22:25 Sport taryhynyñ ýatdan çykmajak wakalary | |
SPORT TARYHYNYÑ ÝATDAN ÇYKMAJAK WAKALARY Sport taryhynda bolup geçen käbir wakalara şu günüñ gözi bilen seredenimizde, "Nähili bolup geçdikä bu?" diýdiriýän ýeri bar. Käbir pursatlarda aýdylan replikalary göreniñde bolsa, hamala özüñi şol pursatlaryñ içinde ýaly duýdurýar... ■ Ababe Bilikanyñ dünýä jemgyýetçiligine görkezen nusgalyk rekordy Ilkinji gezek efiopiýalynyñ biri Olimpiýa ýaryşlarynyñ çempiony bolup altyn medala mynasyp boldy. Ol atletikaçy Ababe Bilikadyr. Bilika ýaryşda aýakýalañaç ylgapdy. ■ Maýkl Jordanyñ Skott Barrelle göz görkezmegi Meşhur basketbolçy Maýk Jordan türgenleşik wagtynda topara täze goşulan Skott Barreliñ oýna hiç gyzykmaýandygyny, çyny bilen oýnamaýandygyny añşyrýar. Şonuñ üçin ol häli-şindi Barrele kakynjyrap geçýär, bilmediksiräp topy üstüne zyñyp oýnaýar. Mundan soň-a Barrel ymykly oýundan sowaşýar. Teýahyr bolmansoñ Jordan Barreliñ elindäki topy kakyp alýar-da, Barreliñ ýüzüne top bilen mazaly ýelmeýär hemem "Biz bärde türgenleşýäs, eger wagt geçirmek isleýän bolsañ, bar, Disneýlende git..." diýýär. ■ Mejik Jonsonyñ Jordan baradaky aýdan sözi Basketbolçy Mejik Jonson Maýkl Jordan hakynda şeýle diýipdi: ■ 1936-njy ýylyñ Berlin Olimpiýadasynda garaýagyz atletikaçynyñ gazanan üstünligi Gitleriñ dilini gysga etdi 1936-njy ýylda Berlinde geçen Olimpiýa oýunlarynda dürli ýurtlardan gelen türgenleriñ gazanan altyn medallary, hususanam ABŞ-ly garaýagyz atletikaçy Jessi Ouensiñ dört altyn medala birden eýe bolmagy Adolf Gitleriñ nemesleriñ iñ ýokary jynsly halkdygy baradaky teoriýasynyñ çüýrükliginiñ subutnamasy hökmünde uzak wagtlap Gitlere garşy propogandanyñ baş şygary boldy. ■ Türk türgeni Koç Mehmediñ tutanýerliligi 1896-njy ýylda Afinyda geçirilen Birinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlary başlananda türk türgeni Koç Mehmet öz jübüsiniñ hasabyna pul harçlap Afiny şäherine gidipdir. Emma hasaba alyş düzgünlerini bilmändigi üçin oña ýaryşa gatnaşmak nesip etmändir. ■ Alpaýyñ milli duýgudan pürepür damarynyñ tyrsyldysy Angliýada-da ýatmady Angliýa "non grate" (islenmeýän adam) yglan edilen türk futbolçysy Alpaý Özaslan gije sagat üçde öýüniñ öñünde Angliýanyñ gimnini diñletdiren futbolçylara türk gimnini-de diñlemäge mejbur etdi. ■ Türkiýe we Hindistan 1950-nji ýylda geçirilen futbol çempionatyna gitmediler. Sebäbimi? 1950-nji ýylda Dünýä kubogyny almak ugrunda futbol çempionaty Braziliýada geçirildi. Ýöne bu turnire gatnaşmaga hukuk gazanybam gitmän galan iki ýygyndy topar bardy. Olaryñ biri Türkiýe, beýlekisi bolsa Hindistan. Türkiýäniñ futbol ýygyndy toparynyñ yklym aşyp gitmäge maddy ýagdaýy ýokdy. Şonuñ üçinem olar Braziliýa gidip bilmediler. Hindistanyñ futbolçylary bolsa futbol duşuşyklarynda aýakýalañaç oýnamak islediler. Olaryñ bu talaby FIFA tarapyndan ret edildi. Şeýdip hindilerem bu abraýly ýaryşdan binesip galdy. ■ Alyp baryjysyz geçen Italiýa-Russiýa futbol ýygyndy toparlarynyñ duşuşygy Telewideniýe pudagynda bolan iş taşlaýyş sebäpli Italiýanyñ "Rai-1" teleýaýlymynda göni efirde berlen Italiýa-Ukraina futbol duşuşygynda oýun başlanandan tä gutarýança hiç bir sport alyp baryjy mikrofon öñüne çykmady. ■ Hasap 149:0 ! 2002-nji ýylda Madagaskaryñ futbol kluby "Stad Olimpik L'Emraýn" ýurduñ çempiony "AS Adamanyñ" garşysyna oýnalan oýunda öz derwezesine 149 gezek top geçirdi. Bu geñsi hereketiñ sebäbi bolsa, şondan owalky duşuşykda eminiñ beren ýerliksiz duýduryşlaryn protest bildirmek üçin eken. ■ Meýdançanyñ daşynda gyzyl petek gören meşhur futbolçy Mark Wan Bommel Gollandiýaly futbolçy Mark Wan Bommel oýuna girmek futbol meýdançasynyñ daşynda garaşyp durka gyzyl petek alypdyr. ■ Altyn medal üçin sagatlap göreşen türgenler 1912-nji ýylda Şwesiýanyñ paýtagty Stokgolm şäherinde çempionlyk ugrunda göreşen iki türgen birnäçe sagat biri-biriniñ garşysyna göreşipdir, iki tarapam doly üstünlik gazanyp bilmändir. Iki türgenem altyn medaldan umydygär bolup tutuş dokuz sagat göreşipdir. Ahyrsoñy emin göreşi soñlandyryp her iki türgeni-de ikinji orny beripdir we olaryñ ikisi-de kümüş medala mynasyp bolupdyr. ■ Towuk etini iýmek gadagan! 1986-njy we 1990-njy ýylyñ futbol boýunça dünýä çempionatynda Argentinanyñ milli ýygyndy toparynyñ futbolçylaryna "şowsuzlyk getirýär" diýip towuk etini iýmek gadagan edildi. ■ Atadan ogla miras Ataly-ogluñ bir toparyñ düzüminde oýnan ýeke-täk futbol duşuşygynda islandiýaly Arnor Gudýonsen oýundan çykanda ýerine onuñ ogly Eidur girdi. ■ "Çeh lokomotiwini" saklap bilmediler 1952-nji ýylda Finlandiýanyñ paýtagty Helsinkide "Çeh lokomotiwi" lakamyny alan çehiýaly atletikaçy Zatopek 5 müñ we 10 müñ metr aralyga ylgap altyn medala mynasyp boldy. Aýratynam ol, sport karýerasynyñ bu ilkinji abraýly ýaryşynda minneti ýüwrük aýagyndan çekip, altyn medal sanyny üçe çykardy. ■ Iñ dogruçyl emin Iñlis emini Martin Silwester 1998-nji ýylda oýnalan bir oýunda futbolça el galdyrandygy üçin öz-özüne gyzyl petek görkezipdir. ■ Taýsonyñ gulak gemrijiligi Boks taryhynyñ iñ täsin wakalarynyñ biri Maýk Taýson bilen Ewander Holifildiñ arasynda bolup geçdi. 1997-nji ýylda garşydaşy bilen ýekme-ýek ringe çykan Maýk Taýson tutluşykda, megerem, garşydaşynyñ uran urgularyndan señselän bolmaly, ýogsa ol Ewanderiñ gulagyny dişlemezdi. Ewanderiñ gulagyny dişlemedenem beter onuñ gulagyndan bir bölek goparyp almagy netijesinde Taýsonyñ boks bilen hoşlaşygy ganly gutarmaly boldy. Şeýdibem ady dillere dessan bolan Maýk Taýson öz janköýerleriniñ ýüzüni ýere saldy. ■ Metrodan peýdalanyp marafony gazandy Kubaly ýeñil atletikaçy 1980-nji ýylda gatnaşan Boston marafonynda ýeñiji boldy. Hemme zat gülala-güllükkä käbir kişiler Rozi Ruisiñ ylgaw aýlawynyñ pellehanasyna bir mil galanda ýaryşa goşulandygyny orta atmagy bilen gopgun turdy. Ruis ylgawyñ gutarmagyna diñe bir mil galanda türgenleriñ arasyna goşulypdyr we altyn medala eýe bolupdyr. Boston marafonyndan alty aý öñem Nýu-Ýork marafonyny birinji orunda tamamlan Ruis žurnalistleriñ "Marafonda bäsdeşleriñiz bilen arañyzy nädip 25 minut açyp bildiñiz?" diýen soragyna "Şu gün irden tükeniksiz güýç-kuwwat bilen oýandym" diýip jogap berdi. Soñ Ruisiñ Nýu-Ýork marafonynda-da metrony ulanyp, iñ soñky duralgada düşüp marafona goşulandygy ýüze çykypdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |