21:22 Sosial ýokanç keseller | |
SOSIAL ÝOKANÇ KESELLER
Psihologiýa
Keselleriñ ýokanç bolup bolmazlygynyñ takdyr bilen ilteşigi alymlary ikä bölüpdir, çynlakaý oýlandyrypdyr. Dereginde ýokanç keseller-de degişli älemde Alladan daşgaryn hemme zadyñ biri-birine sepleşýändigini bilýänler üçin meseläniñ jedelleşip oturara zady ýok. Gürrüñ gutardy. Bolany. Merkeze Allany alanyñyzda sebäpleriñ täsiri öz-özünden çäklenýär. Merkeze ynsany alanyñyzda bolsa Allanyñ ygtyýarlygy çäklener. Sepleşik - şol bir wagtyñ özünde takdyrdyr. Ýokanç keseller meselesinde-de ýagdaý şonlugyna galýar. Başga bir penjireden seredenimizde: wiruslaram Allanyñ goşunlaryndan bir goşun saýylýar. Galyberse-de, älemde Alladan bidin zat ýok. Adamyñ bölekleýin eradasy bar we takdyr sofistik (ýasama) häsiýetlidir. Ýokanç keseller Allanyñ halan gullaryna-da ýolugyp biler we olaryñ derejelerini şahadat mertebesine çenli beýgelder. Hezreti Omaryñ halyflyk eden döwründe, hijriniñ 18-nji ýylynda amwas ady bilen ýaýran ýokanç kesel aralarynda sahabalaryñ hem bolan 25 müñ adamyñ ölümine sebäp bolupdyr. Şol ýylyñ ýagyş ýagman gurak geçendigi sebäpli başga bir heläkçiligem bolup geçipdir: olam açlyk we gytçylyk heläkçiligidir. Şol ýyla "Am er-rimade" ("Açlyk ýyly") diýlipdir. Korona wirusynda bolşy ýaly sary keselleri ýa-da ýokanç keseller diñe biologiki tarapdan ýaýramaga ukyplymy? Ol diñe şu ugur bilen çäklenýärmi? Eýse, sosial ugurda-da şular ýaly ýokanç keseller barmyka? Sosial darwinizm - Darwiniñ teoriýasynyñ hasam giñeldilip sosial ugurda şöhlelenmegine aýdylýar. Ýagny ýekebara organizmleriñ arasyndaky basdaşlygyñ ýola iñ uýgunynyñ dowam edip, biologiki taýdan ewolýusion üýtgeşmä sebäp bolşy ýaly, şahslarara, toparlarara ýa-da halkara bäsdeşligi ynsan jemgyýetinde teoretiki taýdan sosial ewolýusiýa sebäp bolýar. Bu barada söz açylanda faşizm we nasional sosializm adam gatnaşyklarynda sosial darwinist nukdaýnazary bilen bulaşdyrylýar. Diýmek biologiýanyñ añyrsynda sosial darwinizm hem bar. Elbetde, biz hem biologiki darwinizme garşy çykyşymyz ýaly, sosial darwinizmi-de inkär edýäris. Munuñ bilen birlikde kesgitlemämiziñ düşnükli bolmagyny añsatlaşdyrýandygyna ynanyp durmasak-da, sosial darwinizm düşünjesine ýüz urduk. Bu ýoluñ biologiki ugrunda ýokanç kesellere parallelikde sosial ugurda-da ýokanç keseller bar. Ol ýerdäki ýokançlyk organiki däl-de, jemgyýet gatlaklarynyñ psihologiýasy bilen baglanyşykly. Meselem, Ibn Haldun "ýeñlenler ýeñijilere öýküner" diýende, şuny göz öñüne tutupdyr we gatlaklar instinktiw biçüwde rüstem görenlerine, ýagny ýeñijilere meñzejek bolýarlar. Medeni taýdan alanda-da şeýle. Moda (ýoñ) hem medeni ölçegli sosial keseldir ýa-da fenomendir. Öýkünme - bu hem sosial kesellere girýär. Ol ynsanyñ akylly-huşly hereket etmegine päsgel berýär. Gysgaça alanymyzda şeýle: ilhanlylar ýeñiji bolan hallaryna bary-ýogy togsan ýylyñ içinde yslamyñ içinde eräp gidipdir. Rimliler jeñ meýdanynda greklerden üstün çykanam bolsalar, grek medeniýetiniñ öñünde dyza çöküpdirler. Rimliler harby taýdan rüstem bolsa, Afiny medeni taýdan rüstemdir. Diýmek, ýeñiş hemmetaraplaýyn bolup bilmeýär, käbir ugurdaky ýeñijiler beýleki ugurlarda ýeñilip bilýärler. Sosial keselleriñ wirusy ýa-da berýän musallaty tabun psihologiýasydyr. Tabun psihologiýasy sosial ugurda obýektiñ immunitet goragyny weýran edip, ony jemgyýetiñ öñünde lapykeç hala we passiw ýagdaýa getirýär. "Ezher" žurnalynyñ öñki redaktorlaryndan Muhammet Ferit Wejdi özüniñ "Yslamyñ missiýasy" ("Mühimmetü't Din el İslami") kitabynda parahorlugyñ we bozgakçylygyñ sosial wirusdygyny hem-de jemgyýetleriñ oñurga ýiligini sorýandygyny aýdypdyr. Ýagny, onuñ wiruslar ýaly ýokanç kesele öwrülme häsiýeti bar ("Mühimmetü'd Din el İslami, Dar el Besair, Kahire, s: 179). Netijede, ýagşylyk we ýamanlyk infeksion häsiýetlidir. Ýöne sosial uguryñ kadalary tapawutly. Şonuñ üçin wekillik etmä we teblige üns berilmändir. Adamlar görüm-göreldelik ýagşy işlerden nusga alýarlar, başgalaryñ özüni alyp barşyndan täsirlenýärler. Bu ýerde makul bolan seljerme özüniñ seretme taraplary boýunça ösen bilnikli halamak we saýlap almakdyr. Şonuñ üçin müçtehit ýalñyşsa-da, dogry kesgitlemekde ýa-da zähmetiniñ miwesini alypdyr. Hezreti Ebu Bekir ilkinji hutbasynda altyn kadalary ýatladypdyr. Ol güýçliniñ däl-de, hakykatyñ tarapyny tutupdyr. "Ejiz meniñ ýanymda hakyny alýança güýçli, güýçli bolsa ejizdir" diýer eken. Hudaýa garşy gitmede gula ytagat ýok, kada laýyklykda ýolbaşçylara şertleýin, ölçegli we sepleşikli ytagat gerek. By manyda yslamda ytagat şertleýindir, ýagny kanunydyr, olam iñ ýokary ygtyýarlyk bolan Allanyñ goýan düzgünlerine ters düşenok. Ilkinji hutbasynda Hezreti Ebu Bekir (r.a) erbetlik bir jemgyýetde giñden ýaýrasa, belanyñ umumylaşyp biljegine ünsi çekipdir. Umumy erbetlige garşy umumy bela. Bu ýerde umumy erbetlik esasynda sosial ugurda ýaýran erbetlikler barada gürrüñ gidýär. Adnan Menseresiñ bilim ministrlerinden bolan Tewfik Ileri: "Jemgyýetde erbetlik çenden aşsa, yza dolanma mümkin däl, onuñ öñüni almak başartmaz we gözegçilikden çykar" diýipdir. Wagtyñ geçmegi bilen şol aýdylanlar sosiologik kada öwrülip gidipdir. Käbirlerine görä erbetlik 51%-den ýa-da 10%-den aşsa, onuñ öñüni almak mümkin däl. Düzedip bolmajak ýagdaý dörär, ara başga-başga kanunlar girer. Şonuñ üçin erbetlik ýaýramanka onuñ garşysyna köpçülik bolup göreşmegimiz gerek. Muña bolsa biz "emri bi'l maruf nehýi ani-l münker" diýýändiris. Ýagşylyk ugrunda mobilizasiýa. Bu biziñ jemgyýetçilik borjumyzdyr. Bu ýerde sinhronizasiýanyñ ähmiýeti uludyr we konsistensiýa wagty gaça durulsa göz öñüne tutulan täsir ýa-da ajy derman peýda etmez. Jemgyýet etmeli işini etmese semawy apatlar herekete geçer. Gysgaça aýdanymyzda, infeksiýa diñe biologiki keseller bilen çäklenenok, onuñ sosial taraplary we ölçegi bar. Şol ölçeg bolsa sosial kanunlar arkaly formulirlenýär. Bu kadalary ýola goýan-da Alladyr. Kadalary talabalaýyk ýerine ýetirmezlik sosial kesellere gol bulamak bilen birlikde onuñ penjesine düşmegi-de gutulgysyz ýagdaýa öwürýär. Ol keselleriñ penjesine düşmek nähili mümkin bolýan bolsa, gaça durmagam şonça mümkindir. Bu ýerde otrisatellik bilen položitelligiñ arasyndaky çägi aýyl-saýyl edýän kanunlardyr we kriteriýalardyr. Bellenen kadalary ýerine ýetirmek meselesidir. Kim bellenen kadalardan çykmasa, ondan gaça durup we goranyp biler. Mustapa ÖZJAN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||