makalalary okap, aýdýan pikirlerini diňleýärin. Ol makalalar boýunça «Miras» radioýaýlymynyň döredijilik topary tarapyndan ýörite radiogepleşikler taýýarlanylyp, halk köpçüligine berilýär. Bir günem Batyr meniň halypam Baýram Abdyllaýew hakyndaky makalamy okapdy. Radiogepleşigi diňläp, esli wagtlap täsirinden çykyp bilmedim. Öz ýazan zadymy özümem şeýle täsirli okap başarmazdym... Özüm kino görmegi halamsoň, radio diýilýän zada öňler gaty bir ähmiýet bermeýärdim. Sebäbi radionyň işi diňe ses bilen bagly. Ol şekil ýaly çylşyrymly däldir öýdýärdim. Men ýalňyşan ekenim. Radiodaky gürleýän ussat bolanda, edil kino görüp oturan ýaly, wakalar göz öňüňde örboýuna galyp, kitap okap çykanyň duýgusy deý duýga baý sungat emele gelýän ekeni. Halypany ýatlap ýazan şol makalam üçin, radiodiňleýjilerden yzyny üzmän jaňlar gelerdi. «Berekella, halypany tirsegine galdyrdyň!» diýen ýaly sözler meni ganatlandyrýardy. Munuň esasy sebäbi bolsa, Batyr Çarynyň sesindedi. Ol halypalary mäkäm tanansoň, onuň özi hem olara şägirt bolup ellerinde okansoň, halypalaryň her haýsynyň edil özi bolup, her bir şahsyýetiň sesini ynandyryjy janlandyrardy. Onuň yzysüre «Üç dünýäniň arasy» atly Baba, Kerim, Annan Annanow, Şyhmyrat Annamyradow, Nurmuhammet Keşşikow, Gülsoltan Gylyjowa, Nurýagdy Şamuhammedow, Orazmyrat Gummadow, Halmämmet Kakabaýew, Annamyrat Saparmuhammedow dagybilen bagly ýatlamalarymy okap halka ýetirdik. Olaryň hem edil özleri bolup, sözme-söz çintgäp ýerine ýetirdi. Batyr işine şeýle bir içgin çemeleşýär. Ilki makalany ýany bilen alyp gidýär. Göz eleginden geçirýär. Soňra ýüreginiň süzgüjinden geçirýär. Aňyna möhür basylan ýaly beýnisine ornaşdyrýar. Düşünmedik ýeri bolsa, gaýta-gaýta soraýar. Göwni suw içmedik ýeri bolsa: — Bagyşla, inim! Şujagaz ýerini böküpjik geçäýsek, birhiliräk bolaýmaz-da? – diýip, hoşamaýlyk bilen göwnüňe degmejek ýagdaýda seresaplylyk bilen ýüzlenýär. Saňa bolsa ylalaşyp, baş atmakdan başga zat galmaýar. Ol seni hemişe goldaýar, saňa hem aňryýany bilen düşünýär. Ýazylan zatlara gaty içgin çemeleşýär. Tekstiň täsirini artdyrmagyň tärlerini agtarýar. Ol öz döwrüniň sesine ses goşup, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren her bir eşretli gününiň waspçysy bolup, edil sereň baglykda bilbiliň hoş owazy bilen radioýaýlym arkaly halkyna her gün täze hoş habaryň buşlukçysy bolup çykyş edýär. Onuň sesine il arasynda hem uly baha berýärler. Bir gezek kiçi inimi öýerenimizde Aman aga diýen bir garyndaş ýaşulymyz: — Toýda Batyr Çary bolmasa, barjak däldirin – diýdi. Men Aman aga söz berdim. Batyra haýyş etdim. Ol, elbetde, çakylygy kabul edip toýa gatnaşdy. Aman aga Batyryň elini gysyp: — Batyrjan, seniň sesiň gurbany bolsam! Men her gepleşigiňe gözümi dikip garaşýaryn. Ýaşyň segsenden aşansoň bar güýmenjäň radio bolaýýan ekeni. Seniň okan hekaýalaryňy, taryhy wakalaryňy, şu günüň ýeten derejeleri baradaky gyzykly gürrüňleriňi diňläp heziller edäýýän. Özüňi görüp, bir eliňden gysyp sagbolsun aýtmanyň arzuwyndadym. Sylap gelipsiň, Taňryýalkasyn, inim! – diýdi. Dogrudanam, Batyr özünden öňki ussatlaryň ýoluny dogry we dürs dowam edýär. Ol özi üçin Juma Ýazmyrat, Baýram Geldimyrat, Aman Baýramberdi, Geldi Bäşi, Ata Alowow, Çary Işangulyýew, Setdar Abdyýew, Aşyr Gurbanow ýaly öz döwrüniň ýakymly diktorlarynyň gurup giden berk binýadyny sarsdyrman, özünden soňky nesillere geçirmegi parz hasaplaýar. Emma, bu ýoly mynasyp dowam etjek zehinler hemişe seýrek bolýar. Elbetde, Baty Çarynyň hem töwereginde Guwanç Allanazarow, Ahmet Ýazmämmedow, Kerwen Gurbanmuhammedow, Täçmyrat Nuraýew ýaly şägirtleriň üýşüp başlany hakykat. Emma olara entek ussatlaryň yzyny eýermek üçin köpräk çorba sowatmak gerek. Ol öz halypalaryna diýseň uly hormat goýýar. Her gezek täze radiogepleşigi ýaýlyma gidensoň, onuň bilen görüşenimizde: — Ýagmyrjan, inim, sen ýazmagyňy dowam et! Men heziller edip okaýandyryn. Bu sogap iş. Halypalar dünýeden gaýdansoň olary unutmaly däldiris. Biz şägirtleriň borjy öz halypalarymyzyň medeniýeti, sungaty ösdürmekde goşan goşantlaryny halka ýaýmak we olaryň atlaryny ebedileşdirip, taryhyň sahypalaryna ýerleşdirmekdir. Çünki biz bu ägirtleri gözümiz bilen gördük. Geljekki nesil olary tanamalydyr. Sen Muhammet Söýünhanow, Kakow Orazsähedow, Çary Işangulyýew dagylar hakda-da ýazsana! – diýip, diňe bir ýazylan zatlary okap çykmak bilen çäklenmän, degerli maslahatyny hem berip, öz goşandyny goşýar. Häzirki başy dik gujurly-gaýratly, ömrüni döredijilige bagyş eden ynsanlary bolsa, has-da galkyndyryp, ýaşlaryny uzaltmalydyrys – diýip, ýazylmaga mynasyp sungat ussatlarynyň köpdügini, wagtyň bolsa azdygyny ýatladýar. Ýagmyr TÜRŞEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |