20:36 Men-menlik /gysga hekaýa | |
MEN-MENLİK
Hekaýalar
![]() Şabadyň boýundan ýöräp gelýän men-menlige gözüm düşdi. Tüýs men-menlik diýseň men-menlik-dä. Ýüzini göge tutup, saýawanyny pyrlap, el torbasyny galgadyp, Pariž podýumlaryna çykan model ýaly gaýşaryp ýöräp gelýär. Owadanam-da ýerçeken. Bolmasa beýle men-menem bolmazdy welin... Biraz saklanyp töweregine göz aýlady. Gapdalyndan ötüp barýan adamlara göýä dünýäň eýesi ýaly seredip: "He-e-eý, adamjyklar, sala-a-am" diýip batlyrak seslenip, elini salgady. Olaryň näme diýenini diňlejegem bolmady. Suwsady öýdýän, suwly gapdaky galanja suwy içdi-de, eliniň ugruna Şabat kanalyna oklap goýberdi. Öz ýanyndan eden işine begenip, ýöräberdi. Ahyry köprä ýetip, ortasyna baryp durdy-da: "He-e-ey, Şaba-a-at, sen ulumy, men uly-y-y?" diýip gygyrdy. Içinden bir ses: "Sen uly, sen uly" diýýär. Soňam el torbasynyň içindäki ulanylan el süpürgiçleri, çeýnelen sakgyçlary, boşan kosmetika gaplaryny suwa zyňasy geldi. Şol wagt ganatlaryny kakyp sag tarapda perişdejik peýda boldy-da: —Saklan, beýtme, suwy hapalama. Han-ha ýörite zibil gutusy bar-a. Şeýtan seredip durarmy?! Şahjagazlaryny jontardyp, çep tarapdan geldi-de: —Şo samsygam diňläp dursuň-aý, zibil guty ho-o-ol aňyrda. Ýöräp nä azaryň. Zyňyber, suwdyr-da, akar gider. El torbasynda ýygnanan zibilleri suwa zyňyp, ýene ýüzüni göge tutdy-da ýoluny dowam etdi. Ýöräberdi, ýöräberdi, ýöräberdi... Men-menlik ýuwaşlyk bilen gözden gaýyp boldy. Nirä gideni belli däl. Şabat bolsa öz-özüni arassalap, pesaýlyk bilen henizem akyp dur. | |
|
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |