14:09 Srebrenissadan galanlar we Gazadan galjaklar: Agressiýa garşy simptomatiki jogapkärçilik | |
SREBRENISSADAN GALANLAR WE GAZADAN GALJAKLAR: AGRESSIÝA GARŞY SIMPTOMATIKI JOGAPKÄRÇILIK
Publisistika
Adorno Oswensimden soñ şygyr ýazmagyñ warwarlyk boljakdygyny aýdypdy. Dogry aýdandygyny-da başymyzdan geçirip gördük, düşündik. Ikinji jahan urşunyñ statistiki sanlar bilen añsatja görkezilen raýat ölümleri, gursagynda göterip ýören gyrgynçylyklary biken häzirem şu ýerde durlar. Biz bolsa mysapyrsyraýan şygyrlar, hekaýalar, makalalar bilen bu medeniýetiñ ömrüni uzadyp ýörüs. Şygyr wagşylykmy näme diýip bilersiñiz. Adornanyñ garşysyna-da gazaply nägilelikleri bildirmegiñ ýa-da şygyr ýazmagyñ, ýatlamagyñ, ýa bolmasa ýazgarmagyñ näme zyýany bar diýibem sorap bilersiñiz. Aslynda seredende o diýen zyýany-da ýok. Diñe şol meşhur ölüm konslagerlerinde adamlarymyzyñ ellerinden alynan şahsy azatlygy, şahsy añ-düşünjäni biz başdan geçirmegimizi dowam etdireliñ. Näme bolar öýdýäñiz? Bosniýalylaryñ şahsy azatlyklaryny elinden alan, olary özleri üçin şahsyñ ýitip giden jemgyýetine, biz we olar üçinem sürä öwrülmeginiñ başyny çeken şeýle kontrolly, negatiw azatlygyñ ýola goýulmagyny perçinlemekden başga hiç zat edemzogam ýogsa. Adorno indi şygyr üçin warwarlygyñ wagty geldi diýipdi. Şygryýet umuman alanda şol döwür nasistleriñ elinde gündelik durmuşyñ dowam edip gelýändigini, hiç zadyñ üýtgemändigini, gündelik meseleleriñ adatylygyny ýañzytmak üçin eýmenç formada döredijiligini dowam etdirýärdi. Şeýlelik bilen şygryýetdir sungat warwarlyk içre kök urýardy we indi maýorskiý häkimiýetiñ topragyndan örñeýärdi. Muña garşy çykan sungat bolsa ahlak signaly gaýgysynda ereýärdi, başgaça aýdanda öz namysyny özi depgileýärdi. Sungat iñ esasy sütüni bolan sözleri indi ahlak funksiýalarynda gaýyrmaga başlapdy. Medeniýetiñ mundan beýläk nähili ýaramaz maksatlar bilen ulanylyşyna şaýat bolupdy. Medeniýetde ýene bir sarsgyn bolaýmasyn diýýän sungat gönümel syýasy jümlelere bürenýärdi. Ortada aforizmatiki boşlukdan başga zat ýokdy. Bolany. Ine, warwarlygyñ ýeten derejesi! Şu ýerde şygryýetiñ warwarlygy bilen Srebrenissanyñ näme dahyly bar diýip bilersiñiz? Göräýmäge ýerlikli sorag ýaly. Ýöne Srebrenissanyñ ýyllyk senesiniñ ýakynlaşýan wagtlary edebi-çeper žurnallarymyza göz aýlamagy maslahat berýärin. Hasratyñ pornografiýalaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyñyz. Hatda hasam täsin mysal bereýin eger isleseñiz, ýöne bu gezek biziñ günlerimizden - Gazadan. Bolup geçýän bu warwarlygyñ ortasynda medeniýet dünýämize degişli birnäçe şahsyýet eýýämden Gaza temaly sungat eserlerini hödürlemäge başladylar. Özleriçe Gazada garawsyz halkyñ çekýän hasratyny haýkyrýarlar, hasraty eşitdirmäge synanyşýarlar. Şeýdilse has köp adam Gazada bolup geçýänlerden habarly bolar diýip pikir edilýär. Elbetde, özleriçe dogry edýän bolmaklary-da mümkin. Emma yzymyza gañrylyp bir seredeliñ, hakykatdanam suwytly üýtgeşmeleriñ bolmagyna sebäp boldularmy? Ýa-da bolup bilerlermi? Öñümizde hiçden başga zat dikilýärmi hakykatdanam? Ýa-da has-da erbedi, tankyt edýän medeniýetiniñ içinde eräp giden, ony tankyt etse-de hereket taýdan bolup geçenleri oñlaýan kartinadan başga näme bar elimizde! Hakykatdanam hasratyñ özüni kanagatlandyrmagyndan başga zat ýok elimizde. Sebäbi açyk. Çünki Adornonyñam gürrüñini edýän sözümiziñ binýadyny guran ideologiýalarymyz indi ýok. Mahabatlardan ybarat şygarlara ynanýarys. Sözler hiç bir jemgyýet üçin hiç haçan beýle jadyly bolmandy! Özümizi hudaýlaryñ ýerine goýýarys. Hamana "Genoside nälet!" diýenimiz bilen gyrgynçylygy durzup bileris öýdýäs. Hamana biziñ sözümiziñ hereket bilen, hatda barlyk bilen birdigini pikir edýäris! Hakykatdanam ideologiýalarymyz ýok indi. Ideologiýalaryñ ýoklugynda juda çig-çarsy şirkden başga zat hem ýok indi roýumyzda. Bolgusyz simulýakrlar bilen doldurypsyñyz. Bize pylan zady aýdyñ diýilýär, aýdýas, başga zat oñaramzok. Aýdanda bolar öýdýäs. Bular ýaly sözleriñ arasynda şeýlekin başyñy-gözüñi aýlaýjy hasratyñ pornografiýasynda gysgajyk wyždan kanagatlanmasy bolup kiparlaşýar, soñabaka indiki hasratyñ şöhwetine deñiç habarlara-da nämeleriñ bolup geçendigine düşünmek üçinem seredemzok. Elbetde, hormatlanýan tankytçylarymyz tankydy belliklerini edýärler. Bize "pylan harydy almañ", "pylan zady ulanmañ", "pylan ýere gitmäñ" diýip görkezme berýärler. Emma hiç biri iriñli çybanyñ başyny biziñ bilen birlikde ýaraýyn diýenok. Gysgaça aýdanda, tankytlaryny çyny bilen etmeýärler, hemme zat dilujundan we kagyz ýüzünde. Olaryñ iñ ejizi bu totalitar dünýäni tankydy bellikleru bilen düzetjegine ynanýar! Nähili uly akmaklyk! Käbirleri bolsa diñe ýazmagyñ hatyrasyna ýazyp wagtyny ötürýär. Şeýtmek bilen bu hasraty näderejede pornografiýalaşdyrýan bolsalar, meseleleri-de şolar ýaly ýönekeýleşdirýärler. Indi jemgyýetiñ nezdinde Gazäniñ reallygy ýok. Žan Bodriýýaryñ Yrak urşuny gören formasynda wirtual söweş äleminde ýaşaýarys. Ähli sosial platformalarda uruş habarlaryny, uruş boýunça ýazylyp-pozulýan şonça zady görýäris, emma birine ne seredýäs, ne telefonymyza ýa kompýuterimize ýükläp alýas. Piñimizde bolsa-da piñimize däl. Irginlik bar hemmämizde. Ýogsam bolmasa, ölümden bir irip bormy heý? Palestinaly çaga indi hemmämiz üçin fotosuratlardan we wideoşekillerden ybarat... Reallygy ýok we piñimize alýan ýaly bolup görünsek-de, durmuşymyzyñ ýeke sekundynda-da orny bolmadyk bir topbak suratdan ybarat diñe. Çaga ýa aýal bolmasa dagy nebsimiz agyrmalydyram öýdemzok. Gynançly ýeri, biziñ bolşumyzyñ olara "haýwanpisint jandarlar" diýýän ysraýylly ministrden tapawutlt ýeri ýok! Ne-hä biz olary şahsy añ-düşünjesi, şahsy duýgulary bolan adamlar hökmünde görýäs, ne-de olar! Uzyn gepiñ gysgasy, bizi bu hala getiren elbetde biziñ özümiz. Emma bu günäniñ arhitektorlary beýik senetkärlerimiz, ýazyjy-şahyrlarynyz, beýik medeni tankytçylarymyz, medeni inženerlerimiz. Ideologiýalarymyzy pöwhe ideologiki şygarlar bilen zaýalan, hemme zady sudura, çekeleşige we bolgusyzlyga öwren jedelkeş intelligentlerimiziñ hut özi. Tankytlaryny hamana oýun meýdançasynda oýunda çykmaga gorkýan çagalar ýaly totalitar dünýäniñ özlerine beren meýdançasynda oýnap ýören, oýnap ýörkä-de oýnuñ düzgünlerinden nägile bolansyraýan gözi ýaşly lellim şahyrana tankytçylarymyz. Orta çykyp Mahmud Derwüşem şygyr ýazdy, Paul Jelan hem. Beýle bolýan bolsa, bularam warwarlygyñ janly mysaly diýjek bolaýmañ birden. Derwüş ilkinji nobatda şahyr däldi. Ol aýdýan sözüni hereketi bilen görkezip bilýän adamdy. Ol warwarlykda biziñ birleşişimiz ýaly hiç haçanam birleşmedi! Derwüşiñ şygyrlary gury sözlerden we setirlerden işilendi. Jelan bolsa şonsuzam bu warwarlyga çydam edip bilmedi, bihamal çag ömrüni soñlandyrdy. Ine, yzyñyza öwrülip bir serediñ eseriñize... eserimize! Näme galdy Srebrenissadan? Her bellenilýän senesinde sosial ulgamlardan paýlaşýan gynanç sözlerimiz, krokodil gözýaşlarymyz we her ýyl gaýtalanýlyp duran sözde çeper eserlerimiz... Gysgaçasy, hiç zat... Ýeri, siziñ pikiriñizçe Gazäniñ yzynda näme galar öýdýäñiz? Soraýaryn bizlerden we sizlerden... ölümiñ pornografiýasyndan başga näme galarka? Ahmet MANSUR TURAL / ahmettural@hotmail.com Anna, 19.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |