17:46 Spartak | |
ERKINLIGIÑ SIMWOLY
Taryhy şahslar
▶ SPARTAK Arañyzda meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyñ türkmen dilinde-de çap edilen "Spartak" powestini okamadyk ýa-da adybir çeper kinofilme we teleseriala tomaşa etmedigiñiz az-az bolsa gerek. Has sowatly edebiýat muşdaklarynyñ arasynda-ha italýan ýazyjysy Rafaello Žowanoliniñ "Spartak" romanyny-da okanlar az däldir. Bu gün onuñ ady dakylan birgiden desgalar we möhüm obýektler bar, hatda ruslaryñ belli "Spartak" futbol kluby-da bu belli gahrymanyñ adyny göterýär. Türkmen şahyry Hojageldi Nurmyradowda Spartak we onuñ taryha ýañ salan gozgalañynyñ tarypy şeýle ýetirilýär: Ol ýuwaş ädimläp meýdana çykýar, Daşyna ser salýar, mähellä bakýar. Märeke howlugyp, boljak söweşe - Tomaşa garaşýar, heşelle kakýar. Girelgäñ ýanynda ýarym ýalañaç, Elleri fakelli gyrnaklar durýar. Bir kemskz suw berlip taplanan gylyç, Gullaryñ elinde ot dek ýaldyrýar. Gylyçlar galýarlar, ot dek ýalpyldap, "Jan gerekmi, pyçak" oýny oýnalýar. Märeke seredýär ýuwaş galpyldap, (Kimleñ güýçlüdigi basym belli bor). Ýöne nämüçindir, gullar bu gezek Biri-birin öldürenok, ölenok?! Nämüçindir bu günki gün Spartak - Gylyç salyp gullardan öç alanok?! Gaýtam ol galkandyr gylyjyn taşlap, Ýiti nazar bilen mähellä bakýar. Gaýduwsyz jeñ pälwan hyrçyny dişläp, Märekä gygyryp, döşüne kakýar: "Bilýäñizmi, eý senator, eý, baýlar, Söweşlerde hem göreşde bişenmi?! Bilýäñizmi, eý, senator, eý, baýlar, Söweşlerde meniñ asgyn düşenmi?! Men özümiñ doganlarmy öldürdim, Olar siziñ üçin goýdy başlaryn. Hawa, bu durmuşdan men halys irdim, Indi men söweşi sizden başlaryn. Hany, kethudalar, düşüñ ložadan, Gaýratyñyz bolsa, geliñ söweşe! Hany, kethudalar, düşüñ ložadan, Gaýratyñyz bolsa, geliñ döwüşe! Ýaragyn taşlady diýip oýlamañ, Gynyndan çykarýan ine, hanjarym. Çykalga seredip siz gaçjak bolmañ, Sypdyrmaryn, bagryñyzdan sanjaryn!" Spartak şeý diýip, gylyjyn aldy, Ezilen gullar-da aýaga galdy. Barlylaryñ kelleleri kesilip, Tomaşa jaýlary gana çaýkaldy. Sakçylaram böwet bolup bilmedi, Gullaryñ turuzan gozgalañyna. Kelleler kesildi, arman galmady, Läşler depä döndi, boýaldy gana. ...Soñky damja ganyna çen baş egmän, Spartak söweşdi, söweşde öldi. Ýöne oñ şonda-da soñky deminde - "Gullar öñe!" - diýen sesi eşdildi. ■ Spartak kim bolupdyr? Hakyky ady belli däl meşhur gladiator Spartagyñ ady döwüş arenalarynda ulanylyp başlanan döwründen bäri ýüzlerçe ýyllap iñ köp tutulan adam atlarynyñ biri bolsa gerek. Taryhçylar onuñ gul bolmanka, has dogrusy gladiator bolmanka rimli hakynatutma esger ýada ýugoslawiýaly daýhandygynyñ üstünde elmydama jedele girip geldiler. Spartagyñ esger bolandygy baradaky maglumatlar has agdyklyk edýär. Ol rim goşunyndan gaçypdyr, garakçylyk edýärkä ele salnyp, boýnuna gulçulugyñ agyr kündesi geýdirilipdir. ■ Rimde gladiator bolmak Beýleki gladiatorlar we gullar ýaly Spartak hem Rimde agyr şertleriñ astynda ýaşapdyr. Gullaryñ hiç bir babatda sosial hukuklary bolmandyr. Spartak hem gladiator gullaryñ arasynda bolansoñ, onuñam beýlekilerden hiç hili artykmaçlygy bolmandyr. Ähli gullara bolşy ýaly oña-da adam gözi bilen seredilmändir, muña garamazdan ol erkinligini janyndan eziz görüpdir. Şonuñ üçin ol irde-giçde bu agyr zulmatdan çykmagyñ pikirinde gezipdir. ■ Spartagyñ gozgalañy nähili başlady? Spartak ilkibaşda “Atus” (käbir çeşmeler "Batiatus" mekdebine) gladiator mekdebine satylypdyr. Gelejekki ganojak gladiatorlaryñ taýýarlanýan mekdebinde ol birnäçe gezek "Alynyñ ala meýdanyna" - döwüş ringine çykypdyr. Arenada özüni görkezen gujurly gladiator uruş taktikalaryndanam añryýany bilen baş çykarypdyr. Şonuñ üçin ol beýleki gladiatorlary özünden çekindirip başlapdyr. Gladiatorlar Spartagyñ aýdan-diýeninden çykmandyrlar. Spartak öz erkinligini hemme zatdan ýokarda goýýandygy üçin birnäçe gezek gaçmagy meýilleşdirenem bolsa, onuñ bu pikirini goldan bolmandyr. Hernäçe sylasalar-da, onuñ ýanyna goşulyp gaçmaga hiç kimiñ bogny ysmandyr. Sebäbi hukugyny goramaga synanyşan islendik gul wagşylyk bilen öldürilýärdi. Spartak hem muny bilmän durmandyr, emma ol ölinçä gulçulygyñ boýunturygy astynda ýaşandan azatlyk ugrunda söweşip ölenini müñ paý gowy görüpdir. Şonuñ üçin rehim-şepagatsyz rimlilere garşy aýaga galmak üçin gladiatorlary ýekme-ýek razy etmäge durupdyr. Arenada söweşýän we söweşjeñlik taýdan tapawutlanýan gladiatorlar ýönekeý gullara garanda has güýçli bolupdyr. Şeýlelikde Spartak we onuñ ýetmiş sekiz gladiator egindeşi gozgalañyñ başyny başlapdyr. Spartak we onuñ ýanyndaky gladiatorlar ilkinji nobatda özlerini adam hasabynda görmeýän we areneda biri-birlerini öldürmek üçin ýarak it deregine saklaýan hojaýynlaryny, ýagny, gladiator mekdebiniñ eýeleriniñ janyny jähenneme iberipdirler. Gozgalañyñ habary ýyldyrym çaltlygynda Rimiñ çar künjüne ýaýrapdyr. Ölinçä gul bolup ýaşamaga we ölmäge mejbur edilen gullaryñ dünýäsinde garaşylmadyk ýagdaýda umyt güneşi dogupdyr. Gullaryñ sanynyñ azdygy, olaryñ ellerinde ýeterlik ýaragyñ bolmandygy üçin rimliler ilkibada gozgalañçylary äsgermezçile salypdyr. Spartak we onuñ ýanyndaky gladiatorlar ele salynsalar başlaryna näme injegini bilip duransoñlar Wezuwiý wulkanyna tarap gaçypdyrlar. Rimliler ýerli ilatdan maglumat toplap topalañçylaryñ söbügine münüpdir we olaryñ ornaşan dagynyñ daş-töweregini gabapdyrlar. Biraz wagt dagda garaşan gladiatorlar açlykdan öldüm-öldümde dag gerişlerindäki çöp-çalamlary, agaçlaryñ pürli şahalaryny örüşdirip ýüp ýasadylar we gije ýarymdan soñ dagyñ gaýalyk tarapyndan ýere düşdüler. Rimliler gladiatorlary dagyñ depesindedir öýdüp, arkaýynlaşypdyrlar we daga çykýan ýekeje ýoluñ üstünde goş basyp ýatyberipdirler. Spartagyñ esgerleri ýere inensoñ, amatly pursaty peýläp dessine hüjüme geçýär. Aýgytlaýjy söweşde ilkinji gezek rimlileriñ agyr ýaragly goşunyny derbi-dagyn eden Spartak ep-esli olja edinip, öñküsindenem güýçlenýär. Gulllaryñ ganynyñ we garyp-gasarlaryñ alyn deriniñ üstünde gurlan Rim imperiýasynyñ çar künjünde Spartagyñ ady ýañ salypdyr. Gorkudan ýaña girere deşik tapmadyk rimli gul eýeleri Spartagy we onuñ gladiatorlardan toplanan goşunyny ýok etmeseler, düýn özgäniñ boýnuna salan gul kemendiniñ bu gün öz boýunlaryndan iljekdigine açyk göz ýetiripdirler. Çünki bu ýeñiş gozgalañçylara goşulýanlaryñ sanyny artdyryp, ýurduñ çar künjündäki gullaryñ hojaýynlaryndan gaçyp gozgalaña goşulmagyny üpjün edipdir. ■ Spartagyñ gozgalañynyñ gerimi ulalýar Rim goşunyny derbi-dagyn edenden soñ ençeme gullaryñ gulçulyk zynjyryny üzüp, kem-kemden goşunynyñ sanyny artdyran Spartak we onuñ esgerleri özlerine garşy ugradylan rimli serkerdäni goşuny bilen bile ýok edipdirler. Her gezeginde rimli serkerdeleriñ güýji öñküsinden biraz artdyrylyp ugradylypdyr. Muña garamazdan olar rim goşunynyñ içinden çykan uruş ussadyna garşy üstünlik gazanmakdan ejiz gelipdirler. Rimlileriñ her ýeñlişinde Spartagyñ yzyna eýerýän gullaryñ sany artypdyr. Gladiatorlar birgiden köşgi, möhüm obýektleri basyp alyp, gullary boşadypdyrlar. Şeýlelik-de, hem-ä olaryñ eline uruşy dowam etdirmek üçin gerekli serişdeler düşüpdir, hemem adam güýji köpelipdir. Rimiñ asmanynda Spartagyñ ady ýañ salypdyr, ömürlik gulçulyga höküm edilen adamlar Spartagyñ goşunyna goşulmak üçin aýaga galypdyr. Rim hökümeti ýagdaýyñ barha kynlaşýandygyny görüp, gozgalañy ýatyrmak üçin Mark Krass bilen Pompeýi ugradýar. Mark Krass Rimiñ iñ baý adamlarynyñ biri bolupdyr. Pompeý hem pes oturmaýan belli serkerde eken. Gladiatorlaryñ belli-külli kastyna çykylandygy baradaky habar gelip gowşan badyna gullaryñ kynlyk bilen ýetilen jebisligi gowşap başlaýar. Gullaryñ birnäçesi Rimiñ esasy goşunynyñ ýola çykandygyny eşidip, rimliler bilen söweşmän Alp daglaryndan aşyp gaçmagy meýilleşdirdiler. Spartak hem gaçmagyñ tarapdary bolupdyr. Şeýtmek azatlyga gowuşmagyñ iñ gysga we amatly ýoludy. Emma Spartagyñ ýakyn dosty galliýaly gladiator Kriks muña garşy çykyp, Alp daglaryndan geçselerem, barybir rimlileriñ yzlaryndan galmajakdygyny, şonuñ üçin bu pikiriñ özlerine bolan ynamy gowşatjakdygyny aýdypdyr. Ol öñe gidip rimliler bilen garpyşmak we Rimi basyp almak isläpdir. Netijede gozgalañyñ iki ýolbaşçysynyñ ýoly aýrylypdyr. Spartak Alp daglaryna sary, Kriks bolsa Rime bakan ýönelipdir. ■ Kriks-Spartagyñ gozgalañy Gün geçdigiçe sany artan Spartagyñ we Kriksiñ goşunyna garşy rimliler ýeñlerini çyzgap çykan has çynlakaý çäreleri görüp başladylar. Geçen ýerini ýumurtga togalabermeli edýän gozgalañçylar Rime barha ýakynlaşypdyr. Ilki bilen Kriksiñ goşuny yza serpikdirilipdir. Kriks degdim-gaçdym tilsimini edip söweşi belli bir ýere çenli dowam etdirenem bolsa, soñabaka tapdan düşüp ugrapdyr. Netijede iñ soñky aýgytlaýjy garpyşykda rimli legionerler gozgalañçylary çym-pytrak edipdirler. Gullaryñ gozgalañynyñ esasy ýolbaşçylarynyñ biri Kriks hem öldürilýär. ■ Spartak Rimi basyp almagy meýilleşdirýär Şol wagt Alp daglarynyñ belent gerişlerinden aşyp barýan Spartak ýakyn dosty Kriksiñ ölüm habaryny alyp, ýoluny üýtgedýär. Ol ilki bilen Sisiliýa adasyny eýelemegi göz öñüne tutupdyr. Şeýtmek bilen ol erkinligini ymykly gazanmak isläpdir. Spartak Sisiliýany eýeländen soñ demini dürsäp we güýçlenip Rime hüjüm etmekçidi. Kriksi ýok eden rimliler Spartak bilen ýüzbe-ýüz geldiler. Aýgytlaýjy söweşden gullaryñ goşuny ýeñiş bilen çykdy. Alp daglaryndan yza dönüp Sisiliýa gitmegi niýetine düwen Spartagyñ göz öñüne tutan etsem-petsemleri ugruna gidipdir. Eger-de ol deñzi aşyp Sisiliýa baryp ýetse, hem-ä gozgalañ ýeñiş bilen tamamlanýardy, hemem wepat bolan dostlarynyñ aryny almaga mümkinçilik döreýärdi. Olar Italiýanyñ iñ çetki etraplarynyñ biri bolan Messina gidip, şol ýerdäki garakçylar bilen dil birikdiripdirler. Garakçylar Spartagyñ goşunyny Sisiliýa aşyrmagy boýunlaryna alypdyrlar. Ýöne Krass Rimiñ iñ baý adamlarynyñ biri bolansoñ, garakçylary satyn alyp öz tarapyna çekipdir. Netijede Spartak ikiýüzli dönüklige uçrandygyndan bihabar Krassyñ duzagyna düşüpdir. Messinada gozgalañyñ iñ soñky söweşi bolup geçipdir. Garakçylar bilen bilelikde hereket etjekdigi üçin söweşe taýýarlyksyz bolan Spartak rimli legionerleriñ arasyna düşüpdir. Birnäçe sagatlap dowam eden söweşiñ soñunda rimliler gozgalañçylaryñ agramly bölegini ýok edip, diri galanlaryny ýesir alypdyrlar. Ýesir alynan gullar uly ýollaryñ, geçelgeleriñ ugrunda haça çüýlenip goýuldy. Şeýtmek bilen gul eýeleri göwnünde aýaga galmak pikirini besleýän gullara göz görkezmek islediler. Spartagyñ jesedi ne söweş meýdanynda wepat bolanlaryñ arasyndan, ne-de ýesir alynanlaryñ arasyndan çykdy. Käbir taryhçylar onuñ jesediniñ tanalmajak derejede bolandygyny aýtsa, käbirleri onuñ gaçandygyny öñe sürýär. Haýsy bolanda-da şondan soñ Spartakdan ne öli, ne diri gördüm-bildim bolmandyr. Söweş meýdanyndan gaçan gozgalañçylaryñ köpüsi talañçylykly hereketlerine we uruşmaga dowam edenem bolsa, bu birküç ýyldan kän uzaga gitmändir. Rim az wagtyñ içinde olary-da ele salyp, ýok edipdir we gutarnykly gozgalañyñ soñuna çykypdyr. ■ Spartagyñ dolandyryş formasy Spartak hiç haçan özbaşdak karar kabul etmändir. Ol ýüze çykan her bir meseläni özi bilen bile gozgalaña başlan gladiatorlar bilen ara alyp maslahatlaşypdyr, bilelikde karar kabul edipdir, ýoldaşlarynyñ pikirine hormat goýupdyr. Gozgalaña başyny başlan gladiatorlaryñ geñeşine "serkerdeler geñeşi" diýip at berilipdir. Kabul edilen kararlar uruşdan baş çykarýan esgerleriñ garşylyklaýyn pikirine açyk ýagdaýda bolupdyr. Umuman aýdylanda, olaryñ arasynda demokratik düzgün bolupdyr. Uruşdan düşen olja serkerdäniñ çinine görä ýa-da uruşdan gowy baş çykarýandygy üçin artykmaç berilmändir. ■ Spartagyñ gozgalañynyñ netijeleri Birnäçe çaklañrak toparlar gozgalañ turuzmaga synanyşsalar-da, Spartagyñ gozgalañyndan soñ rimliler ätiýaçlygy elden bermediler we şondan soñ gullaryñ şular ýaly gozgalañynyñ turmagyna mümkinçilik döretmediler. Gullaryñ bir topary gozgalañdan soñ haça çüýlenip goýlan gullary görüp, dagy-duwara gozgalañ turuzmaga milt edip bilmediler. Muña garamazdan Spartagyñ gozgalañy kem-kemden miwe berip başlapdyr. Birnäçe ýyl geçenden soñ gullara kem-kesläýin hak-hukuklar berilmäge başlandy. Ahyrynda-da gulçulyk düzgüni doly ýatyryldy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||