13:41

Stambulda eýranlylar bilen Eýran-ABŞ futbol duşuşygyna tomaşa etmek...

Sport we turizm
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 377 | Добавил: Gökböri | Теги: Alper Budka | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Atsyzatly  
1393
Eýran Uelsi 2-0 hasap bilen utdy.

0
2 Ependi  
284
Gowy söhbetdeşlik bolupdyr, gylyny gyşartman okadym. Eýranlylaryň arassa pikiri bar eken. Edil, hol, kurorta baranyňda, mesawy jemleşip futboly görüşleri ýaly göz öňüme geldi. Men gaýtam bulaň reaksiýasy nähilikä diýip okasam, aslynda özümiň hiç zada göz ýetirmeýändigimi bildim. Eýranly doganlarymyzyň düşünjesi gaty giň eken. Nähili düşündirsem gowy?

Umuman, öz ýagdaýlaryna artygy bilen belet, çak edişiňdenem belent adamkärçilikli jemgyýet göz öňüme geldi.

0
3 Taryhçy  
399
Ikinji suratdaky pars gözeliniñ piwo sümüräýşini :)

0
4 Haweran  
411
Agyp-dönüp duran loly dünýäniñ oýnuna hiç düşüner, añ eder ýaly däl...
Eýranyñ Milli ýygyndy toparynyñ ABŞ-nyñ ýygyndy toparyndan utulanyna begenjini paýlaşmak islän 27 ýaşly ýaş ýigit Mehran Semak Eýranyñ demirgazygyndaky Gilan welaýatynyñ Bender-Enzeli şäherinde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.
Semak begenjine awtoulagynyñ signalyny yzly-yzyna beripdir, netijede mañlaýyndan atylyp öldürilipdir.
Beýle-de bir wagşylyk bor eken-ow...
Wakanyñ täsin we ýürek elendiriji ýeri şunda:
Öldürilen ýigit ýygyndy toparyñ oýunçylaryndan Said Izzetullahiniñ çagalyk dosty bolup çykdy! Futbolçy Instagram hasabyndan: "Düýn agşamky agyr ýeñlişden soñ seniñ ölüm habaryñy almak meni hasam gynandyrdy. Köne dostum, gün geçdigiçe bu dünýäde adamkärçiligiñ ýitip barýandygyny bil!.." diýip, gynanjyny paýlaşypdyr.
"Zalymlar üçin ýaşasyn jähennem!"

* * *

Baýdeniñem akly ýerinde däl öýdýän. Dünýäniñ gözüniñ öñünde bir syýasatçynyñ syýasata dahylsyz hasaplanmaly ugurda gazanylan üstünlige begenip tans oýnamagy nämäniñ alamaty? Baýden dünýäniñ we bu iki ýurduñ arasynyñ edil häzirki çylşyrymly ýagdaýynda munuñ dürli düşündirişlere hem-de netijelere getirjegini bilmez ýaly derejede-hä akmak bolmaly däl.
A Eýranyñ hökümetine näme diýsene?.. Begense begenipdir-dä bir raýat haýsydyr bir ýurduñ futbol toparynyñ ýeñşine. Futbolda bolmanam biri utulmaly, biri utmaly, biri gynanmaly, biri begenmeli.
Öñler "hernä, dünýäniñ, adamzadyñ bagtyndan sport, futbol, edebiýat, sungat ýaly zatlar bar, ýogsam adamzat biri-biriniñ etini iýmekden, gemrişmekden ýaña bireýýäm gorpa gapgarylyp, ýok bolup giderdi..." diýip oýlardym.
Indi bu zatlara-da syýasatyñ, korrupsiýanyñ hapa we pohly palçygyny bulaşdyrdylar.
Hudaý gowsuny etsin-dä. Gowulyg-a ýok...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]