20:24 Aý tutulmasy | |
AÝ TUTULMASY
Goşgular
![]() Gülkilerim bar gözýaşly, Agymda bar ýylgyryş. Ýüregim—daş, berdaşly, Göwnümde bar ýygralyk. Ruhumda aýralyk bar, Bedenimde yzalar, Duýgularym—terkidünýä, Umydym her gün azalar. Azaşan hyýallarym bar, Al asmana uçup barýan hemem bir egoist bar, Bu dünýeden göçüp barýan. *** Men Aýa juda meňzeş, Ýeke-ýalňyzlygym bilen, Her kime alyslygym bilen, Agraslygym bilen, Ýeňlesligim bilen, Ýylgyrşym bilen, Ol ýylgyrşyň arkasyna gizlenen tegmillerim bilen, Biraz men-menligim bilen, Men Aýa juda meňzeş, Garaňky dünýäm bilen, Ol tümligi ýagtyltýan şuglam bilen Men Aýa juda meňzeş, Güneşi ýitirmäm bilen, Zemine utulmam bilen, Tutulmam bilen... Biz birmenzeş aýry dünýä, Göýä... Ölerin men, Ölümimiz-de meňzeş bolar, Ruhum Aý deý tutular we täzeden dogar, Bedenimi zemine gurban ederin hem gara ýorganyn ýapyp üstüme, Baky uka giderin! | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |