16:14 Şorja şortalar | |
ŞORJA ŞORTALAR
Degişmeler
Işe gijä galyp geleniñ düşündiriş arzasy: - "Men işe sagat 8:00-da däl-de 10:00-da geldim, beýle giç gelenimiñ sebäbi, işdäkiler ahyr soñy 10:00-a çenli diñe çaý içýärler, a men onça wagtlap çaý içmegi halamok". * * * Aýaly gaharlanyp ýoldaşyna jañ edýär: - Heýt, haýsy jähennemde gezip ýörsüñ sen?! - Ezizim, seniñ gowy gören brilliant ýüzügiñ satylýan ýeri barda, hany şo wagt pulum ýokdy, men saña "Hökman alyp bererin görersiñ" diýip söz beripdim. Ýadyña düşdümi? - diýende o aýal ýumşapdyr we titreýän sesi bilen: - H-h-hawa ýeke-tägim, elbetde ýadyma düşdi. - Häh, ine şonuñ gapdaljygyndaky kafede oglanlar bilen içip otyrys, gijiräk bararyn söýgülim. * * * Merjen bilen kino görýäris. Telefonym aşhanada galypdyr, sms gelenini eşitdim. Ýaltanyp turup aşhana bardym, sms-i Merjen iberen eken: - Ezizim, aşhana baran bolsaň, çaý demläp alyp gaýtsana. * * * Talyp kafede gyz bilen tans edip ýörmiş. Birden biziñ talybymyz özünden gidip ýykylýar. Ýanyndaky gyz gygyrmaga başlaýar: - Suw getiriň, suw! Bärde biri özünden gitdi... Talyp ýigit ýatan ýerinden gözjagazyny açyp, ysgynsyzja ses bilen: - Bir döwüm çöregem getirsinler-le... * * * — Sen iňlisçe bilýäňmi? — Hawa. — Näçeräk bilýäň? — Ähli meseläni düşündirip bilýärin. — Hany, düşündir! — I dont know English! * * * Iki sany gyzjagaz duralgada dur. Olaryň biri beýlekisine ýüzlenýär: — Sen näçelik awtobusa garaşýarsyň?! — 6-lyga. A sen? — Menem 9-lyga. Şol wagt duralga 69 belgili awtobus gelýär. Gyzjagazlaryň ikisi-de şatlykly seslenýärler: — Ura, ikimiz hem bir awtobusda gidýäris... * * * Ilkinji gezek mekdebe gidip gelen oglanjykdan ejesi soraýar: — Mekdepde öýdäki ýaly garagolluk, gykylyk etmän, özüňi oňat alyp bardyňmy? —Ýogsam näme. Günuzyn burçda duruzsalar, ýakymsyzlyk edip bolýarmy? — diýip, oglanjyk jogap berýär. * * * Kakasy oglundan: — Oglum, ejeň bilen kakaň iki alma berse, sende näçe alma bolýar? — diýip soraýar. — Dört. — Eneň bilen ataň üç guzy berse, sende näçe guzy bolýar? — Hiç guzym hem bolmaz. — Wiý, o näme üçin? — Men olardan sorap gördüm, enemde-de, atamda-da guzy ýok eken... * * * Oglanjyk ejesine ýüzlenýär: — Eje, futbol oýnamaga gidäýeýin-dä. — Ýüzüň şu kiri bilenmi?! — Ýok, dostlarym bilen... * * * Bäş ýaşlyja oglanjyk kakasyndan soraýar: — Kaka, sagat ýatyp galypdyr diýýäň welin, ony nädip turuzsamkam?! * * * — Towuklara iým berdiňmi, oglum? — Hawa, towuklarymyz sowuklamaz ýaly, olara seniň içýän burçuňdan hem goşup berdim. * * * — Eje, adama onuň etmedik işi üçin temmi berilýärmi? — diýip, oglanjyk ejesinden soraýar. — Ýok, oglum - diýip ejesi oglunyň başyny sypaýar. Oglanjyk bolsa müzzerip durşuna hüňňürdeýär: — A mugallymymyz maňa ýerine ýetirmedik öý işim üçin ikilik goýdy. * * * Garryja enesi agtygyndan soraýar: — Balam, bu otluçöpler näme üçin ýananokka?! Agtygy geň galyjylyk bilen jogap berýär: — Bilmedim-dä, ene, otluçöpi satyn alamda, ýekän-ýekän ýakyp barlap alypdym. Şonda-ha olar ýanýardy... * * * Lukman çagadan soraýar: — Bu gün näme iýdiň? — Palaw iýdim. Lukman az wagt pikirlenenden soňra ýene-de sorag berýär: — Işdämenlik bilen iýdiňmi? — Ýo-ok, salat bilen iýdim. * * * Mugallym okuwçydan soraýar: — Näme üçin düýn okuwa gelmediň? — Uly doganym syrkawlady. — Ýeri, näsaglan-uly doganyň. Seniň oňa näme dahylyň bar? — Menem uzynly gün onuň tigrini sürdüm-dä... * * * — Eje, men şu gün awtobusda bir gelnejä ýer berdim. Ýöne ol oturmady. — Onsoň sen näme etdiň, oglum? — Ýene öňkim ýaly enemiň gujagynda oturyberdim. * * * Oglanjyk oba enelerine myhmançylyga gelýär. 3-4 gün bolandan soň, ol enesine ýüzlenýär: — Ene, jaňly sagadyňyz ýatypdyr-a?! — Hawa, köşek, sagadyň batareýi çöküpdir. — Onda sizi irden kim turuzýar? — Wiý, bileňokmy, horazymyz her gün irden gygyryp turuzyp dur-a! — Ene, horazyň batareýini alyp, sagadyňyz-a daksaň işlemezmi? * * * Üç sany gullukdaş bäş ýyl soñ täzeden ýygnanyşýarlar. Birinjisi: - Men gullukdan soñ Himinstituta okuwa girdim we şu wagt "HIMIK" atly gazetiñ redaktory. Ikinjisi: - Men gullukdan soñ Medakademiýa okuwa girdim we şu wagt "MEDIK" atly gazetin redaktory. Üçünjisi: - Men gullukdan soñ Pedinstituta okuwa girdim we şu wagt haýsy gazetiñ redaktorydygymy size aýdyp biljekdäl... * * * Bir hytaýly adam Turkmenistana syýahata gelipdir. Ýany bilen dilmajyny hem alyp gelipdir. Olar Turkmenistana gezelenç edip ýörkäler, awtoulag heläkçiligine uçraýarlar. Dilmaç pahyr şobada ölýär. Onsoñ agyr ýagdaýdaky hytaýly syyahatçyny keselhana getirýärler we reanimisiýa ýerleşdirýärler. Ol özüne gelende onuñ yanyna ýagdaýyny barlamaga lukman gelýär. Hytaýly şol wagt: "Çan çin çin" diýýär-de ölüp oturyberýär. ölýar. Onsoñ lukman pikire batýar: "Diliñe goýaýyn seniñ... Ýeri indi bu näme diýdigikä" diýip oýlanýar. Soñra ol lukman bir terjimeçi tapyp hytaýlynyñ "çan çin cun" sozüni terjime etdirýär. Terjimesi şeýle ekeni: "Şlangany basyp dursyñ, dem gelenok!.." * * * Aman bilen Jeren bir ýokary okuw jaýynda okaýan talypmyşyn. Olar ýaşanda-da bir salgyda ýaşaýarlarmyş. Günlerde bir gün Amanyñ ejesi ogluny görmäge gelýär. Çaý-nahardan soñ ogly bilen ikiçäk galan aýal ogly Aman bilen Jereniñ arasynda näme bar-näme ýoklugyny bilmek üçin assyrynlyk bilen oglundan soraýar. Ogly bolsa: - Eje biz diñe bir salgyda ýaşaýarys. Aramyzda başga hiç zat ýok! - diýyär. Ejesi gidensoñ bir gün Jeren: - Aman, meni, kümüş okaram ýok! - diýýär. Amanam: - Ony ejem-ä alan däl bolmaly. Ýöne şonda-da oña hat ýazyp sorap göreýin - diýip netijä gelýär. Ol hatynda: "Eje, sen alansyñ ýa alan dälsiñ-ä diýjek däl welin, sen gaýdañsoñ Jereniñ kümüş okarasyny tapamzok. Hatyñ jogabyna garaşýaryn..." diýip ýazýar. Bir hepde geçensoñ hata jogap gelýär: "Oglum; sen Jeren bilen yatyañ ýa yatañog-a diýjek däl welin, Jeren öz ýerinde ýatýan bolsa, okarany öz krowatynyñ üstünde durandygyny görerdi. * * * Has-haslap gelen adam: - Lukman, meniñ iki gün bäri asgazanym agyrýar. Näme etsemkäm? - diýýär. -Azyrak iyiñ, ýeñilräk naharlar iýiñ. Hä, birem äynek dakynyñ. -Aşgazan bilen äýnegiñ näme dahyly bar, ýoldaş lukman? - Dahyly şu: Lukman aşaky etajda. Men bolsa adwokat!.. * * * Hytrowkada dört sany oglan bir ýaşrak ýigidi urup durlarmyşyn. Urulýan görgüliniñ agzy-burny gara-ganmyşyn. Geçip barýan eli hasaly garryja ýaşuly olary görüp: - Häý, naýypsaplar, dört bolup bir oglanyñ daşyna geçmek erkeklikmidir? Ýeri, beýder ýaly näme eden etmişi bar? - diýýär. Oglanlar ýerli-ýerden: - Wah, ýaşuly! Şü oglan hemme aýdymlaryň arasynda "Aj-jaýyp nokat kom-m" diýip içiñi ýakýan oglan-da... - diýýärler. Ýaşulynyñ göhi gelýär: - Şeýlemidi, asyl?.. Häý, enesi ýalamadyk, me, al, onda şu hasa bilenem agzyna ursana, dep içine... * * * 10-njy klasda okaýan oglan, 8-nji klasa okaýan gyza "duşuşaly" diýip jañ edýärmişin: - Allo, gülüm gowumy, bu gün hem düýnki ýerde görşäýsek... Gyz jogap berýärmişin: - Bolýa, görşäýeris welin, düýnki yaly diñe öpüşip oturjak bolsak, 6-njy klasdaky gyzlara jañ edäýsene!... * * * Öñem biri Tüekmenabada iş saparyna şaýlanypdyr. Onsoñ ol ogly bilen gyzyna: - Eger-de, kim kapiýalaşdyryp bir zat aýtsa, şoña şol aýdan zadyny getirip berjek! - diýipdir. Gyzy: - Kakam gidýä Türkmenabat - maña getirýä şokolat! - diýýär. - Maladis gyzym, saña hökman şokolad getirip bererin! Ogly bolsa: - Kakam gidýär Türkmenabat - maña getirýär totyguş -diýýär. - Ýok, oglum, munyñ bolanok, jigiñ ýaly kapyýa getirip aýtsana! Oglunyñ girre gahary gelýär: - Kakam gidýä Türkmenabat, ejem bolýa örän şat. Ejemiñ oýnaşy biziñ goñşy, kakam getirýär totyguşy! * * * Ependi adamlara diýýämiş: - Eý, adamlar! Meniñ aýalyma gezegen diýip, syrtyñyzy goýan ýeriñizde gep edip ýörsüñiz welin, şol ýerýuwtmyş heleý biziñ öýümizde görnenok-la asyl?!.. * * * Mekdep müdiri: - Biziñ hemmämiz bir maşgala, biz bir bütewidiris... Okuwçy: - Seret häzir ýene-de pul ýygnajakdyr. * * * Mugallym tebigaty öwreniş dersinde okuwçylardan sapak soraýar: -Serdarow, hany sen aýt: şemal diýmek näme? Serdarow şeýle jogap berýär: -Ol howlugyp barýan howa bolaýmasa, mugallym. * * * Matematika dersinden öý-işine taýýarlanýan Kerimjikden kakasy: -Şu wagt sag jübiňden 5 manat, çep jübiňden 20 manat çyksa, jemi näçe manadyň bolar?-diýip soraýar. -Wiý, kaka, onda men başga biriniň eşigini geýen bolaýmaýyn... * * * Körpeje Selbijik näme üçin henizem turmandygynyň sebäbini ejesine düşündirýär: -Eje, meniň gözlerim oýansa-da, aýaklarym entek ukuda... * * * Ädigini geýip daşary çykmakçy bolýan garagolja Serdarjyga ejesi ýüzlenýär: -Oglum, daşary guraksy, suw, palçyk ýok ahyryn. Serdarjyk: -Men olary hökman taparyn, eje... * * * Batyrjyk kakasyna: -Kaka, näme üçin şetdalynyň içine şänik salypdyrlar? Salmaly däl ekenler-dä... -Näme üçin, köşek? -Öňi soňy onuň maňzy iýilenog-a. * * * Atasy garagolja agtyjagyna diýenini etdirjek bolup: -Köşek, goýnumyz diýenimizi etmänsoň, ony möjek iýäýipdir. Merdanjyk: -Ol diýen eden bolsa, özümiz iýerdik, hä ata?! * * * Günlerde bir gün Ependi metjide baryp, münbere çykyp: – A-how, musulmanlar! Meniň näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip, adamlara ýüzlenipdir. Adamlar: – Ýok bilemzok – diýipdirler. Onda Ependi: – Aý, onda bilmeýänlere wagyz etmegiň geregi-de ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir. Soňra bir gün ýene metjide baryp, münbere çykyp: – Eý, doganlar! Meniň size näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip sorapdyr. Adamlar: – Hawa, Ependi, bilýäris – diýip jogap beripdirler. Onda Ependi: – Aý, bilýän bolsaňyz, onda meniň wagyz etmegimiň hajaty ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir. Adamlar onuň bolşuna geň galyp: – Eger Ependi ýene gelip soraýsa, «Käbirimiz bilýäris, käbirimizem bilemzok» diýip jogap bereliň – diýen maslahata gelipdirler. Ependi ýene-de bir gün münbere çykyp: – Eý, möminler! Meniň size näme wagyz-nesihat etjegimi bilýäňizmi? – diýip ýüzlenipdir. Onda adamlar! – Hawa, Ependi, käbirimiz bilýäris, käbirimiz bilmeýäris – diýip, jogap berenlerinde Ependi: – Be-ýe, neneňsi ýagşy adamlar ekeniňiz. Onda bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň – diýip, münberden düşüp gaýdypdyr. * * * - Mazaly, maşynyñ bilen ynjytman getiräýdiñ goñşy. Näme bermeli? - Tanryyalkasyndan başga name berseñ beräý. - Sag bol onda! * * * - Ah-ow, sakaldaş, yaşyñ bir çaka barypdyr, senem indi namaz okap oraza tutuberseñ bolmyýamy?!. - Men-ä... namazam okajak däl, oraza-da tutjak däl, ogurlugam etjek däl.. * * * Bir işýakmaz adam emel hantamaçylygy bilen, täze başlygyñ ýanyna baryp, onyn ata-babasyny taryplap, işleri täzeçe guraýşyny hem öwüp ugrapdyr. Birsalymdan başlyk onuñ sözüni kesip, garaşylmadyk sorag beripdir. - Sen şofûor dagy-ha dalsiñ-da, hernä?! - Ýok, ömrümde demiriñ ýanyna baran daldirin-diyip, yanky adam ör gökden gelipdir-de: - Ony nameden soradynyz?- diyipdir. Başlyk yylgyrypdyrda: - Domkrat goýşunyzy halanym üçin - diýipdir. * * * Bir gün Ependiniñ öyüne ogry giripdir. Ogry öyüñ içini dökän-saçan edip hiç zat tapmandyr. Ogry şu sandykda bir alar yaly zat ýokmuka diyip, sandygy açsa, içinde Ependi otyranmyş. Ogry howsala düşüp: -Sen name edyan sadykda?- diyipdir. - Biziñ öyümizde saña ogurlar yaly zat tapmak miýýser etmejegini bilip, utanjymdan sandyga girip oturaýdym... * * * Bir ene tilki çagalaryna mydama "Şirim, şirjagazym" diyip söygüläpdir. Günlerde bir gün şol tilkiniñ çagasy şirdirin öydüp, Şiriñ gowagyna giripdir. Bu onuñ iñ soñky giren gowagy bolupdyr... * * * Ependi obadaşyny jaýlaşmak üçin mazarystanlykda durka oňa klasdaşy el telefonyndan jaň edýar. - Ependi aga keýpler niçik? - Klasdaşjan, men mazarystanlykda! Soňrak özüm jaň ederin. - Waý Ependijan! Agam! Kim seni öldürdi, nädäýdiň muny..... * * * Soldat öýlerine granat iberýär: “Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“ * * * "Titanik" gark bolýar... Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir turkmen daýza gelýär: - Çaý bar, kofe bar, çigit bar... * * * Kolhozda her gün işden soň, ýari gijä çenli ýygnak bolýar diýýär. Ozalam işden ýadaw adamlara agyr degýämiş bu ýygnaklar. Ahyry bir aýal seslenýär: - Ýoldaş başlyk. Meniň ýaş çagam bar, aglaýandyr. Men rugsat berseňiz gideýin! -diýýär. Başlyk rugsat berýär. Aýal gidýär. Yzy bilen ýene bir gelin seslenýär: - Ýollaş başlyk jan, meni hem goýberäýiň-dä! - Sen nira? Seniň näme çagaň barmy? -diýýär başlyk. Ýaş gelin bolsa: - Günde ýari-gijä çenli şeýle ýignak etseňiz, meniň hiçem çagam bolmaz! -diýipdir. * * * Polisiýa ýol-ulag bidüzgünçiligini goýberen “Zaporožly” orsy saklaýar. Ol orsa: - Siz maşyny gaty sürdüňiz. Türkmen dilinde obýasnitelnyý ýazmaly bolarsyňyz - diýipdir. - No ýa ne znaýu po turkmenskiý! - Men bilemok, maňa türkmençe obýasnitelnyý ýaz, nähili ýazsaz şoň ýaly ýaz! Ors pikir edýär-pikir edýär-de, ahyry jübüsinden 100 manat çykaryp, kagyzyň üstünde goýýar: - Na tebe obýasnitelnyý! - Türkmençe neznaýu, neznaýu diýip aldyň ýatdyň-laý. Bilýän ekeniñ-ä turkmençe... * * * Prokuror şaýatdan soraýar: - Eger-de soraglaryma nädogry jogap berseňiz, size namäniň garaşýanyny bilýäňizmi? - Hawa, bilýän! Maňa "Mersedes" söz berdiler. * * * Bir sekretarka işe ýerleşmek üçin firma gelýar. Ol özi barada gürrüň berýär: - Men minutda 1200 harp urup ýetişýän! Her kim geň galýar. Sekretarka bolsa gürrüňini dowam edýär: - Aý, onsaň ýazan zadymy özümem okap bilemok. * * * - Menem möjege topuldym, onsaň pyçagym bilen onuň guýrugyny kesdim – diýip bir awçy öwünýämiş. Dostlary bolsa: - Näme üçin kellesini kesmediň? - Bilýäňizmi näme, o möjegiň kellesini menden öň biri kesipdir. * * * Bir pianist özüniň haker dostunyň ýanynda täze alan pianinosyny öwmäge başlaýar. Haker bolsa onuň pianinosyny gowja synlap: - Klawiaturaňa biderek welin, ine SHIFT-i aýagyň bilen basmagyň welin daş! * * * - Öwlüýade garawulyñ otyryan yerne name diýilýar? - Dirileñ çüñki... * * * Oglan gyza : - Sen öykelemersiñmi ? - Aýdyber - Bu koynek seni çişik görkezÿar ! - A-aa.. onda men muny çykaraýaryn. - Ee-ýý Hudaýjan, bu lifçik sizi hasam çişik görkezýar... * * * Gyzlar juda rehimdar. Olar oglanlary hiçhili günäsi ýok ýerinde hem bagyşlap bilýärler... * * * Telewizorda Alla Pugaçýowa we Maksim Galkini gorkezip durdylar. Ejesi kiçijik garagol keçjal ogluna: - Ine seret senem akylly edepli tertipli bolmasañ hemmelere azar berip gezseñ ulalañda şu kempire öýlenip bile ýaşarsyñ.... * * * Iki jübüt masgala lukmanyñkyda äri: - Aýalym men bilen gatnaşyk etmek islemeýär... - Bu ýalan! - aýaly garshy çykýar: - Men isleýän ýöne ýylda bir gezek däl! * * * Gelejekde bize çilim çekýan, dyrnagyny ösdürip laklaýan, tamdyrda çörek yapyp bilmeýän, imoda, laýndan çykmaýan we göbegi pirsingli, arkasy tatuirowkaly eneler garashýar... * * * Aýaly ärine: - Eger göwnüme degseñ "Nädip şermenfe bolmaly" diýen okuwa ýazylaryn! - Mugallym bolupmy?.. * * * Düýn maña çagam sheýle diýdi: "Elbetde öýmüziñ hojaýyny kakam, ýöne kakamyñ hojaýyny EJEM!" * * * Fermer bolup işleýän Arslan gaharly arak içip otyrdy: - Arslan name üçin sen gaharly otyrsyñ ? - Sen ynanmarsyñ Myrat, sygyr sagdym, bedrani doldurdym welin şol wagt çep aýagy bilen bedräni depip dökdi. - Bahbit bolsun diý. - Ýok. Sen ynanmarsyñ Myrat, çep aýagny ýüp bilen stolba dañdym, tazeden sagyp bedräni doldurdym, ol sygyr sag aýagy bilen bedräni depip dökdi. - Onson näme boldy? - Ýok, sen ynanmaýañ Myrat, sag aýagnam beyleki stolba dañdym ýene sagyp bedrani doldursam, guýrugy bilen dökdi. - gynanyp otyrmasana - Ýok sen ynanmaýañ, Myrat!!! Ýüpum gutardy. Balagymdan guşagymy sypyrdym-da guýrugna dañyp, yokary galdyrdym welin balagym aşak gaçdy. - Onsoñ name boldy? - Sen ynanmarsyñ, Myrat. Edil şol pursatam aýalym geldi... * * * Garakçylar bir adamy ýesir tutyarlar. Uly köliñ gyrasyna getirip kellesini suwa sokup sorayarlar: - Pul barmy ? - Yok. - Gyzyl barmy? - Yok. - Gymmat baha name bar.? - Oglanlar ýa düýbüne çenli sokuñ ýa-da köpräk saklañ, ýogsa hiç zat gornenok... * * * - Nadip beýle bolduñ ? - Meni aýalym taşlady! - Onuñ uçin 2-nji etajdan bökeniñe degenog-a.. - Lukman siz ters düşündiñiz! Menden aýalym aýrylyşyp gidenok, aýalym meni aýnadan aşak taşlady.... * * * Ogluma otyrkak tapmaça berdim: - Käte çişýä kate pyssarýä, tutuş öýe ýañ salýa... ( jogaby - garmoşka saz guraly). Bäş ýaşlyja oglum pikirlenmän jogap beräýdi: - Ejem... * * * - Men aýalymyñ bilýard oýnap bilmeýänini anyk bilýädim. Bir gün oñ bilen öz keýpine bilýard oýnaşdyk. - Onsoñ.. - Indi aýagym şpilkaly aptega prokladka almaga barýan... * * * ÝaŞ tejribesiz palçy gyz Merede pal atyp, onuñ tutuş 2 ýyllap jynsy gatnaşyk edip bilmejegini aýtdy. Meret şonda-da ruhdan düşmedi. Ol şo duran ýerinden turmanka, gyzyñ ýalan sözleýändigini subut etdi.... * * * - Siz name meniñ göwsüme seredip otyrsyñyz. Öz jalbaryñyzyñ zamogynam- yapmansyñyz! - Zamogyñ açyklygyny goren bolsañyz, sizem-ä meniñ gözüme seretman ekeniñiz... * * * Aýaly arine gygyrýar: - Şunçada içmek bolarmy? Aýlanyp gör, hassahanalara, näçe adam arakdan öldi... Ertesi äri ýene içgili gelip: - Hassahanalara aýlandym, "Çaga üstünde...", "aýaly sebapli...", "işinde..." ölen kän, ýöne arak içip ölen-ä tapmadym.... Çenini bilman arak içýanleri gaty ýigrenýän. Düýn toýda meni mashyna çenli ugratjak bolup 3 gezek ellerinden gaçyrdylar. Gargyshsiñen alkashlar.... **** Eger äriñ balyk tutmafa gidip, suw perisini tapdymy? Onda deñize gidiñ gyzlar! Deñizde Görogly, Alparslan, ýene birnäçe palwanlar bar... * * * - Maral, sen ýarañokmy ? - Name üçin soradyñ ony, Jeren? - Irden sizden bir lukman çykyp barýady... - Onda bir gün sizden polkownik çykyp gidenini görsem köçä çykyp "Uruş turdy!" diyip gygyrybereýinmi?!. * * * - Irden saçymy gowlap, üstünden saç doñdurýan lak sepip duranymy gören ärim: "Sen ol dihlofosy biderek zaýalap otyrma. O kelläñdäki tarakanlar barybyr ölmez... * * * Mugallym: - Näme üçin sapakda ýatyrsyň? Talyp: - Mugallym siziň şeýle bir ýakymly sesiňiz bar welin nädip ýatmajak!? Mugallym: - Onda näme üçin beýlekiler ýatanok? Talyp: - Sebäbi olar sizi diňlänok... * * * Bir gün obadan bir yaşuly şahere gezelenje gidipdir. Ýaşuly bir dükana girip, içerini bir hatar aýlanýar. Soň hem kassa gelýär. Kassada bir sany on sekiz ýaşlaryndaky oglan bilen gyz duran eken. Ýaşuly olardan: - bu ýerde näme satylýar?- diýip sorapdyr. Olar hem: - Aý ýaşuly eşek satylýar - diýip, üstünden güljek bolupdyr. Ýaşuly hem ýylgyryp : - Diňe ikiňizmi ýa başga-da barmy?- diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |