21:42 Seýit Nejepi | |
SEÝIT NEJEPI
Taryhy şahslar
Güneşli diýarymyzyñ her künjegi geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetleriñ kümmetlerinden doly. Beýik ussat Mehmet Akif Ersoýyñ: Basan ýerleriñi toprak diýip geçme, tana, Pikir ber, astynda müñlerçe kepensiz ýatana! ~ diýşi ýaly, watanymyzyñ her garyş topragyna merdana ata-babalarymyzyñ ruhy siñendir. Balkan welaýatynyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ Hojagala obasynda ýerleşen Seýit Nejepiniñ kümmeti hem geçmişe yşyk tutýan şeýle taryhy mekanlaryñ biridir. Geliñ, Seýit Nejepi barada elimizde bar bolan ujypsyzja maglumatymyzy bilelikde okalyñ. • Seýit Nejepi kim bolupdyr? Seýit Nejepiniñ doglan we aradan çykan ýyly barada häzirlikçe anyk taryhy maglumatlar ýok. Ýöne Seýit Nejepiniñ guburynyñ üstündäki plitanyñ ýüzünde ýazylan ýazgyda 1726-1727-nji ýyllar görkezilipdir. Bir anyk maglumat bar, olam; Seýit Nejepiniñ asly Yragyñ Nejep şäherinden bolupdyr. Şonuñ üçin ol Nejepi lakamyny göteripdir. Seýit hem onuñ öz ady däl bolmaly. Sebäbi Pygamber neslinden bolanlara seýitler diýilýär. Seýit Nejepiniñ asly bolsa Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) gyzy Hezreti Patma (r.a) bilen Hezreti Alynyñ (r.a) nikasyndan bolan nesillere çenli baryp uzaýar. Seýit Nejepiniñ Seýit Jemaleddin we Seýit Büzrük atly doganlary bolupdyr. Seýit Jemaleddiniñ guburynyñ Ahal welaýatynyñ Ak bugdaý etrabynyñ çägindedigini köpiñiz bilýän bolsañyz gerek. Seýit Büzrük bolsa Eýranda jaýlanypdyr. Nohur hojalarynyñ asly şu üç dogandan ýaýrandyr. Şeýle hem Eýran hojalary-da özleriniñ Seýit Nejepiden gelýändigine ynanýarlar. Seýit Nejepiniñ aýagujunda ýene bir gubur bar. Ol Naky hojanyñ mazarydyr. Nohurda tanalýan Gurbanmyrat hoja Naky hojanyñ ogludyr. Kümmetiñ golaýynda başga-da guburlar bar. Ol guburlar Seýit Nejepiniñ öz ýakynlary bolmaly. Wagtyñ geçmegi bilen Seýit Nejepiniñ gubury Hojagala obasynyñ gonamçylygynyñ gonambaşysyna öwrülip gidipdir. Kümmet barada aýdanymyzda ol gurluşy boýunça we ýer asty tabydyñ gümmezlerine esaslananda bu öwlüýäniñ XVI-XVII asyrlara degişlidigini çak etse bolýar. Emma bu barada hem hiç hili taryhy maglumat saklanyp galmandyr. Seýit Nejepiniñ we onuñ ýakynlarynyñ açyk agaç tabytda jaýlanylmagy orta asyr türkmen däplerine mahsus bolmandygyny görkezýär. Bu bolsa hojalaryñ ata-babalarynyñ Türkmenistana soñ göçüp gelendiginiñ ýene bir delilidir. Kümmetiñ aşak ýüzünde öwlüýä zyýarata gelýänler we sadaka berjekler üçin diýseñ gowy şertler döredilipdir. Zyýaratçylar üçin gurlan giñ zally otaglar, beýleki şertler, sadaka üçin bejerilen howluda ýylyñ dört paslynda akyp duran durnagöz çeşme... Belli şahyrymyz Allaýar Çüriýew bu zyýaratgähe we ony abatlan Polat ussa bagyşlap şeýle goşgusyny ýazypdyr: Hojagala. Sumbar derýaň kenary, Beýik Seýit Nejepiniň gubury. Orta asyrlardan galan ýadygär, Giden müňýyllykdan berýär habary. Il içinde uly onuň kyssasy, Zyýarata gelse – sagdyr hassasy. «Kim?» diýip, oýladym onuň ussasy, Asyrlarda haýyr-sahawaty bar. Asyrlaryň şatysyna döz gelip, Ýel-ýagmyra gitmedi ol toz alyp. Bir durkuny saklap bildi özgerip, Munda beýik hojaň keramaty bar. Beýiklige tagzym etmek lazymdyr, Baryp görmek kalbymdaky ýazymdyr. Dagdan öwsen şemal mukam-sazymdyr, Gudraty keremiň alamaty bar. Bir ýigit görmüşem «Ussa!» diýdiler, «Gaýraty bar dokuz esse» diýdiler, Serenjam berşi «gül desse» diýdiler, Gadymy senediň dowamaty bar. Oýlandym başynda pany hakynda, Gadymy geçmişim – köne hakynda, Gürleşesim geldi dana hakynda, Onuň dertlerime delalaty bar. Ynsan ýagşylygy bilen ynsandyr, Ýagşylygy bolmasa ol bir sandyr. «Ussa Polat» diýseň iller tanýandyr, Howandar ol hoja, hemaýaty bar. Baharlarda bahar ýagşy owadan, Sähralarda säher nagşy owadan. Diýdim: «Ussaň salan nagşy owadan!», Seýit Nejepide salamaty bar. Bu makalany okanlaryñ her birine Seýit Nejepiniñ taryhy kümmetine zyýarat etmek miýesser etsin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |