08:26 Oýlanma | |
OÝLANMA
Oýlanmalar
Biz ynsan, biwepalygyň miweleri. Adam ata we How enäniň ýalňyşlygynyň, puşmanlygynyň, wyždan azabynyň mirasdüşerleri biz. Şonuň üçinem bu dünýä hiç öwrenişip bilmedik. Hemişe biwepalyk etdik oňa, elbetde olam bize wepaly bolmady! Biz bu dünýä her dürli lakamlar dakdyk: "Ýalançy", "Loly"... Belki olam bize şeýle göz bilen seredýándir, kim bilýär... Ol aýbyny biziň üstümize atdy, bizem ony günäkarledik. Bir tapawudymyz: biz bu dünýä gelmegimiziň asyl sebäbini unutdyk emma dünýä unutmady. Ol bizi her gün synagdan geçirmegini dowam edýär. Ynsanyň synagy heniz jennetde wagty başlady. Gadagan edilen miwäni iýdiler. Olar dünýä jeza çekmek üçin geldimi? Synagdan geçmek üçinmi? Ynsan oglunyň synagy haçan başlady? Kabyl Abyly öldüren günümi? Bahyllyk, gysgançlyk, ýigrenç, kine, gahar-gazap we şularyň soňunda ýüze çykýan wyždan azaby, puşmanlyk... Megerem ynsan ogly bu duýgular bilen şol gün tanyşdy we hiç haçan aýrylmadylar. Olar bize-de miras galdy. Belki şonuň üçin käbir adamlar biynjalyk ýaşaýarlar. Olar özlerine nämäniň ynjalyk bermeýänini bilmän ölüp gidýärler. Ölüm sebäpleri— ýürek sanjysy. Belki ol bize miras galan wyždan azabynyň sanjysydyr, kim bilýär. A, onda söýgi bilen nähili tanyşdy ynsan ogly? Dogrysy meň bu barada hiç hili pikirim ýok. Dogrudanam nädip ilkinji sapar aşyk boldy ynsan? Pikirlenýän... Belki söýgi bize bu dünýäniň berýän lezzetleriniň biridir, olam synagyň bir bölegidir? Dogry, dünýäniň bize hödürleýän lezzetleri köp zady unutmagymyza sebäp bolýar. Ol biziň başymyzy aýlaýar. Ýöne şol lezzetler sebäpli ýitirenlerimizi yzyna aýlap bilenok. Onuñ islegem şol-da aslynda. Özüniň bize berýän lezzetleriniň ýerine biziň iň gymmatly, gadryly zatlarymyzy almak. Meselem: Ynanç, iman, ynsap, adamçylyk... Biz adamlary dürli toparlara bölýäris. Owadan, betgelşik, baý, garyp, akylly, jahyl... Ýogsam bular ynsany ynsandan tapawutlandyrmaly zatlaram däl ýaly. Ynsany tapawutlandyrmak ynsana mahsus zatmy eýsem? Biziň üçin şeýledir belki, ýogsa özümiz ýaly ynsanlaryñ döreden kanunlaryna, däp-dessurlaryna boýun egip ýaşarmydyk? Ynsan hiç haçanam bütin bolmady. Hemişe egsikdi. Oňa hiç zat ýetmedi. Hemişe has köp isledi. Nebsine gul boldy. Ine, şeýdibem dünýä gelmegimiziň asyl sebäbini unutdy. Emma dünýä unutmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |