10:23 Sesler | |
SESLER
Sözler
Argentinaly şahyr (1886-1968) Antonio Porkýanyň poeziýasy "pikirleriň özboluşły owazydyr" Onuň zygyrlary iññän gysgalygy, haýsydyr bir edebi usullardan hem ölçeglerden halasdygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň özi şeýle goşgularyny gosgy dal. de, sesler diýip atlandyrypdyr. Belki, olara "seslere bürenen pikirler" diyseň, has dogry bolardy. Awtoryň "Sesleri" ilkinji gezek Argentinada geçen asyryň 40-njy ýyllarynda neşir edilýär. 1949. njy ýylda bolsa, ol Fransiýada, 1969-njy ýylda iñlis dilinde ABŞ-da okyjylar köpçüligine yetirilýär. * * * Ýatlama-bakylygyň bölejigi. Ähli gapyny açan olaryň hemmesini ýapybam biler. Meniň pikirlerimiň ählisi bitewi bir zat. Sebäbi men hiç haçan pikirlenmämi goýmadym. Ony görüp durkamam, ol maña kördür öýdýär. Käte gije hiç zat görmezlik üçin çyra ýakýaryn. Ähli zat amala asyrylansoñ, hatda säherem gussaly görünýär. Özüniñ gülkünçdigini bilen adam gülmeýär. Hudaý adama köp zat beripdir, ýöne adam adamdanam bir zatlar hantama. Seniň bar zadyny bagyñ edeniñe hiç kim düşünmeýär. Gayta, ýene eçileriñe garaşýarlar. Eger Günüñ seyregem bolsa, özüme seredýänine ynanmaýan bolsadym, onda menem oña seretmezdim. Öz galdyran dagym ýykylmazlyk üçin menden çage zerrejigini soraýar. Meniň ýakynymda diñe alyslyklar bar. Onuň gözleriniň ýalkymy öçende hatda menem tümlügi gördüm. Kemçilikleriňi peýdalanmazlyk olaryň ýokdugyny aňlatmaýar. Her gezek oýananymda hiç zada öwrülmegiň juda ýönekeýdigine düşünýän. Ýüregim agyrýar. Yöne ol agyrmal-a däldi. Sebäbi ol meniň bilenem, özi üçinem ýaşanok. Hiç kim öz-özüne Gün bolup bilmez, hatda Günem. Uly ýürek sähel zada pürepür bolýar. Her bir oýunjagyň döwülmäge haky bardyr. Göni ýol diñe bir aralygy däl, ömrüñem gysgaldýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |