19:04 Siziň pikiriňiz nähili? | |
Aýsapar Emelowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
04.04.2023 ý. • "Sen kime gerek?" ''Il-gün näme diýer?" Bu jümleler astynda köplenç gyz çagalar terbiýelenýär. Şeýle diýmek bilen gyz çagalaryň aňynda "Kimdir birine gerek bolmak" pikirini döredýärler. Durmuşda kabul etjek kararlaryny ýokarky iki jümle esasynda kabul etmeli bolýarlar. Olar öz isleglerine görä däl-de il-güne olary gowy görkezip biljek işleriň başyny tutmaly bolýarlar. Eger bir gyz aýdymçy bolmak islese, umuman sungat ugrundan gitmek islese, ejesiniň ýumrugy agzynda, beýleki eli bilen ýakasyny penjeläp "hi-iwu-u, goýaweri, sen aýdymçy bolsaň kime gerek, kim alsyn seni? Il-gün näme diýer?" diýýärler. Ýeri, näme üçin zenan durmuşda ähli ädimlerini kimdir birine gerek bolmak üçin ätmeli? Zenan näme üçin kimdir birine mätäçlik duýup, başgalara gerekli bolmak üçin ýaşamaly? ZENANA HİÇ ZAT GEREK DÄLMİ? Zenan bu dünýä näme üçin geldi, durmuşa çykmak, perzent dünýä indermek soňam ölüp gitmek üçinmi? Zenanlara "Sen kime gerek?" diýip, satlyk mal ýaly seretmeklik haçan bes edilerkä? Käbir zenanlar bar, öýüm, ilim, maşgalam, çagalarym diyip ölüp gidýärler. Özüne ýoldaş diýip ýören züwwetdiniň bolsa aýaly öldümi ga:ldymy piňinede däl. "Pylanyň gyz-a durmuşa çykyp abraýly bolup ýör" diýýärler. Abraýly bolmagy durmuşa çykmak bilen ölçemek, "Durmuşa çykan zenan—iň göreldeli zenan" diýmeklik nä derejede dogruka? Ýalňyş düşünmäň, men durmuşa çykmaklyga garşy däl. Çykmaly. Bagtly maşgala bolup bilseň oňa ýetesi zat ýok! Men, kiçilikden "Sen kime gerek?" diýip terbiýeläp, olarda "kimdir birine gerekli bolmak" duýgusyny döredip, olaryň "birden garrap hiç kime gerek däl bolup galaýmaly" diýen pikir bilen ir durmuşa çykmagyna sebäp bolup, soňam bar günäni çagalara we mekdep mugallymlaryna ýükleýän (käbir) ene-atalara garşy. Belli bir kär, hünär eýelemän, durmuş guran oglan bilen gyzlardan bolan çagalar nähili bolarka? Olaryň terbiýesi barada hiç kim pikir edenok. Bir gyz okuw okajak diýäýse "Okuw nämä gerek, okap aljak galaň ýok" diýýärler. Ene-atalaryň (käbirleriniň) bar aladasy gyzlaryny sag-aman eýesine gowşuryp başyndan sowmak. Olardan dörejek nesiller bolsa hiç kimi alada goýanok. • "Illeriň çagalary biziňkiden has gowy" Iliň çagasyna höwes bilen seredip, öz çagasyny kemsitýän ene-atalar hem ýok däl aramyzda. Hormatly Ata! Iliň çagasynyň gowy bolup, seňkiň erbet bolmagyna näme sebäp bolduka? Sen çagaň gowy bolmagy üçin näme etdiň? Näme öwretdiň? Seniň çagaň mekdepden 5-lik baha alyp gelende çagaňa "Berekella!" diýmegiň ýerine, "Ronaldo gowumy ýa Messi gowumy?" diýen "meseläni" çözmek bilen meşgul däldiňmi? Hormatly Ene! Seniň ogluň, gyzyň mekdepden hormat haty alyp gelende, çagaňa bir agyz öwgüli sözler aýdyp, ony ruhlandyrmagyň deregine "Işani bilen Ranwir bu günem duşuşmady" diýip gynanyp oturmadyňmy? Çagaňyz geljekdäki arzuwlaryny aýdanda "Goýsanaý, şondanam bir zat bo:rmy" diýip, çagaňyzyň höwesini gaçyrmadyňyzmy? Öz eliňiz bilen çagaňyzyň bar höwesini ýok edip, soňam olary başgalaryň çagalary ýaly gowy däldikleri üçin günäkärlemäge näme hakyňyz bar? Çaganyň birinji görelde alýan adamy ene-atasy bolýandyr. Oglanjyklar kakalaryna, gyzjagazlar ejelerine öýkünegen bolýarlar. Ene-atalarynyň edýän hereketlerini hökman gaýtalaýarlar! Şonuň üçin ilki siz öziňiz gowy boluň, çagalaryňyz gowulygyň, erbetligiň nämedigini durmuşdan taýak iýip däl-de, sizden öwrensin! Ajy däne şänik ekip, süýji däne miwe iýjek bolýan hormatly ene-atalar! Siz ilki özüňiz terbiýelenip, soň çaga terbiýeläň, nahaly gyşyk eken siz ahyry! • "Şondanam bir kär bolarmy?" Bizde, gyz maşgala bolsaň hökman mugallym, lukman, terbiýeçi ýa-da tikinçi bolmaly. Oglan bolsaňam hökman uly bir stolyň başyna geçmeli, biznesmen bolmaly ýa-da harby bolmaly. Göýä, başga kär, kär däl! Her kimiň ogly, gyzy, mugallym, lukman, biznesmen boljak bolsa, onda arhitektor, gurluşykçy, mehanik, elektrik, aýdymçy, artist, režissiyor, şahyr, ýazyjy, dramaturg, suratkeş, heýkeltaraş, ussa, daýhan, kitaphanaçy, arhiolog,žurnalist we başga kärleri kimler eýelemeli? Her käri eýelemek üçin, ilki ukyp, höwes gerek. Bir käre bolan söýgüsi, höwesi, ukyby bar adam şol kärde üstünliklere ýetip biler. Kärini söýmeýän adam diňe pul üçin haçana çenli işlärkä? Başarjak käriňi däl-de pully kär saýlamak adata öwrülip barýar. Muňam sebäbi ýene "Şondanam kär bolarmy, näme peýdasy bar onuň" diýýän käbir ene-atalar. (Muň ene-atalarda a:ry barmyka diýmäň. Durmuşda şaýat bolan wakalaryma esaslanyp ýazýan bulary) Şonuň üçin köp ýaşlar melanholik, durmuşdan närazy, hiç zada höwesi ýok. Sebäbi durmuşyndaky hiç zat islegine görä däl-de, ýol görkezmelere görä. Ýazsaň ýazara zat kän welin... Garaz ýalňyş we ýalňyz çagalar ösdürýäris! | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||