19:05 Söwda çekişmesi haýsy ugra gönükdi, koronawirus biologik hüjümmi? | |
SÖWDA ÇEKIŞMESI HAÝSY UGRA GÖNÜKDI, KORONAWIRUS BIOLOGIK HÜJÜMMI?
Publisistika
Whatsapp arkaly internetde ýaýran bir ses ýazgysynda Hytaýda medisina ugrundan okaýan talyplaryñ biri Uhandaky epidemiýanyñ pikir edilişinden we habar beriş serişdelerinde aýdylyşyndan has çökderdigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Ikinji jahan urşy döwründe, ýagny 1942-nji ýylda Angliýanyñ (Şotlandiýanyñ demirgazygyndaky gury ýere 1 km uzaklykda ýerleşen kiçijik ada) Gruinard adasy biyologik ýaraglaryñ synag edilýän ýeri bolupdy.[1] Nemes şäherleriniñ depesinden guýlan ýagdaýynda, onuñ döretjek täsirini bilmek üçin ada goýberilen segsen sany goýunyñ üstüne uçardan şarbon wirusy sepelenendigi we onuñ beren netijeleri baradaky maglumaty 2003-nji ýylda türk dilinde çap edilen "Wirus hüjüme geçýär. Biologiki we himiki uruşa tarap" atly kitapdan okapdym.[2] Synagdan soñ "Antraks", ýagny "Şarbon" ady dakylan bu adadaky howply barlagyñ netijelerini beýan edýän wideoýazgy 1997-nji ýylda gizlinlik güýjüni ýitirenden soñra internetde hem ýaýrapdy. Gürrüñini eden kitabymda ABŞ-nyñ we Angliýanyñ öz halkynyñ arasynda geçiren käbir synaglaryndan hem söz açýar. Bir gezek iñlisler epidemiki keseliñ nähili çaltlykda ýaýraýşyny barlamak üçin metro duralgalarynda, amerikanlar bolsa San-Fransiskoda Golden Geýt köprüsiniñ astynda dümew wirisyny ýaýradypdylar. Netijede olar bakterial keselleriñ tizligini we haýsy ugurlar boýunça ýaýraýandygyny öwrenipdirler. Şol synaglaryñ adam pidasyz geçmändigini hem belläp geçmek gerek.[2][3] Şuña meñzeş ýene bir waka Gazagystan bilen Özbegistanyñ aralygynda ýerleşýän Aral deñiziniñ içindäki Wozroždeniýe adasynda sowet hökümetiniñ 1954-nji ýylda guran bio-ýaraglar poligonynda bolup geçipdi. Bu adada şarbon, ospa, lihoradka ýaly birnäçe keseller boýunça synaglar geçirilendigi aýdylýar.[4] Orta atylýan ýene bir habarda ABŞ-nyñ Yrakda-da himiki we biologiki ýaraglary ulanandygy aýdylýar.[5] • Biz bulary näme üçin aýdýarys? Hytaýda çaltlyk bilen ýaýraýan koronawirus biologik ýarag bolup bilermi? Whatsapp arkaly internetde ýaýran bir ses ýazgysynda Hytaýda medisina ugrundan okaýan talyplaryñ biri Uhandaky epidemiýanyñ pikir edilişinden we habar beriş serişdelerinde aýdylyşyndan has çökderdigini aýtdy.[6] Emma ýazgyda üns berilmeli ýene bir zat bar: olam Hytaýyñ orra ortasyndaky Uhan şäherini kesip geçýän derýadaky bir ýylan görnüşiniñ iñ halanyp iýilýän iýmitleriñ biridigi we şol derýadan raketa böleginiñ tapylandygydyr. Ses ýazgysy koronawirusyñ biologik ýaragdygyna ünsi çekýär. Bizem öz gezegimizde bu boýunça bar bolan maglumatlary öwrendik. Ilki bilen şu habara seredip geçeliñ[7]. "Waşington Post" ("Washington Post") gazeti şeýle ýazýar: 2002-nji ýyldaky SARS wirusyna çalymdaş koronawirusyñ nämedigi hytaýlylar tarapyndan kän wagt geçmänkä, ýagny hadysanyñ ýüze çykmasyndan bary-ýogy on günden soñ analiz edilipdir. Ýagdaý halk köpçüligindenem gizlenmändir.[8] Yzysüre ABŞ-daky käbir alymlaryñ wirusa garşy ylmy barlaglary geçirip başlandygy aýdylýar. Başga ýurtlaryñ alymlary-da elini gowşuryp oturan däl bolsa gerek. Indi şuña-da seredeliñ[9]: Hubeý prowinsiýasynyñ Uhan şäheri Hytaýyñ iñ önümçiligi ösen günorta-gündogar sebitiniñ, ýagny Hytaýyñ ykdysady güýç merkeziniñ edil ortasyndaky stratetik ähmiýetli sebitiñ añsatja taýýarlanan kesel ýaýradyş wektorlary sebäpli biologik hüjüm üçin ýörite saýlanyp alynan ýerdigi ýazylýar. Munuñ bolsa Hytaýyñ ykdysady we maliýe pudaklaryny çökertmek isleýän anglo-amerikan operasiýasydygy öñe sürülýär. Indi ýene bir ýazga seredip geçeliñ[10]: olam koronawirusyñ laboratoriýalarda öndürilmändigini we bu boýunça patentiniñ ýokdugyny aýdýar. Bu bir "tassyklama" saýty. Ol bizde-de mysallary bolan we wakalaryñ añyrsyndaky hakykatlara seretsek, teswir ýazan saýtlaryñ biri. Saýt feýzbukda 86 müñden gowrak seslenme gelendigi aýdylýan "[koronawirus]" täze "emma 2015-nji ýylda laboratoriýada öndürildi we patentlendi ("03-den bäri kämilleşdirilýär)[...] Patent aýratynam CDC-niñ[11] muny amala aşyrmasyna ýardam edendigini aýdýar!" diýen habarynyñ näderejede hakykata gabat gelip gelmeýändigini öwrenýär. SARS-CoV üçin alynan 2004-nji ýylda tassyklanan patent[12] biln bulaşyklygyñ bardygyny görkezýär. Ahyrynda-da bütin bu aýdylýanlaryñ çaklama teoriýalaryndan ybaratdygyny ýazýar. Sözümiziñ şu ýerine çenli munuñ amerikanlar tarapyndan bolup biläýjek biologiki hüjüm ähtimallygyna seredip geçdik. Emma internetde düýpgöter başga hörpden gopýan pikir hem orta atyldy.[13] Bu pikirleriñ merkezinde Dani Şoham atly ysraýylly kontrrazwedkaçynyñ beren habaryndaky koronawirusyñ hytaýlylaryñ öz biologiki ýarag programmasyna laýyklykda öndürilendigine degişli maglumatlar bar. Muña paralellikde "Radio Free Asia" radioýaýlymy hem Uhanyñ Wirusologiýa institutynda ölüm howply wiruslar boýunça ylmy barlaglaryñ geçirilýändigini habar berdi.[14] • Biologiki uruşy öñ görüpmidik? Ýokarda-da aýdyp geçdik. Dürli synaglary geçirip gördüler. Hususanam wirusyñ şemaldyr beýleki tebigy şertlerde nähili ýaýraýandygy barlanyp görüldi. ABŞ-nyñ Yrakda muny eýýäm synag edip görendigini aýdýan ygtybarly çeşmeler bar. Emma üns bermeli mesele şu: bu ýaragam edil ýadro ýaragy ýaly howply. Ol diñe ulanylan ýeri ýok etmek bilen çäklenmeýär. Şemaldyr beýleki tebigy howa şertleri arkaly başga ýerlere-de ýaýrap bilýär. Şonuñ üçinem 1975-nji ýylda güýje giren halkara kanun arkaly biologiki ýaragy ulanmak gadagan edilipdi.[15] • Ykdysady uruşlar biologiki uruşa tarap gönükdimi? Ýakynda bir pikir soralşygyñ netijesi çap edildi. Bu pikir soralşyk dünýäde adamlaryñ kapitalizmden bizar bolup başlandyklaryny görkezdi.[16]. Kommunizmiñ has owal ("Üýtgedip gurmak" syýasatynyñ netijesinde -t.b.) 1990-njy ýyllarda çökendigini ýada salyñ. (Makalanyñ sowet perestroýkasy baradaky pikirine garşy çykjaklar üçin žurnalist Ugur Mumjynyñ pikirine meñzeş görnüşde şeýleräk jogap bermek isleýäris: Türkmençilikden we millilikden ýüz sowup watanperwerligi öñe sürenler ýurdumyzda hiç haçanam üstünlik gazanmady, gazanybam bilmez. Türkmen milliligi - türkmen halkynyñ asyrlaryñ dowamynda gan we der döküp gazanan ruhy we maddy gymmatlyklaryny kese ýerlilere garşy goramak diýmekdir -t.b.). XXI asyr heniz özüniñ häkimiýet şekilini ýa-da şekillerini tapyp bilmedi. Häzir dünýä döwletleriniñ ählisiniñ böwri sanjyly ýagdaýda. Emma geçen asyryñ 50-nji ýyllaryñ ahyryndan bäri korporatokratiýa atlandyrylan häkimiýet görnüşiniñ barha artýandygyny görmek mümkin. Häzirki Uhan-koronawirus hadysasyna birem şu penjireden seredip göreliñ: ABŞ 1980-nji ýyldan soñ amerikan şereketleriniñ "Outsource (taşron)" ulgamy bilen Uzak Gündogar we Hytaý tehnologiýasynyñ ösüşine beren itergisi üçin edil häzir puşman edýäne meñzeýär. Amerikanlar çykalga gözleýär. Emma belli bir karara gelip bilenok. Muny "Biz Hytaý-ABŞ ykdysady uruşynyñ niresinde?" atly aýratyn makalamda aýdyp geçmegi göz öñüne tutýaryn. Häzirlikçe bu ugur boýunça işleýän tanşymdan bir jümle bereýin: "Pentagon şereketleriñ satuwyndan ynjalyksyzlanýar. ABŞ-nyñ Söwda ministrligi bolsa döwlet howpsuzlygyndan. Näme edip näme goýjaklaryny bilenoklar". Hut şeýle! ABŞ näme etjegini bilenok. Ýadyñyza düşýän bolsa geçen ýyl Tramp hytaý firmalaryna gadagançylyk girizdi. Soñra ol girizen gadagançylygyny kem-kemden aýyrmaga başlady. Geçen günlerde "Huawei" şereketini esaslandyryjy işewüriñ gyzynyñ dawasynda Kanadanyñ döwlet ýolbaşçysy Jastin Trýude Trampa: "Bu dawada Hytaýa garşy näme etjegiñi bilmän durkañ olar bilen söwda ylalaşygynyñ birinji fazasyna gol çekme" diýipdi. Emma Tramp Trýudäni diñlemedi. Howul-hara gollar çekildi. Netije şu (ýokarda aýdylanlaryñ sebäbi-de şunda): Pentagon söwda uruşynda yza çekilmegi makul bildi.[17] Indi bolsa makalanyñ adyndaky sowala jogap bereliñ: "Bu bir biyologiki hüjümmi? Ony bilemzok. Biz diñe okyjylarymyza hadysalara dürli penjirelerden seredilişini anyk çeşmelere salgylanyp açyp görkezdik. Biz diñe gyzyklandyk. maglumatlarymy nireden alandygymyzy-da aşakda görkezip geçdik". Ykdyasady uruşlaryñ analizini başga bir makalada bereris. Şeýle-de bolsa häzirki wagta çenli berilen dürli habarlary "2019 dekabr "işi"-nden" tapyp bilersiñiz.[18] ___________________________________ *Uğur Mumcu'dan alıntı: "Atatürkçülüğü ve milliyetçiliği yadsıyarak solculuk yapma gafletine düşen bir sol, Türkiye’de hiçbir zaman başarılı olamadı, olamaz da... Türk milliyetçiliği Türk halkının alın terini yabancı çıkarlara karşı korumak demektir...") [1] Gruinard Island. [2] "Wirus hüjüme geçýär. Biologiki we himiki uruşa tarap". [3] "One of the largest human experiments in history" was conducted on unsuspecting. residents of San Francisco. [4] Vozrozhdeniya Island. [5] US military prepares for Iraq to use chemical and biological weapons. [6] As families tell of pneumonia-like deaths in Wuhan, some wonder if China virus count is too low. [7] Scientists are unraveling the Chinese coronavirus with unprecedented speed and openness. [8] Novel 2019 coronavirus genome. [9] WUHAN CORONAVIRUS PANDEMIC BIOENGINEERED: Who’s behind it, why now and why China? [10] Contrary to claims in viral social media posts, Wuhan coronavirus was not lab-created nor was it patented years before outbreak. [11] CDC - Amerikanyñ kesellere gözegçilik ediş we öñüni alyş merkezi (Centers for Disease Control and Prevention). [12] Coronavirus isolated from humans [13] New Corona Virus Linlked to Chinese Biological Warfare Program. [14] Virus-hit Wuhan has two laboratories linked to Chinese bio-warfare program. [15] Convention on the Prohibition of the Development, Production and Stockpiling of Bacteriological (Biological) and Toxin Weapons and on their Destruction. [16] Global ylmy barlaglar kapitalizmiñ peýdadan köp zyýan berýändigini subut etdi. [17] Pentagon Blocks Clampdown on Huawei Sales. [18] 2019 dekabr "işi": Söwda uruşlary (ABŞ-Hytaý we başg.) 27.01.2020 ý. Füsun SARP NEBIL. fusun@nebil.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||