14:13 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Gülüstan Mätýakubowa | |
GÜLÜSTAN MÄTÝAKUBOWA
Şygryýet melekleri
«Men pena isleýän Magtymgulydan» Gülüstan Mätýakubowa 1948-nji ýylda Garagalpagystanda doglan şahyra-hanymdyr. Ol 1973-nji ýylda Daşkendiň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlapdyr. Birküç ýyllykda Özbegistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Respublikanyň «Janypkeş hyzmatlary üçin» diýen ordeniniň eýesi, Garagalpagystanyň halk şahyry, «Garagalpak edebiýaty» atly hepdelik neşiriň redaktory Gülüstan Mätýakubowa ýetmiş ýaşady. Şu mynasybetli «Özbegistan» neşirýaty şahyryň döredijiliginden dürli edebi görnüşleri öz içine alýan 3 tomlugyny (2018) çap etdi. «Garagalpagystan» neşirýaty bolsa «Güldesse» ady bilen onuň goşgularynyň bir tomlugyny özbek hem garagalpak dillerinde öz okyjylaryna hödürledi. G.Mätýakubowa edebiýat görnüşleriniň hemmesinde hem galamyny ezberlik bilen ýöretdi. Men onuň goşgularyndan käbirlerini terjime edip, dürli ýyllarda türkmen okyjylarynyň dykgatyna ýetirip geldim. Bu işe şahyryň türkmen temasyna dahylly köp goşgulary üçin baş goşdum. Aýratynam, ol Magtymguly temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Ony, dogrusy, özbek hem garagalpak edebiýatçylaryna nusga edip goýýar, okyjylaryny bolsa onuň eserlerine görä Watana, halka wepaly hyzmat etmäge çagyrýar. Ýokarda ýatlanan tomluklarda hem şonuň ýaly goşgulara duşulýar. Biz olardan käbirini öz dilimize geçirdik we olary okyjylarymyza hödürleýäris. Şahyryň redaktorlyk edýän, Garaşsyzlyk ýyllarynda özi tarapyndan esaslandyrylan «Garagalpak edebiýaty» hepdelik neşirinde hem onuň hut öz terjimesinde Magtymgulynyň eserlerine ýygy-ýygydan orun berilýär. Galamdaşymyza döredijilik üstünliklerini, täze ylham baýlygyny arzuw edýäris. PENA Men pena isleýän Magtymgulydan, «Baba!» diýp ruhun çagyrýar göwnüm. Gözýaşlarymdan hem gözýaş silinden, Geçmesi kyn bolup görünýär öwrüm. Men arka tamakin Magtymgulydan, Adalat gapysyn urup kän sapar. Hakyň hatyryna eşder ol meni Hem dertli ýüregmiň melhemin tapar. Men mähir küýseýän Magtymgulydan: —Söýgi haýsy sözde? Ber maňa aýdyp? ...Ýürekdeşlik gaplar köňlüňi derhal: «Gowy hyýallara gel—diýer—gaýdyp!». IÇINDE Köňlüm, ne iş bitirdiň, geldiň jahan içinde. Magtymguly Mähir görkezip janym zaru-girýan içinde, Ýagşylyga ýar bolup, galdym arman içinde, Hatalam hatar-hatar müň puşeýman içinde, Başym göwräme ýetmes, daş-degirmen içinde, Umydymyň gülleri gara duman içinde, Köňlüm, nesibäň şumy, ruhy-rowan içinde?! Zulmatda ýol görkezer açyk ýüz-aý tapmaýa, Mähir bilen el berer gülgün çyraý tapmaýa, Muhabbetim ýerleşer mülki-saraý tapmaýa, Batara köl, akara daşgyn bir çaý tapmaýa, Men heläk, umydymy jaýlara jaý tapmaýa, Nebis bilmez çägini iman-wyždan içinde. Mekirlik, hyýanata dolmuş ýitip çynlarym, Mähre, wepa yzlasam, dogry çykmaz çenlerim, Hile-ýalan derdinden geçip gitmez tünlerim, Habar gelse külpetden, öňe saýlan, günlerim! —Meýli, alsyn ömrümi, meýli, solsun güllerim, O dünýäde solmaz gül bar bu Gülüstan içinde. Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 03.12.2021ý. 4-nji sahypa. https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=7517. 03.12.2021ý. Özbekçeden terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||