22:04 Sosial mediýada anyk şahsy maglumatlar hökmanymy? | |
SOSIAL MEDIÝADA ANYK ŞAHSY MAGLUMATLAR HÖKMANYMY?
Publisistika
MHP-niñ deputaty Halil Öztürk düýn bir kanun teklibini berdi. Eger onuñ teklibi mejlisde kabul edilse, Instagram, Twitter, Youtube, Facebook ýaly internet ulgamlarynda galp hasaplar (nikler) bloklanmaly we haýsydyr bir internet ulgamynda hereket etmek üçin hökmany suratda şahsy maglumatlaryñy girizmeli. Sosial mediýada trollardan, manipulýatiw ýalan-ýaşryk habarlary ýaýradýanlardan, galp niklere bukulyp görene kesek atýanlardan ýaña jemgyýetimiziñ hemme gatlagy ynjalyksyz ýagdaýda. Emma munuñ çözgüdi döwletiñ her internetden peýdalanyjyny yzarlamaga mümkinçilik berýän ulgamy döretmek bolmaly däl! Biz täze gadagançylyklara zerurlyk duýamzok. Tersine, adamlaryñ öz pikirlerini erkin beýan edip bilmek üçin galp niklere zerurlyk duýmaz ýaly derejedäki erkinlik atmosferasyny döretjek bolmaly. Hapa-paýyş sözler we masgaralamak alamaty bolmadyk ýagdaýynda hiç kimsäniñ sosial mediýada paýlaşan zady sebäpli tussag astyna alynmazlygy, jogapkärçilige çekilmezligi… Ýogsam bolmasa, döwletiñ bizi hemişe her pursatda synlap duran inspektora öwrülmesiniñ öñüni alyp bilmeris. ■ Germaniýa modeli Aslynda bu diñe Türkiýä degişli mesele däl, dünýäniñ hemme ýurdunyñ agyryly meselesine öwrüldi. Düýn bu meseläniñ üstünde durup geçende, professor Adem Sözüer Germaniýadan mysal aldy. Germaniýada belli bir möçberden ýokardaky peýdalanyja eýe sosial mediýa şereketleri ýurtdaky ähli wekilleri bir ýere jemlemäge we haýsydyr bir ildeş paýlaşylan haýsydyr bir habardan şikaýatçy bolan ýagdaýynda, muny seljerip, 24 sagadyñ dowamynda belli bir netijä gelmäge borçly. Ýagny, ýüze çykan düşünişmezlik döwletiñ gözegçiliginde däl-de, sosial mediýa şereketleriniñ öz gözegçiligi astynda çözülýär. Professor Sözüer: "Sosial mediýada çäkden çykmalaryñ bolýany dogry, emma çözgüdi MHP-niñ kanun teklibi ýaly görnüşde däl. Çünki bu söwda gatnaşygyndaky ýaly däl ahyryn, men näme üçin anyk şahsy maglumatlarymy döwlet bilen paýlaşmaly? Ýazjak sözümi islesem lakam bilenem ýazaryn. Munuñ tertibe salynmasy gerek, emma döwletleriñ bu maglumatlara eýe bolmasy profil çykarma çenli gider" diýip, ýatladýar. Kübra PAR, kubrapar@haberturk.com "HABERTÜRK" gazeti, 01.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |