13:54

Soraýýany daşlamak - Kurany daşlamakdyr!

Teatr we kino sungaty
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 447 | Добавил: Haweran | Теги: Mustafa Yslamogly | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
Aýylganç film. Elbetde çeperçilik, sungat nukdaýnazaryndan jedelli ýeri kän, ýöne durmuşy nukdaýnazardan...
"Abyl bilen Kabyldan bäri ynsan ýaly pälazan, bimany zalym mahluk barmyka?" diýdirýär...
Estagpurulla. Ýaradanyň Özi gorasyn!

0
2 Bagabat  
43
Забивание камнями Сорайи М. (2008) смотреть онлайн
The Stoning of Soraya M.
Страна: США
Жанр: драма
Год выхода: 2008
Режиссер: Сайрус Наурасте
В ролях: Шоре Агдашлу, Можан Марно, Джеймс Кэвизел, Навид Негабан, Али Порташ, Дэвид Диаан, Парвиз Сайяд, Вида Гахремани, Вачик Мангассариан, Бита Шейбани

Salgysy: https://hdzo.net/films/11726-zabivanie-kamnjami-soraji-m-hd.html

0
3 Bagabat  
43
Ýagşyzadalaryň biri her gün ejesiniň aýagyny öper eken. Ol bir gün dostlarynyň ýanyna gijä galyp barypdyr. Olar ondan sebäbini sorapdyrlar. Onda ol: «Men jennetiň bakjalarynda boldum. Men jennetiň eneleriň aýaklarynyň aşagyňdadygyňy eşitdim» diýipdir.

* * *
Mekhul şeýle diýipdir: «Mugaz ibn Jebel şeýle diýdi: «Hakykatdan hem Allatagala Musa alaýhyssalam bilen 3500 aýat gürleşipdir. Musa alaýhyssalamyň iň soňky sözi:
— Eý, Rebbim, maňa wesýet et! — diýip, Alladan haýyş etmegi bolupdyr.
Onda Allatagala oňa:
— Men saňa ejeňi ynjytmazlygy wesýet edýärin — diýipdir we ony ýedi gezek gaýtalapdyr. Soň bolsa: «Eý, Musa, onuň razyçylygy meniň razyçylygym, onuň gahary meniň gaharym» diýipdir».

Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary. IV jilt. Aşgabat: "Miras", 2004. 273-nji sahypa.

0
4 Bagabat  
43
Sagyt ibn Amyr ibn Hatym Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Eger jennet hüýrlerinden bir gyz ýer ýüzüne gelsedi, ýeriň ýüzi müşküň ysy bilen dolardy. Günüň we aýyň şöhlesi öçerdi».

* * *
Ýokarky hadysy eşiden Sagyt ibn Amyr aýalyna: «Men seni jennet hüýrlerinden hem ýokary tutýaryn» diýer eken we elini onuň gursagynda goýar eken.

* * *
Abdylla ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Jennetde bir nur parlaýardy. Seredip görsem, ol ýanýoldaşynyň ýüzüne bakyp ýylgyrýan hüýr gyz eken».

Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary. V jilt. Aşgabat: "Miras", 2004. 296-njy sahypa.

0
5 sabyrly  
908
@Bagabat, şu kitapdaky rowaýatlar nä derejede dogry? Käbir ýerlerini okaýaň welin, din bilen bagly ýerleri özleriniň bähbidine ýa-da dini aşa öwmek üçin (has dogry düşündirip bilmedim) ýazylan ýaly. Din hakda aýdanlary barada ýalňyş pikirde bolsam, Alla günämi geçsin!

0
6 Bagabat  
43
@sabyrly, Mahmyr Zamahşaryň "tefsir , hadys , kelam , dil we edebiýat ylymlarynda «Allama» diýlip ykrar edilen beýik türkmen alymy, edebiýatçysy we şahyrydygy" "Ýagşyzadalaryň bahary" atly kitabyň I jildiniň sözsoňunda aýdylýar. Onuň ylahyýet ylmynyň dürli ugurlaryndan bitiren işlerem şol sözsoňuda sanalýar. Aýtjak bolýanym, öz döwründe Mahmyt Zamahşaryň kitaplary ylahyýet ugrundan iň ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanypdyr.
Indi, seň pikiriň boýunça, aýtsam, şu günüň dünýägaraýşynyň nukdaýnazaryndan üstünden müň ýyl geçen haýsydyr bir zada baha bereňde seresaply bolmaly. Sebäbi dini kadalara tefsir berýänler (berenler) hem adam. "Errare humanum est" (Adama ýalňyşmak mahsus) diýýärler. Yslam dininiň ýeke-täk asyl, çirksiz çeşmesi - Kurany Kerim. Soňam Sünne, Hadys.
Onsoňam bu kitabyň ýazylan wagtyndan bäri müň ýyl geçip, şol ýüzýyllyklaň içinde-de, ol kitap asylky golýazmasyndan näçe gezek, kimler tarapyndan göçürilipdir?
Soň türkmen diline terjime edilende nähili sözler, many aňlatmalar ulanylypdyr?
"Tankydyň kämil bolmagy üçin tankytçy awtordan has ylymly, talantly bolmaly" diýilýär.
Onda terjimeçi nähili bolmaly?
Mysal üçin, öz tejribämden alsam, rus dilinden lukmançylyk ylmy boýunça monografiýany terjime etmegim hökmany bolsa, elbetde terjime ederin. Ýöne, ol terjimäm şol monografiýaň medisina ylmyna dahyllygyny saklamagy başararmy? :-) - Ine, gep nämede.
Ylahyýetem - düýpli ylym, açyklygyndan syry ummasyz kän ylym.
Birje söz-ä däl, ýekeje dyngy belgisem, sözlemde gaty köp zatlary üýtgedip bilýär.
Begmyrat aga (halypa mugallym, dilşynas Begmyrat Weýisow) muň nähili bolýandygyny mysalyň üsti bilen öwredýär:
Ogul akylly bol ataň ýaly, akmak bolma!
Ogul akylly bol, ataň ýaly akmak bolma!
Göräýmäge, şol bir sözlemdir. Emma, ters oturyň duran ýerini sähel eýläk-beýläk bökdürseň, manysy düýpgöter üýtgäp durandyr.
Birinji sözlemde - öwüt-nesihat hem-de kakasyny görelde etmek;
Ikinji sözlemde - gyjalat hem-de kakasyna dil ýetirmek.
Şoň üçinem, özümiň-ä mümkin boldugyndan, başardygymdan edýän hereketim: terjimeden ylym öwrenmeklige juda seresap çemeleşmek, üstesine-de çalak-çulak öwrenip, netije çykarmaga howlukmazlyk.
Ýöne, "Miras"-yň şol giden kitaplaryny terjime edip, ile-güne ýetirmek üçin şunça zähmet çeken hünärmenlerimiziň hemmesine alkyş bolsun. Gaty uly, agyr, iňňe bilen guýy gazan ýaly hupbatly zähmet çekdiler. Ömürleri uzak bolsun.

0
7 sabyrly  
908
Hawa, aýdyşyňyz ýaly ýoýulan ýerleri bolandyram, kim bilýär. Aý, näme, geregini, özümizçe dogrusyny kabul edip barybermeli bizem. Jogabyňyz üçin minnetdar, @Bagabat we "Miras"-a hem !

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]