10:19 Şol habardan soñ nämeleriñ bolanyny bilsediñiz... | |
ŞOL HABARDAN SOÑ NÄMELERIÑ BOLANYNY BILSEDIÑIZ...
Teatr we kino sungaty
Ilki näme hakda gürrüñ gidýänini bilmeýänlere aýdyp bereýin. TRT-de ýaýlyma goýberilýän "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialynyñ 48-nji bölüminde iññän täsin epizod bar. Sahna osmanly bazaryndaky etiñ bahasyndan söz açýar. Abdylhamyt II huzuryna "et önümçilik sehiniñ başlygyny" we eri arzan satýan "jomart maldar etçi Farugy" çagyrýar. Etiñ bahasynyñ näme üçin gymmatdygyny soranda, "mallaryñ baş sanyny artdyrmak" diýip berlen jogapdan göwni suw içmedik Abdylhamyt "et önümçilik sehiniñ başlygyny" öz islegi bilen işden giderip, onuñ ýerine maldar Farugy bellemegi makul bilýär. Abdylhamyt agzalan sahnada maşgala agzalary bilen bile gelen et sehiniñ başlygyna "sehiñ başyna siz geçersiñiz, ýöne ilki özüñizi görkezmeli bolarsyñyz" diýýär. Epizody ünsi çekiji edýänem "sehiñ başlygynyñ" kellesini alýan maldaryñ roluny oýnaýan artistiñ "Nametiñ" hojaýyny Faruk Kaýaryñ oýnamagydy. Epizoddaky beýleki oýunçylar bolsa, onuñ ogly we gyzydy. Real durmuşda hakykatdanam "Namet" "arzan et" gowuryny turuzyp, dile düşüpdi, wagtal-wagtal döwlet býurokratiýasy bilenem düşünişmezlikleri bolupdy. TRT-däki teleserial arkaly, hem-ä gizlin propoganda ýöredilýärdi, hemem käbir kişilere aýlawly yşaratlaryñ üsti bilen haýbat atylýardy. Ýogsa-da, habardan soñ nämeler bolup geçdi? ■ TRT-de SESSİZLİK BAR Ilkinji nobatda bu barada TRT-de habar berilendigini aýtmak gerek. TRT adminstrasiýasyndan görşen adamlarymyzyñ habarda aýdylanlaryñ serialyñ senariýasyna nädip girizilendigi we munuñ kimlere 'kakdyrylýandygy" baradaky sowallarymyza jogap bermeýişleri ýaly, bu barada hiç hili resmi beýannama bilen çykyş etmejeklerini aýtdylar. Ortada başga-da bir mesele bar, olam: "Paýtagt" serialynyñ şol gürrüñi gidýän bölüminiñ soñunda berilýän ýazgylarda ne-hä artistleriñ ady ýazylan ýerde, ne-de minnetdarlyk bildirilýän böleginde Faruk Kaýaryñ we onuñ maşgalasynyñ ady bardy. Görnüşi ýaly, kimdir birileri Kaýaryñ barlygyny gizleýärdi. ■ DOGANLARY KAÝARA IGENDI A Faruk Kaýar näme etdi? Habardan soñ hiç hili düşündiş bilen çykyş edip-etmejegini bilmän galan Kaýar sesini çykarman oñanyny gowy gördi. Dawanyñ ýamany onuñ maşgalasynyñ arasynda turdy. Doganlary Kaýara serialda oýnap, soñuny saýman bular ýaly samsyklaç epizodda oýnany üçin mazaly käýediler. ■ RTÜK SERIALYÑ MESELESINE SEREDERMEN Ýeri, RTÜK näme etdi? RTÜK-e (Türk radio we telewideniýesine gözegçilik guramasy) şu gün birinji şikaýatnama berildi. JHP-niñ deputaty Bülent Öz RTÜK-e serialyñ üstünden şikaýat bildirip, muña jogapkär kişilere temmi çäresiniñ berilmegini talap etdi. Ýakynda RTÜK-nyñ serially meselä seretmegine garaşylýar. ■ MINISTRLEREM TOMAŞA ETDI Ýeri, Ministrler Kabinetinse nämeler bolup geçdi? Odatv-niñ ýaýlyma berlen bölümi ministrlere ýörite görkezendigini nygtap geçmek isleýärin. Epizod arkaly hökümetiñ bellän ministrine yşarat edilýändigini hemmesi-de bildi. Ministrleriñ ünsüni çeken iñ gyzykly ýeri bolsa, serialda aýdylýan "mallaryñ baş sanyny artdyrnak" jümlesiniñ gönüden-göni öñki ministrleriñ biriniñ iñ köp gaýtalaýan sözleriniñ biri bolmagydy. Aslynda senariýa ýazylanda ulanylýan sözleriñ hiç biri-de tarp ýerden alynýan sözler däl. Hamana serial taryhy däl-de, şu güni gürrüñ berýän ýaly. ■ SERIAL ŞU GÜN DÜŞÜRILSE... Serial şu günki günümiz bilen baglanyşdyrylyp düşürilse, belki-de, hekaýasy şeýle ýazylardy: Et satmakçy bolýan Faruk "Milli maldarçylyk maksatnamasy" we ministr kürsüsinde oturan biri bilen garşyma-garşy gelýär. Satlyk etiñ wagtlaýyn çäredigini aýdýan ministr bu boýunça ediljek bolýan işlere garşy çykýar. Etçi Faruk köşkde özüne ýakyn bir geñeşçä şol ministri ýamanlaýar. Geñeşçi hem öz gezeginde bu ministri gözden düşürmek üçin köşkde her dürli işleri gaýyrýar. Ahyrynda patyşa ministri wezipeden boşatmagy makul bilýär. Muny bir gün öñünden bilen geñeşçi etçi Farugy buşlaýar. Etçi Faruk alan buşlugyny töwerege jar edip, ýeñişini baýram edýär. Ahyrynda ministr işden gidýär. Saglyk testleri geçirilip gutarmanka satlyga çykarylan we keselli bolany üçin toplanyp ýok edilen mallary hem-de satuwa çykarylan ýaramly etlere garamazdan bahasy düşmedik etiñ nyrhlaryny gören patyşa boljak iş bolup dynansoñ "Etçi Faruk geñeşçim bilen dil birikdirip, meni aldadylar" diýýär. Hekaýa şeýle... Belkäm, bu senariýa gelejekde başga bir serialda gabat gelersiñiz. Ýa-da "Wikileaks" maglumatlarynyñ arasynda okarsyñyz. Ýogsa-da, öñki ministr Sami Güçlüniñ aýagynyñ nähili taýdyrylandygy ýadyñyzdamy? ABŞ-nyñ kriptolary arkaly öñki ekerançylyk ministri Sami Güçlüniñ aýagyny taýdyrmak üçin Russiýa bilen ir-iýmiş we gök önüm söwdasynyñ howp astyna atylandygy, Russiýanyñ beren notasynyñ ministrden gizlenendigi orta çykypdy. Russiýa Türkiýeden edilýän import önümi gadagan etdi welin, ministr Güçlü işini oñarmaýan adam hasaplanyp wezipeden boşadylypdy. Mahlasy, "Paýtahtda" pyryllaklar gutararly däl… Barış TERKOGLY. Odatv.com, 04.05.2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |