11:18 Siriýa harap boldy: "Çadyr ýok, kömek ýok, hiç zat ýok" | |
SIRIÝA HARAP BOLDY: "ÇADYR ÝOK, KÖMEK ÝOK, HIÇ ZAT ÝOK"
Publisistika
Ebu Ala iki çagasyny ýere duwlady. Çadyrlar Siriýanyñ we Türkiýäniñ arasyndaky serhet diwaryna şeýle bir ýakyn welin, eliñi uzatsañ diwara degäýjek ýaly bolup dur. Siriýa tarapdaky çadyrlarda ýaşaýanlar ýurtda on ýyldan gowrak wagt dowam eden graždanlyk urşy zerarly öýlerinden jyda düşenlerem, ýer yranmasyndan ölmän galanlaram bar. Siriýada betbagtlyklar üst-üste geldi. Döwletara çäkleri piñine-de almaýan ýer yranmasy iki ýurtda-da uly weýrançylyklara sebäp boldy. Emma döwletara haýyr-sahawat işlerine gözegçilik nokatlary uly zarba urýar. Türkiýede agyr maşynlar bilen müñlerçe halas ediş işgäri, paramedikler, halas ediş itleri köçeleri doldurdy we häzirem ölmän galanlary gözleýärler. Emma oppozisiýanyñ golastyndaky demirgazyk-günbatar Siriýanyñ şu sebitinde bularyñ birem ýok. "Tiz kömek" sirenalarynyñ dañ atýança eşidilýän, buldozerleriñ 24 sagatlap betonlary galdyrýan Antakýadaky kömekçi güýçleriñ arasynda dört günümi geçirenden soñ Siriýa tarapa geçdim. Siriýanyñ Idlib etrabyndaky Bsaniýa obasynyñ zeýtunlyklarynda galapyn ümsümlik höküm sürýär. Bu serhet ýakasyndaky öýler täze gurlan eken. Häzir olaryñ ýüzden gowragy ýykylypdyr, çagyl we ak tozana öwrülip ýatyr. Obanyñ abat galan ýerlerinde aýlanyp ýörkäm, harabalygyñ arasyndaky boşluk ünsümi çekdi. Arasynda doly abat galan, gülgüne faýansly hammam bardy. Ýer yranmasy Ebu Alanyñ öýüni ýuwutdy we iki çagasynyñ ölümine sebäp boldy. Bsaniýa kiçijigem bolsa, ösüp barýan obady. Ebu Ala üýşüp ýatan daş-kesege ümläp: - Dynç alýan otagyñ şu taýdady, bu ýeri meniñ öýüm. Aýalym, gyzym we men şu taýda uklap ýatyrdyk. 15 ýaşyndaky Wala otagyñ bir burçunda balkona golaý ýerde ýatyrdy. Ony buldozer bilen zordan tapdyk. Menem ony elim bilen äkidip ýere duwladym - diýýär. Ýañçy sarsgynlar (awtoşok) depäni lerzana getiren wagty Ebu Ala bilen aýaly garañkylykda zeýtun agaçlarynyñ arasyna siñipdir. Oppozisionerlere degişli ýerlerde işleýän, "Ak kaskalylar" diýibem tanalýan Siriýanyñ Raýat Goranyş güýçleri ellerindäki teşedir pil bilen jan aýaman işleýärler. Iñlis hökümetinden pul kömegini alýan halas ediş toparlarynyñ hemmetaraplaýyn taýýarlykly gözleg-halas ediş işgäri ýok. Ebu Ala 13 ýaşlyja ogly Alany tapmak üçin jan çekilişini gürrüñ berende gözýaşlaryna erk edip bilmeýär. Ol: - Ertesi güne çenli gazmagymyzy dowam etdirdik. Alla ol adamlara güýç-kuwwat bersin. Balajygymy çykarmak üçin müñ bir kynçylyk çekdiler - diýýär. Ebu Ala oguljygyny uýasynyñ ýanynda jaýlady. Bsaniýada kän zat bolmasa-da, balkonlary Siriýa we Türkiýä bakyp duran seteran jaýlar bardy. Ebu Ala obanyñ ösen oba bolandygyny aýdýar. Ol: - Goñşularymyzam gowudy, uçursyz gowy adamlardy. Barsy pahyr boldy - diýýär. Ebu Ala örän takwa adam. Görgüli indi alaçsyzlykdan ýaña nätjegini bilenok. - Men indi näme ederkäm? - diýýär. - Hiç zat ýok, çadyr ýok, kömek ýok, hiç zat. Allanyñ merhemetinden başga hiç zat almadyk şindize deñiç. Bärde indi köçelerde aýlanyp ýörmekden başga edere işim galmady. Biz onuñ ýanyndan aýrylanda menden çadyr bar bolsa bermegi sorady. Ýöne biziñ ýanymyzda-da oña berere zat ýokdy. "Ak kaskalylar" bilen görüşdim. Olary ýer yranmasynda diri galanlary gözläp ýörkäler taparyn öýtdüm. Ýöne indi juda giç. Ysmaýyl el-Abdylla alnyp barylýan işlerdenem, dünýäniñ siriýa halkyny görmezlige salmagy hökmünde gören ýagdaýyndanam ynjalyksyz. Halkara jemgyýetçiligiñ eli ganlydygyny aýdýar. - 120 sagat geçenden soñ ölmän galanlary gözlemegi goýbolsun etdik. Adamlary halas etmek üçin elimizden geleni etdik, ýöne oñarmadyk. Hiç kim bizi diñlemedi. Biz eýýäm ýer yranan sagadynda gyssagly kömege çagyrdyk. Hiç kim jogap bermedi. Bize diñe "Ýanyñyzdadyrys" diýýärlerdi, başga zat ýok. Gaty köp zada mätäçligimiz bar diýdik. Hiç kim jogap bermedi. Birküç sany ispan lukmanyndan başga Siriýanyñ bu sebitine halkara jemgyýetçiliginden hiç hili kömek gelmändir. Sebit Beşar Esadyñ hökümetine garşy göreşýän toparlaryñ merkezlerinden biri. Türkiýäniñ howandarlygynda we gözegçiligi-de bir mahallar "El-Kaide" bilen ilteşikli bolan "Heýet Tahrir el Şam"-yñ (HTŞ) elinde. HTŞ "El-Kaide" bilen aragatnaşygyny kesenem bolsa, tutuş dünýä ýurtlarynyñ bu topar bilen ýola goýlan aragatnaşygy ýok. Siriýada baran-goýan ýerlerimiz boýunça özleriniñ surata düşürilmegini islemeýän ýaragly adamlar ýolbeletlik etdi. Harem şäherçesindäki ýykan-ýumranlygy çagalar arassalap ýör. Siriýadaky graždanlyk urşunyñ üstünden geçen on ýyldan gowragyñ wagtyñ dowamynda şu sebitde ýaşaýan 1.7 million adam Esad režimine garşy çykmagyny dowam etdirýär. Bularyñ köpüsi çala başy gowşan çatmalarda we täze gurlan ýatakhanalarda ýaşaýar. Köpüsi birnäçe gezek ýaşaýan ýerlerinden jyda düşürildi. Ýagny, bärdäki ýaşaýyş ýer yranmasyndan öñem kyndy. Sebite gelýän halkara haýyr-sahawat kömekleri ujypsyz. Ýer yranmasynda jebir çekenleriñ köpüsi Siriýanyñ Amerikan medisinasy jemgyýetiniñ goldawyndaky "Bab el Hawa"-daky hassahana ýerleşdirildi. Baş lukman Faruk el-Omar bary-ýogy ýekeje ultrason enjamy bilen ýer yranmasynyñ yzysüre 350 hassany bejerendiklerini aýtdy. Lukmandan halkara kömegiñ gelip-gelmeýändigini soranymyzda, başyny aşak egdi we güldi. - Bu mesele boýunça aýdyp oturanyña degenok. Öñem aýtma kemini goýmadyk, hiç zat üýtgemedi. Adaty ýagdaýda-da ýeterlik saglygy goraýyş işgärimiz ýok. Bu ýer yranmasyndan soñ-a nähili boljagyny pikir ediberiñ. Koridoryñ añryujynda kiçijik bäbejik solunium enjamyna (kislorod berýän enjam) baglanan halda ýatyr. Muhammet Gaýýat Rejebiñ kellesinde şikesler bar we hasa bilen saralypdyr. Naşyja döşi solinium enjamynyñ saýasynda inip-galanok. Lukmanlar anyk bilmese-de, onuñ üç aýlykdygyny çaklaýar. Çagajygyñ enesi-de, atasy-da ýer yranmasynda ölüpdir we bir goñşusy garañkylykda öýüñ daş-kesekleriniñ arasynda aglap ýatyrka onuñ üstünden barypdyr. Siriýa halky birnäçe gezek ýeke galdyryldy we indi üns berilmeýänine öwrenişendiklerini aýdýarlar. Ýöne hiç ýerden kömek gelmeýänine gaharlary gelýär. Fadel Gadab Harem şäherçesinde daýzasyny we çykanyny ýitiripdir. Ol: - BMG-nyñ bary-ýogy 14 ýük awtoulagynda nädip kömek ugradarka? Biz entek bärde hiç zat alamzok. Adamlar köçelerde - diýýär. Siriýa az kömegem gelmedi, ýöne gaty köpem däl we juda gijigip geldi. Haremde halkara halas ediş toparlary bolmansoñ, harabalygy çagalar arassalap ýör. Bir adam we iki sany ýigdekçe çöken binanyñ galyndylaryny lom bilen galdyrýar. Olar haýwana berilýän iýmleri üns bilen bir odeýalyñ üstüne toplaýar. Ýaşaýyş Siriýada o diýen arzan dälem bolsa, çakdanaşa howply. Gün ýaşyp gelýärdi. Men ýola düşmelidim. Serhetden ikilenç Türkiýe tarapa geçdim we kän wagt geçmänkä "Tiz kömek" awtoulaglarynyñ, gurluşyk maşynlarynyñ, döwlet we halkara haýyr-sahawat kömekleriniñ ybyrtda-zybyrt eýläk-beýläk gatnaýan jemendesiniñ içine girdim. Türk halas ediş işgäri telefonyma sms ugradan eken. Seretsem, ol ýykylan öýüniñ astynda galan bir aýaly 132 sagatdan soñ diri çykarandygyny ýazypdyr. Men yzyma gañrylyp üstüne gijäniñ garañkylygy çöken Siriýa tarap seredenimi duýman galdym, ol ýerde edil gonamçylyga girendäki ýaly sessizlik höküm sürýär. 13.02.2023 ý. Kwentin SOMMERWIL, "BBC"-niñ Ýakyn Gündogar boýunça habarçysy, Demirgazyk Siriýa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||