SLOWENIÝADA AWARLARYÑ YZLARY
Sloweniýa respublikasy Adriatik deñiziniñ ýakasynda we Italiýa, Awstriýa, Wengriýa, Horwatiýa bilen araçäkleşýän Orta Ýewropa ýurdudyr. Ýewropa we Balkan medeniýetleriniñ kesişýän ýerinde ýerleşýän bu ýurduñ meýdany 20251 km2, ilaty bolsa iki million çemesidir.
Sloweniýa taryhynda Rim, Hun, Awar, Osmanly türkmen, Awstriýa, Awstro-Wengriýa imperiýalarynyñ, Ýugoslawiýa korollygynyñ we Ýugoslawiýa Federasiýasynyñ düzüminde ýer aldy. 1991-nji ýylyñ iýul aýynda serbleriñ gözegçiligindäki ýugoslaw goşunyna garşy birnäçe gün dowam eden ýaragly çaknyşyklardan soñ Sloweniýa Ýugoslawiýa Federasiýasynyñ düzüminden çykýandygyny we doly garaşsyzlygyny yglan etdi.
Sloweniýada slowenlerden başga italýanlar, nemesler, serbler, wengerler, horwatlar, makedoniýaly emigrant türkler, kyptylar we başga-da birnäçe halkyýetler ýaşaýar. Häzir ýurduñ sosial-ykdysady, medeni we syýasy ýagdaýy diýseñ gowy.
Sloweniýa türki kowumlaryñ gelmeginiñ birnäçe asyra uzaýan taryhy bar. Baryp 380-nji ýylda ýurda hunlaryñ aralaşyp başlamagy ondan soñky döwürlerde - tä Osmanly türkmen imperiýasynyñ döwrüne çenli türki kowumlaryñ oturymly ýerleriniñ birine öwürdi.[1] Ilkibaşky döwürde beýik serkerde Atillanyñ ölümine çenli dowam eden slowen türklügi 560-njy ýyldan soñ Awar, 1408-nji ýyldan soñ Osmanly türkmenleri tarapyndan yzygiderli dowam etdi.
VI asyryñ ikinji ýarymynda Aral deñziniñ töwereklerinde ýaşap, dürli sebäpler bilen Hazar we Gara deñiziñ üsti bilen ýüzüni Ýewropa öwren hunlar 372-nji ýyldan soñ Dunaýyñ orta akymlarynyñ we Tiza derýasynyñ ýakalaryny guran täze gurlan döwletiñ harby we edara ediş merkezine öwürdiler. Olar 380-nji ýyla çenli Panoniýany, Dalmasiýany we Kupa-Sawa-Dunaý derýalarynyñ günortasyndaky ýerleri öz döwletiniñ düzümine birikdirdiler.
Goşun we döwler dolandyryş sistemasy taýdan guramaçylygy oñat bolansoñ, olaryñ häkimiýetine başga-da tire-taýpalar gelip goşuldy. Netijede başga kowumlaryñ hem gatnaşmagynda taýpa konfederasiýasy emele geldi. Hunlar taýpa konfederasiýasyna tabyn bolan käbir taýpalara soýuzdaş, käbirlerine bolsa hyzmatkär hökmünde garadylar. Olar Rim we Wizantiýa imperiýalaryny ýeñip, iki imperiýanyñ döwlet dolandyryş sistemasynyñ deregne öz düzgünlerini girizdiler. Goşunyñ we döwlet apparatynyñ daşynda galan käbir ähmiýetsiz hasaplan ýumuşlaryny soýuzdaş görlen taýpalara buýrupdyrlar. Walýuta dolanşygynda hem üýtgeşmeler girizip, Rimiñ we Wizantiýanyñ pullarynynyñ ýerine öz pullaryny dolanşyga girizipdirler.
Hunlar 372-380-nji ýyllarda Wizantiýa, 380-nji ýyldan soñ Sloweniýanyñ Emona diýen ýerine[2], Tselýe, Petowio we Postoýnanyñ üstünden, Italiýa, Alp daglaryna, Dunaý we Drawa derýalarynyñ üstünden Germaniýa, Galliýanyñ jümmüşine çenli ýöriş edipdirler. Demirgazykda Skandinawiýa, günortada Orta Ýer deñzine çenli uzalyp gidýän ümmülmez giñişlik Hun döwletiniñ tabynlygyna girýär. Hunlar Atillanyñ döwründe Russiýada Wolga, Germaniýada Reýn derýalarynyñ, Orta Ýer we Baltika deñizleriniñ arasynda kuwwatly imperiýa döredipdir. Emma Atillanyñ ölüminden birnäçe ýyl geçensoñ, 453-nji ýylda taryh sahnasyndan çekilen Hun döwletiniñ ýerine bir asyrdan soñ dörän Awar döwleti geldi.[3]
Hunlar Aziýa, Ýewropa we Balkan ýurtlarynda bütinleý täze medeniýet döretdiler, beýleki kowumlara hemme taraplaýyn täsir etdiler. Olar Sloweniýada we hökmürowanlyk süren Ýewropadyr Balkan ýarym adasynda bahasyna ýetip bolmajak arhitektura eserlerini, taryhy yzlary galdyrdylar. Bu eserleriñ birnäçesine Sloweniýanyñ Sawa derýasynyñ ýokary başlarynda gabat gelmek bolýar. Sloweniýada hunlardan galan käbir azyk, ýer-ýurt, suw atlary häzirem bar. Slowenler "bal" diýmegi añladýan "medos" hun sözüni häzir "med" görnüşinde ulanýar. (Bu söz soñra beýleki slawýan halklarynyñ diline, şol sanda rus diline-de "мед" görnüşinde geçipdir -t.b.). Ýurtda Wişnýa Gora[4] we nemesçe köne ady Haýnburg bolan häzirki Hunenburgyñ hunlardan galan toponimiki atdygy her kese mälimdir.[5] Bled kölüniñ adynyñ hem Atillanyñ dogany Bledanyñ adyndan gelýän atdygy çak edilýär.
Ýewropalylar özlerinden has öñden bolan hunlardan goşun düzme, döwleti dolandyrma tejribesini, bilimi, hususanam uruş taktikasyny, ýarag önümçiligini we başga-da birnäçe ugurda köp zat öwrendiler.
IV asyryñ ortalaryndan başlap başga bir türki taýpa bolan awarlar hem Orta Aziýadan Gara deñiziñ demirgazygyna göçüp barypdyrlar we edil hunlar ýaly olaram Dunaýyñ orta akymlarynyñ we Tiza derýasynyñ ýakasynda täze döwlet gurupdyrlar.
Awarlar bu ýerlerde öñden galan hunlardyr bulgarlar ýaly türki taýpalary we Karpat daglarynyñ arkasynda dagynyk halda ýaşap, durmuş bilen hiç hili sosial-ykdysady, medeni taýdan ýakynlygy bolmadyk, tejribesiz slawýanlary hem öz ýanlaryna alypdyrlar. Ilkibaşda kän göze ilmedigem bolsalar, 560-njy ýyldan soñ Sawa we Dunaý derýasynyñ boýlarynda Wizantiýa garşy, Lab derýasynyñ boýunda franklara garşy gurnan söweşleri ähli ünsi özlerine gönükdirdiler. Awarlar 560-803-nji ýyllar aralygynda Ýewropanyñ kesgitleýji faktory hökmünde wakalaryñ akymyny we taryhyñ ugruny üýtgetmegi başardylar. 566-567-nji ýyllarda awarlar soýuzdaşlary langobardlar bilen bile gepidleri derbi-dagyn etdiler. Söweşden soñ Srem düzlügunden daşgaryn gepidleriñ ýaşaýan ýerleriniñ barsyny özlerine tabyn edip, langobardlar bilen ýanaşyk goñşy boldular. Wizantiýa-Türk halkasynyñ arasynda galan langobardlar hökümdarlary Albion bilen bile Panoniýany taşlap, Italiýa göç etdiler.[6] Langobardlardan boşan ýerlerde ýaşaýan slawýanlar we beýleki taýpalar awar-türk häkimiýetiniñ guran taýpalar konfederasiýasyna girdiler. Şol ýyllarda awarlar Sawa we Dunaý derýalarynyñ günortasyndaky Wizantiýanyñ çäklerine-de ýygy-ýygydan çozuş gurnadylar. Bu çozuşlaryñ arasynda 582-nji ýylda bolan Sirmium söweşi-de bar. Olar özleriniñ hyzmatkärine öwrülen slawýanlar bilen bile Sloweniýa, ol ýerdenem Emona-Tselýe-Postoýna güzergähiniñ üstünden Alp daglarynyñ gündogar sebitlerine, Awstriýanyñ günorta raýonlaryna çenli aralaşdylar. Slawýanlar şol ýyllar awarlaryñ garamagynda Italiýa, Alp daglaryna, Awstriýa, Karpat daglaryna, Orta Ýer, Gara, Adriatik, Baltika, Egeý deñizleriniñ arasynda uzap gidýän ümmülmez giñişliklere köpçülikleýin göçüp başladylar. Slawýanlaryñ bu göçhä-göçlügi özbaşdak amala aşyrmaga güýç-kuwwaty-da, tejiribesi-de ýokdy. Çünki, slawýanlar Ýewropada ilkinji gezek urşan Bawar güýçleriniñ garşysynda ýeñlişe uçrapdylar, emma olar awarlardan goldaw alyp, ikinji gezek bawariýalylary çym-pytrak etmegiñ hötdesinden geldiler. Bu ýeñişiñ yzysüre awarlar slawýanlar bilen güýç birikdirip, Istranyñ üstünden geçip Italiýanyñ ýokarsyndan girdiler. Emma ol ýerde langobardlaryñ ýiti garşylygyna uçrap, Furlaniýa we Kras sebitlerine aralaşmagy goýbolsun etdiler. Edil şol wagtam slowenler awarlaryñ goldawyny alyp häzirki ýaşaýan ýerlerine ymykly ýerleşdiler.[7] Ýöne käbir sebäpler bilen Sloweniýa we Gündogar Alp daglarynyñ etegine ýerleşen slowenleriñ käbir dil, toponomastik we beýleki aýratynlyklarynda dürli tapawutly aýratynlyklar göze ilýär. 590-njy ýyldan soñ awar goldawyny alan slowenler on ýylyñ içinde Drawanyñ ýokary akymlaryndan Alp daglaryna çenli aralykda we Sawanyñ ýokarky akymlarynyñ boýunda ýerleşmäge hem-de häkimiýetlerini gurmaga mümkinçilik aldylar. Netijede gürrüñi gidýän ýerlere 150-200 müñ töweregi slowen göçüp geldi. Awar-türk döwletinde merkezi häkimiýet, goşuny dolandyrmak we raýat dolandyryş işleri türkleriñ elindedi, beýleki işleri ýerine ýetirmek olaryñ soýuzdaşlary ýa-da gullary bolan slowenlere, slawlara we beýleki taýpalara degişlidi. Awarlar känbir ynam etmeýän taýpalaryny, hususanam asly slaw(ýan) bolanlary goşunda ýaragsyz pyýada goşun birliklerine alýardylar ýa-da gul deregne ulanýardylar.
Awar-türk döwleti giñ territoriýada gurlandygy üçin käbir daglyk etraplarda, dar we kiçeñräk jülgelerde olaryñ agalygy duýlup durmady. Awarlar şolar ýaly barmasy kynrak ýerlerde çaklamrak söweşjeñ birlikleri goýmal bilen çäklendiler.[8] Şeýle garnizonlaryñ biri Koruşka welaýatynda, häzirki Wobre ady bilen tanalýan ýerde hem bolandygy çak edilýär. Wobre toponiminiñ slowen dilinde we beýleki slawýan dillerinde awarlara diýlen Obri sözünden dörändigi bellidir.[9]
593-595-nji ýyllarda Alp daglaryna ýerleşen slowenler awar türklerinden goldawyna arkalanyp, Drawa jülgesinde bawariýalylary yzly-yzyna iki gezek ýeñlişe sezewar etdiler. 599-602-nji ýyllarda türk-slowen birleşen güýçleri Italiýada we Istrada ýerleşen wizantiýa güýçlerine hüjüm etdiler.
Slowenleriñ awarlara garaşlypygy VII asyryñ birinji ýarymyna çenli dowam etdi. Şol döwürde Çehiýanyñ we Morawiýanyñ slawýanlary bileleşip Günbatar Slawýan taýpa konfederasiýasyny gurdular. Bu bileleşige Alp daglarynda we Sawanyñ deltasynda ýaşaýan slowenler hem girdi. Bileleşigiñ dolandyryş apparaty Labyñ boýlaryny, ýokary Drawanyñ we ýokary Sawanyñ boýlaryndan Furlaniýa çenli uzap gidýän ýerleri awarlara we franklara garşy gorag diwaryna öwürdi.[10]
Slowenler häzirki ýaşaýan ýerlerine awarlaryñ howandarlygy astynda bölek-büçek halda ýerleşipdiler. Olaryñ etniki gelip çykyşy barada maglumatlar juda az.
Alp daglarynyñ, Adriatik deñziniñ we Panoniýa düzlüginiñ arasyndaky ýerlerde ýaşaýan käbir taýpalar awar-türk häkimiýetiniñ garamagynda bolandygyna garamazdan, türki kowumlaryñ zannynda owaldan bar bolan hoşniýetlilikden we goldawdan peýdalanyp, dürli döwürlerde özbaşdak döwletleri gurdular. Bu döwletleriñ arasynda 623-nji ýylda gurlan Karantaniýa slowen döwleti hem bardy.[11] Slowen taryhynda Karantaniýa knýazlygy diýip ýatlanýan bu döwletiñ knýazy Sam atly hökümdardy. Karantaniýa knýazlygy slowenleriñ taryhda guran ilkinji döwletidir. Şonuñ üçin "Karantaniýa" sözi "Slowen" sözi bilen manydaş söz hasaplanýar.[12] Bu iki sözüñ biri-birine berk baglanyşmagy hasam köp Frank döwleti döwründe boldy.[13]
Knýaz Sam birnäçe wagtdan soñ Awar häkimiýetiniñ daşyna çykmagyñ hötdesinden gelip, goñşy ýurtlarynyñ ünsüni çekdi. Ol 626-629-njy ýyllarda Awgustanyñ golaýynda bawariýalylara garşy alnyp barlan uruşda üstünlik gazandy. Ondan soñ käbir goñşy kowumlaryñ we ýurtlaryñ goşunlaryny-da ýeñlişe sezewar etdi. Emma 658-nji ýylda Samyñ ölümi knýazlygyñ awarlaryñ we slowenleriñ arasynda paýlaşylmagyna sebäp boldy.[14]
660-njy ýylda Ikinji Awar kaganlygynyñ döremegi bilen täzeden güýçlenip ugran awarlar Panoniýadan Orta Ýewropa, Italiýa we Wizantiýanyñ çäklerine çozuşlar gurnadylar. Dunaýyñ üstünden Anijä we Sloweniýa, Italiýanyñ üstündenem Furlaniýa girdiler. Ýörişlere slowenler hem gatnaşypdyr. Şeýle-de bolsa, käbir slowen taýpalary agzalan ýerlere bir özleri bolubam giripdir.
705-720-nji ýyllarda slowenler Furlaniýalylara garşy uruşda ýeñlip, Beneş Sloweniýasyna ýerleşipdir. Şeýlelikde, slowenleriñ şol wagtky Adriatik kenarýakalary - Langobardiýanyñ we Alp daglarynyñ arasyna çeken araçägi häzirem öz güýjüni saklap gelýär.
660-803-nji ýylda höküm süren Ikinji Awar-türk kaganlygy döwründe awarlar Panoniýadan Italiýa, Orta Ýewropadan Wizantiýa çenli uzaýan strategiki ähmiýetli ýollaryñ hemmesini öz gözegçiligine alypdyrlar. Olar ýol ýakasynda gurlan galalar we berkitmeler bilen ýollaryñ howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşdylar.
VIII asyryñ ahyrynda we IX asyryñ başynda Orta Ýewropada awar meselesi ör-boýuna galdy. 791-803-nji ýyllaryñ awar-frank urşy bu meseläniñ "çözgüdini" getirdi. Söweşde franklar awarlardan öwrenen uruş taktikasynyny awarlaryñ özüne garşy ulanyp, ýeñiş gazandylar. Söweşiñ yzysüre Awar-türk döwletiniñ Panoniýadaky güýçleri-de derbi-dagyn edildi, netijede awarlaryñ döwleti taryh sahnasyndan çekildi. Uruşda ýesir düşen türkleriñ ählisi gylyçdan geçirildi. Ummasyz altyn-kümüş, gymmatbahaly daşlar, ýaraglar, iri şahly we ownuk mallar duşmanyñ eline olja boldy. Oljanyñ artyk galanyny ýakdylar ýa-da Tiza, Dunaý, Sawa, Drawa derýalaryna atdylar.
IX asyryñ başynda franklar awarlaryñ iñ soñky toparlaryny hem ýeñlişe uçratmagyndan soñ Sloweniýa, Balaton köli, Mohaç sebitleri, Sloweniýa bilen birlikde Rab derýasynyñ we Froşka Goranyñ arasyndaky ähli türk topraklary frank döwletiniñ golastyna geçdi. Franklar bu ýerler bawariýalary, Karantaniýa slowenlerini we beýleki taýpalary göçürip getirdiler. Göçüp gelme bir asyrlap dowam etdi. Şol sebäpli çuññur awar-slowen oñşuksyzlygy we çaknyşyklar ýüze çykdy. 811-nji ýylda Fransiýanyñ koroly Karl çaknyşyklary basyp ýatyrmak maksady Panoniýa ýörite goşun birliklerini ugradypdyr.
Awar döwletiniñ ýykylmagyndan soñ Frank döwletiniñ çäklerinde dagynyk halda ýaşaýan türki taýpalaryñ ýagdaýy hem beýleki taýpalardan tapawutly däldi. Frank koroly Beýik Karl dagynyk ýaşaýandyklaryna garamazdan türki taýpalara öz kaganlarynyñ statusynda içerki özbaşdaklygyny berdi. Awarlaryñ ady 822-nji ýylda Frank döwletiniñ hronologiýasynda tutulýar. 828-nji ýylyñ sene ýazgysynda bolsa olar frank korolynyñ garamagyndaky raýatlar hökmünde agzalyp geçilýär. IX-X we ondan soñky asyrlarda awar ady gitdigiçe seýrekleşdi. Şeýle-de ýewropa halklarynyñ, wizantiýalylaryñ, slowenleriñ we beýleki slawýan taýpalarynyñ arasynda birwagtlar "agalyk sürüji güýç" manysyny añladan awar-türk sözi undulyp gidibermedi.[15] Dagynyk halda galan awar toparlarynyñ bir bölegi beýleki kowumlar tarapyndan "eredildi" (assimilleşdirildi) we "hristianlaşdyryldy", bir bölegi bolsa türklügini saklap galdy, türki dilde gepledi, Gök Tañra ynandy ýa-da bulgar türklerinden yslam dinini öwrendi. Bular XIV asyryñ ikinji ýarymynda Ýewropa aralaşyp başlan Osmanly türkmenleriniñ şanly ýeñişlerine şert döretdiler we garyndaşlaryna goşulyp, Balkandyr Ýewropa ýörişlerine gatnaşdylar.
Awar döwletiniñ ýykylmagy bilen Horwatiýada galan awarlar barada Wizantiýanyñ hökümdary Konstantin Bagrýanorodnyý VII şeýle ýazýar:
"X asyrda Demirgazyk Dalmasiýada, Kirbawada, Likada, Gadskoda, Modruşda we Demirgazyk Bosniýada häzirem awarlara duş gelmek bolýar. Olaryñ awardygyny ýüzlerine seredende bilip bolýar. Awarlaryñ Lika we Kirbawa etraplarynda "ban" diýip atlandyrýan hökümdary bar. Olar Horwatiýadan gidensoñ, megerem, bu atdan "ban" diýen harby çin döräpdir.[16] Awarlardan galyp, horwatlaryñ, wengerleriñ, bosniýalylaryñ edara ediş ulgamy bilen baglanyşykly bu adalganyñ awar sözünde gurply, barjamly diýmegi añladýan "baý(an)" sözünden gelip çykandygy mälimdir.[17] (Türkmen dilinde hem barjamly kişä "baý" diýilýändir -t.b.). Wengriýa, Awstro-Wengriýa we Osmanly türkmen hökümdarlary tarapyndan Bosniýa, Horwatiýa we Sloweniýa bellenýän häkimlere "Ban" diýen ýörite çin berilipdir. Bu adalga bosniýalaryñ we horwatlaryñ arasynda harby çin görnüşinde ýaýrady. Olar bu harby çini öz garaşsyz döwletleriniñ hökümdarlaryna hem beripdirler.[18] Meselem, Ban Pribin, Ban Kulin, Ban Iwan Majuraniç we başgalarda bolşy ýaly. Emma slowen taryhynda saklanyp galan awar harby çinine duş gelinmedi. Ýöne welin Sloweniýada bu at bilen ýakynlygy bolan has kiçi çinlere we ýer-ýurt atlaryna köp duş gelmek mümkin.
Sloweniýanyñ dolandyryş ulgamy beýleki slawýan taýpalarynyñ dolandyryş ulgamyndan tapawutly däldi. Bularyñ ulgamynda-da "uly maşgala" gurluşy hereket edýärdi. Kooperatiw roluny oýnaýan bu gurluş wagtlaýyn möhlete oba arçynlygynyñ beren ýerini işläp bejerýärdi. Toplan hasylyny bolsa kooperatiwiñ agzalaryna paýlaýardy. Bu ulgamda "uly maşgala", "kooperatiw", "oba arçynlygy" ýaly edara ediş bölümleri hereket edipdir.[19] Slowen dolandyryş ulgamynda edara ediş birliklerinden has uly birlige Jupa ýa-da Jupanýa diýlipdir. Awar dilinden geçen bu adalga taýpanyñ ýa-da taýpalar bileleşiginiñ ýaşaýan ýerine diýler eken. Jupa ýa-da Jupanýa bir etrabyñ ýa-da derýanyñ ady-da berilwn bolmagy ahmal. Slowenler hem edil horwatlar, bosniýalylar we wengerler ýaly Jupanyñ ýa-da Jupanýanyñ häkimine Jupnik diýipdirler.[20] Slowenler Jupa, Jupanýa, Jupnik ýaly türkisoll sözlerini ilkinji gezek 777-nji ýylda Ýokarky Awstriýanyñ Kremsminster şäheriniñ eteginde “Jopan ani vocatur Physso”[21] görnüşinde ulandylar.[22] Şuña meñzeş sözlere Bosniýanyñ, Serbiýanyñ, Horwatiýanyñ, Garadagyñ (Çernogoriýa) we Makedoniýanyñ dolandyryş ulgamlarynda häzirem duş gelmek bolýar.[23] Jupa, Jupan, Jupanýa sözlerinden Jupanžiç[24] sözi hem emele gelipdir.
Awarlar slowenler bilen bile Alp daglarynyñ gündogar etraplaryna ýerleşenlerinde häzirki Sloweniýanyñ ýerlerinde daýhançylyk bilen meşgullanýan az sanly ýerli halka duş geldiler. Şonuñ üçin olar bu ýagdaýdan baş alyp çykmak maksady bilen ýeri işläp bejermäge başladylar. Ýerli ekerançylyk hakynda ýerli halkdan maglumat topladylar. Täze tarp ýerleri özleşdirmek üçin ata watanlaryndan (Orta Aziýa, Türkmenistan -t.b.) däneli ösümliklerden: bugdaý, arpa, çowdary, süle, nohut, noýba, gök we bakja önümlerinden: käşir, hyýar, kelem, şugundyr, sarymasak, miweli agaçlardan: alma, armyt, ülje, erik, hoz, şetdaly ýaly zatlary getirdiler. Olar ary saklap bal toplamak işi bilenem meşgullanýardylar.[25]
Awarlaram edil beýleki türki taýpalar ýaly Orta Aziýadan täze tutunan ýurtlaryna bagçylyk hojalygyny üzüm şerabyny getirdiler. Emma Sloweniýada, Makedoniýada, Serbiýada, Horwatiýada we beýleki Balkan ýurtlarynda bag ösdürip ýetişdirmek we üzüm şeraby bilen baglanyşykly "bor"[26] we "borowa"[27] sözlerine gabat gelip bolanok. Awarlar miweden edilen içgilerden başga-da, goýun, geçi we sygyr süýtlerini içýärdiler, peýnir, ýumurtga, balyk, towşan, keýik eti ýaly önümleri iýýärdiler. Öý guşlaryndan towuk we gaz ýetişdiripdirler. At olaryñ söweşde münýäm iñ esasy aýagulaglarydy.[28]
Awarlar baran ýurtlarynda söwda bilenem meşgullanypdyrlar. Olar öndüren önümleriniñ bir bölegi başga taýpalara satypdyrlar. Eksport edilýän harytlaryñ arasynda esasan bal, deri we duz bolupdyr. Söwda köplenç haryt alyş-çalşygy esasynda Dunaý, Sawa, Drawa, Morawa, Mura ýaly uly derýalaryñ we rimlilerden galan ýollaryñ üstünde amala aşyrypdyrlar.
Awar döwletinde magdan işläp çykarmak o diýen ösmändir. Olar rimlilerden galan käbir magdan känlerini işletmäge dowam edipdirler. Muña garamazdan metal eretme tehnologiýasyndan gowy baş çykarypdyrlar. Olar eredýän demirlerimden ýokary hilli ýaraglary ýasapdyrlar. Awar ussalarynyñ elinden çykan ýaraglar Ýewropa ýurtlarynyñ ählisinde höwes bilen satyn alynypdyr. Ýewropalylara satylan ýaraglaryñ ýerine altyn-kümüş, ýüpek, egin-eşik alypdyrlar.
Zikgelän pullarynyñ ýüzüne ýarym Aýyñ, Günüñ ýa-da Aý-ýyldyzyñ şekilini çyzypdyrlar.[29]
Awarlar ölülerini egin-eşigi, ýaragy, hatda atlary bilen bile jaýlapdyrlar. Ýewropada we Balkanlarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde awar mazarlarynda we hazynalarynda birnäçe lybas we ýara tapylandygy mälim. Tersine, slowen we beýleki slawýan taýpalaryñ mazarlarynda bolsa düýbünden ýok diýiljek derejede egin-eşige we ýaraga az gabat gelinýär.
Awarlar hem edil ata-babalary bolan hunlardyr beýleki türki taýpalar ýaly ýarag ulanmaga ezber bolupdyrlar. Şol döwrüñ iñ kämil ýaraglary bilen ykjam goranyş sistemasyny gurmak bilen birlikde strategiki taýdan ähmiýetli ýollaryñ kesişýän ýerlerinde, öwrümlerde, köprüleriñ, alañlaryñ üstünde, tokaýlyk ýerlerde, düzlüklerde, batgalyklarda söweşjeñ diñler we berkitmeler gurupdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde bu berkitmeler ykdysady, dolandyryş we gaçybatalga maksatly hem ulanylypdyr. Berkitmeler esasan dört gyrañly ýa-da tegelek görnüşde gurlupdyr, töweregini bolsa galyñ diwarlardyr goranyş halkalary hem-de içi suwly çuñ garymlar bilen gurşapdyrlar. Wagtyñ geçmegi bilen berkitmeleriñ töweregindäki oturymly ýerler hem oña sygynypdyrlar.[30]
Awarlar çarwa durmuşdan oturymly durmuß geçen wagtlaryndan başlap obalary hem gurupdyrlar. Ýöne olaryñ ýaşan obalary barada häzirki wagtda maglumatlar juda az.
Gurýan ýeke otagly agaç jaýlarynyñ daşyny agaç şahalary ýa-da saman bilen örtüpdirler. Olaryñ ulanan hojalyk enjamlary, öýüñ ojagy we tamdyrlar barada-da maglumatlar az.
Muña garamazdan Sloweniýada awarlardan galan maddy medeniýetiñ yzlaryna we eserlerine ýygy-ýygydan duş gelmek mümkin. Olardan gazylan mazarlary we hazynalardan çykýan egin-eşiklerdir ýaraglary görkezip bolar. Häzirki wagta çenli Günbatar Panoniýa düzlüginde ýedi, Gündogar Alp daglarynda we Karantaniýada, Sloweniýada onlarça, jemi alanda 47 awar-tütk mazary we hazynasy gazylyp görüldi.[31] Mundan başga-da awarlara degişli mazarlar we hazynalar boýunça gazuw-agtaryş işleri Ýokarky Drawanyñ ýakalarynda, Anije derýasynyñ gözbaşy Sladmingde, Wena jülgesiniñ Salslamergut diýen ýerinde, Koruşkada, Ştaýerde, Kranyska Gorada, Wişnýa Gorada, Lýublýanada, Mengeşde, Bled kölüniñ töwereginde, Ptuýda, Adriarik deñziniñ kenaryndaky ýerlerde geçirildi.[32]
Awar mazarlaryndan we hazynalardan köplenç ok, gargy, galkan, söweşjeñ palta, orak, pyçak, hanjar, gyrkylyk ýaly ýaraglar, zähmet gurallary, kemerler, açarlar, keramiki önümler, aý-ýyldyz şekillli gulakhalkalar, aýna bölekleri, merjen monjuklar we başga-da birnäçe zatlar çykaryldy. Awarlaryñ guly slowenleriñ we slaw(ýan)laryñ hazynalary ýokdy. Olaryñ diñe ýok diýiljek defejede az egin-eşikli mazarlary bardy.[33]
Günbatar Panoniýada gazylan hazynalaryñ iñ gymmatlysy Wengriýada Balaton kölüniñ etegindäki Kesztheli hazynasydyr. Bu hazynada awar paty-putylaryndan başga-da tapylan zatlar Kesztheli medeniýetine degişli aýratynlyklara we gymmatlyga eýedir. Soñky ýyllarda Karantaniý sebitinde geçirilen arheologiki barlaglaryñ dowamynda tapylan zatlaryñ Köttlaş medeniýetine degişlidigi çak edilýär. Köttlaş medeniýetiniñ çägi bolsa VII-VIII asyrlarda orta çykan Köne Karantaniýa we awar-türk medeniýetiniñ çäklerini öz içine alýar. Awar medeniýetine degişli emläkleriñ arasynda Aý şekilli gulakhalkalar we ýüzüne ýa-da böwrüne Ýarymaýyñ şekili çyzylan keramiki gaplar bar.
Slowenleriñ we beýleki slawýan taýpalaryñ heniz awar taýpalar konfederasiýasyna tabyn döwürleri bolan VI-VIII asyrlara degişli gazylan mazarlardan we hazynalardan çykan emläkleriñ käbiri şol bir meñzeş görnüşdäki gymmatlyklardyr. Şonuñ üçin käbir taryhçylar bu emläkleriñ awarlar bilen deñ derejede slowenlere we slaw(ýan) taýpalara degişlidigini öñe sürýär. Olar etniki taýdan awar-türk we slowen-slaw medeniýetini tapyndylara görä bölmegiñ mümkin däldigini öñe sürýärler. Emma slowen wd slawýan baýlarynyñ awarlar bilen bile bir mazara gömülmejegi görnüp duran zat. Çünki hazynalarydyr egin-eşikleri, ýaraglary bilen birlikde esasan awar kaganlary, şazadalary, melikeleri, serkerdeleri we beýleki begzadalar jaýlanýardy. Şonuñ üçinem Keszthelide, Köttlaşda, Nagyszentmiklosda[34], Banatda, Baçkada, Sremde, Sloweniýada beýleki ýerlerden tapylan ähli emläkler we ýaraglar diñe awar begzadalaryna degişlidir.[35]
Awarlaryñ hazynalaryndan we mazarlaryndan çykýan gulakhalkalaryñ, ilikleriñ, keramiki we metal gap-çanaklaryñ ýüzüne Ýarymaýyñ ýa-da Günüñ şekiliniñ çekilmegi ýörite üns berilmäge degişli. Sebäbi Ýewropada we aýratynam Balkanlarda Rim, Wizantiýa we Illyr metal pullarynyñ ýüzünde Aý-ýyldyzly, Aýly, Günli şekillere duş gelmek bolýar. Ýarymaý şekliniñ 5.000 ýyl mundan öñ Orta Aziýadan (Änewden -t.b.) Anadola göç eden şumerler, has soñra hettler, arameýler we hatda göktürk(men)ler tarapyndan ulanylandygy mälimdir.[36] Müñlerçe ýyl öñ Gök Tañra uýmaga başlan türkler Ýarymaýy we ýyldyzlary öz ynançlarynyñ nyşanu hökmünde kabul etdiler. Şonuñ üçin sak, hun, awar, bulgar, oguz, uýgur, peçeneg, kuman, gaznawy, gyrgyz, garahanly, seljukly, osmanly (gaýy) we beýleki türki taýpalar, beglikler, döwletler, imperiýalar Aý-ýyldyzyñ we biri-birine galtaşyp duran Üç ýarymaýyñ şekiline uly üns berdiler. Olaryñ şeklimi mukaddes we milli simwol hökmünde baýdaklara, pullara, tugralara, permanlara we başga ýerlere basdylar. Balkanlarda, Ýewropada we beýleki ýurtlarda Aý-ýyldyzy bogomiller hem simwol hökmünde ulanýar. Bu şekili mazar daşlaryna we başga ýerlere çekýärler.
Slowenler "baý" (awarlarda "baýan") manysyny berýän "Boýan" we "Boýana" antroponimlerini häzirem ulanýar. Sloweniýasa "Boýana" toponimine, mikrotoponimine we gidrotoponimine duş gelmek mümkin.
Prof. Dr. Ýusup HAMZAOGLY.
[1] Ýewropadaky hunlaryñ 400-453-nji ýyllarda ýaşan hun-türk(men) kagany. Umumytürk we adamzat taryhynyñ iñ beýik serkerdeleriniñ biri. 434-nji ýylda daýysy Rugillanyñ ölüminden soñ tagta çykdy. 434-445-nji ýyllarda dogany Bleda bilen bile, Bledanyñ aradan çykmagyndan soñ ýeke özi döwleti dolandyrdy. Daniýadan Panoniýa we Germaniýanyñ Reýn derýasynfan Hazar deñzine çenli aralykda gurlan äpet döwletiñ merkezi Wengriýanyñ Tokaýa diýen ýerindedi. Onuñ häkimiýetine germanlar, sarmatlar, slawýanlar we beýleki kowumlar tabyn boldular. Belli bir döwürde Wizantiýany hem paç tölemäge mejbur etdi. Rimiñ hökümdary Walentian gyz doganyny oña aýal edip bermändigi üçin 451-nji ýylda Galliýa çozdy. Emma Flawiýa Aesýäniñ serkerdeligindäki rimlilere ýeñilip, Wengriý dolanyp bardy. 452-nji ýylda ýene Italiýa ýörişine çykdy. Şol wagt Akwileýa we beýleki şäherleri basyp alandan soñ Rimiñ üstüne gaýtdy. Emma Minsiýa şäherinde öñüne çykan we dyza çöküp ýalbaran Rim papasy Leon I-iñ töwellasyny alyp gaýtmyşym etdi. Ýöriş döwründe açlyk we ýokanç keseller goşuny tapdan düşürdi. Ol bu ýörişden bir ýyl geçensoñ (453 ý), öýlenen gijesi aradan çykdy. Onuñ ölümi hakynda dürli-dürli hekaýatlar aýdylýar. Bir rowaýatda altyn-kümüş we demir goş-golamlar üç sandyk bilen bile jaýlanypdyr. Wizantiýa diplomaty Rhetor Priskosyñ habar bermegine görä, Atillanyñ köşgünde türk dilden başga-da got we latyn dillerinde-de gepleşilipdir. Hunlaryñ serdary Atillanyñ beýikligi we onum amala aşyran beýik işlerini başga milletler hem nusga edinipdir.
[2] Häzirki Lýublýananyñ köne ady.
[3] Serediñ: İlstorija naroda Jugoslavije. Prva kwiga. Beograd, Prosveta 1953, 52-53.
[4] Wişne daglary.
[5] Serediñ: Milko Kos, Istorija Slovenaca. Beograd, Prosveta 1960, 43.
[6] Serediñ: E. Klebel, Langobarden, Bajuvaren, Slawen, Mitteil, d. Anthrop. Wien 1939, 7-198.
( 7) L. Hauptmann, Les rapports des Byzantins avec les Slaves et les Avares pendant la seconde moitie du Vle siecle. – Byzantion (Paris). An. u (1927/28/29), 18-34.
[8] M. Kos, Op. cit. 43.
[9] İbid. 43.
[10] Serediñ: Bogo Grafenauer, Razmerje med Sloveni ın Obri do obleganja Carigrada (626) in njegove gospodarsko-druzbene podloge. – ZÇ No. 9 Ljubljana 1955, 31-49.
[11] Serediñ: Milko Kos, K zgodovini kralja Sama in njegove dobe. -ÇJKZ. No. 7. Ljubljana 1928.
[12] IX asyrdan galan bir maglumatda slowen etniki adalgasynyñ “Sclavi ani dicantur Quarantani” görnüşinde ulanylandygyny görmek bolýar. Serediñ: M. Koc, Istorija Slovenaca, 77-84.
[13] Serediñ: Bogo Grafenauer, Prikluçitev Karantanije na zapad. – ZÇ. No. 36. Ljubljana 1942.
[14] M. Kos, Istorija Slovenaca, 77-84.
[15] İbid, 104-105.
[16] Constantine Porphyrogenitus, De administrando imperıo. Budapest, Morevcshik 1944, 30.
[17] Bkz.: Ferdo Şişiç, Geschichte d. Croaten. Zagreb 1917, 386. Laszlo Rasonyı, "Dunaý köprüleri", wengerçeden türk diline terjime eden: Hijran Akyn. Ankara, TKAE 1984, 11-12.
[18] Ferdo Çulinoviç, Drzavnopravna historija jugoslavenskih zemalja. Prva Knjiga. Zagreb, Şkolska knjiga 1961, 24; Ban kelimesinin anlamı için bkz.: Codex Cumanicus. Edited by Count G. Kuun. With the Prolegomena to the Codex Cumanicus by Luis Ligeti. Budapest 1981, 120.
[19] Istorija naroda Jugoslavije. Prva kwiga, 134.
[20] Bkz.: Ferdo Şişic, Pregled povijesti hrvatskoga naroda. Zagreb, Matica Hrvatske 1962, 7280; F. Çulinoviç, Op. cit. 24-25.
[21] “Fisso adyndaky jupan”.
[22] F.Şişiç, Op. cit. 72-80; F. Çulinoviç, Op. jilt. 24-25.
[23] Giñişleýin maglumat üçin seret: K.Bagrýanorodnyý, Op. jilt. 31-32; F.Şişiç, Pregled povijesti, 72-80; F. Çulinoviç, Op. cit. 24; Ýusuf Hamzaogly, "Balkan türklügi" Ylm-taryhy seljermeler, makalalar. Makedoniýa, Serbiýa, Horwatiýa. Ankara, Türkiýe Respublikasynyñ Medeniýet ministrliginiñ neşirýaty, 2000 ý, 426-428.
[24] Oton Jupançiç - 1878-1949-ýyllarda ýaşan meşhur slowen şahyry. Niko Jupançiç bolsa 1876-1961-nji ýyllarda ýaşan meşhur slowen etnology, antropology, syýasatçy.
[25] M.Kos, Istorija Slovenaca, 133.
[26] Serediñ: Ý. Hamzaogly, Op. cit. 16, 320, 413,
[27] İbid. 429.
[28] M. Kos, Istorija Slovenaca, 134.
[29] İbid. 134-135.
[30] İb. 135.
[31] M. Kos, Istorija Slovenaca, 136.
[32] İbid. 136-137.
(33) Yânös Harmatta "Awarlaryñ dil meselesi boýunça. Gündogar Ýewropada türkileriñ oýma ýazgyly ýadygärlikleri", wenger dilinden türk diline terjime eden: Hijran Akyn. Ankara, TTKB 1988, 3-44.
[34] Ý.Hamzaogly, Op. cit. 397-398, 421-428.
[35] Serediñ: Fewzi Kurtogly, "Türk baýdagy we Aý-ýyldyz". 2-nji neşir. Ankara, TTKB 1987, 45.
[36] Melanija [erdenkovska, Razvoj na kreativnite i intelektualnite potencijali. Principite na Bogomilskoto dvPewe vo site pori na bitot na Mijacite. -Nova Makedonija (Skopje), 24 noemvri 1999, 10; şol ýerde:
M. [erdenkovska, Individualnata sloboda – najvisok streme – Nova Makedonija, 25 noemvri 1999, 6.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
https://www.altayli.net/slovenyada-avar-izleri.html
Taryhy makalalar