ŞYGYR, ŞAHYR HEM PYGAMBER
Araplaryñ yslamyýetden öñki döwründen biziñ günlerimize çenli getiren iñ uly sungat eserleriniñ biri-de şygryýetdir. Aly Şeriatynyñ sözi bilen aýdanymyzda, şygryýet - her bir arabyñ düşünjesine, ynanjyna we ruhuna aralaşyp bilýän iñ täsirli ýaragdyr. Düýäniñ öz köşegine ýakyn durşy ýaly, şygra kökenek bir halkyñ içinden çykan pygamberiñ şygryýete ýüzleý seretmejegi-de mümkin däldi.
Özüni adamlaryñ iñ suhangöý söz sözleýäni diýip görkezen we "Men jewamyýul-kelim bilen gönderildim" (Buhary "Jihad" 122; Müslim "Mesajid" 6) diýen hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) "Şygyr - araplaryñ zalply sözlerinden bir sözdür we olar üýşmeleñlerde şunuñ bilen gürlärler hem-de öz aralaryndaky öýke-kinelerini şunuñ bilen mälim ederler" diýenden soñ öñki goşgulardan bir dörtleme okamasy, onuñ araplar üçin şygryñ nämäni añladýandygyna gowy düşünýändigini görkezýär.
Hezreti Pygamber (s.a.w) şol bir wagtyñ özünde köp sanly şahyryñ çykan, hatda barsy diýen ýaly şahyr bolan bir maşgalada kemala gelipdir. Onuñ alty bibisiniñ altysy-da şahyr bolupdyr. Rowaýata görä, pygamberimiziñ (s.a.w) atasy Abdylmuttalyp ölüminiñ öñýany alty gyzyny-da ýanyna çagyryp, olara öz patasynda aýtjak ýas aýdymlaryny diñlemek isläpdir. Şonda alty aýal doganyñ hersi aýry öz kakalaryny öwýän şygyr düzüpdirler.
Heý-de bibileri şahyr bolubam, agalary şahyr bolmazmy onsoñ? Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) agalaryndan Ebu Talybyñ[1], Hezreti Apbasyñ (r.a) we Hezreti Hamzanyñ (r.a) şygyr düzendigi barada maglumatlat bar. Ebu Talybyñ Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) kyn günde galanlaryñ ýüz tutýan, ynanylýan, masum, halym, reşid, adyl sypatlary bilen wasp edýän goşgusy meşhurdyr.[2] Hezreti Hamza bolsa musulman bolanda öz inisiniñ artykmaçlyklaryny wasp edip, ony gorajagyna äht edýän şygyr aýdypdyr. Hezreti Apbas öz "Kafiýýesinde" gaýybyñ habarlaryndan we pygamberiñ yns-jynsyñ ilkinjisidiginden aýdyp, inisini taryp edipdir.
Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) aýallary-da şygryýetden bihabar bolmandyrlar. Meselem, Hezreti Äşe (r.a) arap taryhyny we şygryýetini diýseñ gowy bilipdir. Hezreti Ümmü Seleme bolsa zenan şahyralardandyr. Agasynyñ ogly Ebu Sufýan ibn Haris[3] bolsa şygyrlary bilen meşhurlyk gazanan şahyrlardandyr.
Gyzy Hezreti Patma we agtygy Hezreti Hüseýin hem şygyr düzüpdir. Iñ ýakyn egindeşleri Hezreti Ebu Bekiriñ[4], Hezreti Omaryñ we aýratynam Hezreti Alynyñ şygyrlary biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Hezreti Pygamberiñ sahabalarynyñ arasynda-da köp sanly şahyrlar bar. "Pygamberiñ şahyry" diýen at alan şahyrlardan Hassan ibn Sabit, Abdylla ibn Rewaha, Kab ibn Mälikden başga-da, zenan sahabalardan Hansa (645-nji ýylda aradan çykan), Atike binti Zeýd (660-njy ýylda aradan çykan) we Najiýe binti Jündeb (680-nji ýylda aradan çykan) dagylaryñ bolan onlarça şahyr-sahabalar bolupdyr. Hatda şahyr-sahabalaryñ düzen şygyrlary bir ýere jemlenip, bu barada birgiden monografiýalar ýazyldy. Olardan Aly Fehmi ependiniñ "Hüsnü’s-Sahâbe fî Şerhi Eş’âri’s-Sahâbe" (Dersâadet: "Rûşen Matbaası" neşirýaty, 1324) atly eseri meşhurdyr.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) müşriklere garşy harby, syýasy we ykdysady ugurlarda ýadawsyz göreş alyp barşy ýaly, şygryýetde-de öz beýanyny tapan iñ çetin göreş, megerem, şahyrlara garşy alnyp barylan bolmaly.[5] Müşrik şahyrlaryñ düzýän hijwiýelerine (epigrammalaryna) gynanýan pygamber (s.a.w) sahabalarynyñ şygyr düzmäge ukyplylaryny olara jogap beýtlerini ýazmaga ruhlandyrypdyr we müşrik şahyrlara gerekli jogaby bermelerini isläpdir.
Hezreti Pygamber (s.a.w) jahylyýet döwrüniñ şahyrlarynyñ birnäçesiniñ diñe şygyrlaryny diñlän bolsa, birnäçesiniñ özüni görüpdir, azam bolsa olaryñ käbiriniñ musulman bolmagyna sebäp bolupdyr.
Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) şygyrlaryny diñlän şahyrlarynyñ arasynda "Muallakatü’s-Seba" diýlip tanalýan "Ýedi Asky" şahyrlary-da bar.
Çeşmelerde olaryñ sany hernäçe ýedi bolup geçse-de, käbir müellifler (ýazyjylar) başga-da birküç şahyryñ adyny goşup, bularyñ sanyny ona çykarypdyrlar. Ýedi şahyryñ arasynda: Imrul-Kaýs ibn Hujr, Tarafe ibn Abd, Hillize, Amr ibn Külsüm, Züheýr ibn Ebu Sülma, Antere, Lebid ibn Rebia dagylaryñ atlary agzalýar. Seýle-de Nabiga ez-Zübýany we Meýmun ibn Kaýs el-Aşa dagylaryñ atlaryny-da bularyñ hataryna goşýanlaram bar. Bularyñ bir bölegi has irki ýyllarda ýaşandygy üçin Hezreti Pygamber (s.a.w) olary görmändir, diñe şygyrlaryny eşdipdir, emma VI asyryñ ikinji ýarymynda ýaşanlaryñ bir bölegini görmek miýesser edipdir. "Magallak" şahyrlarynyñ arasynda Lebid ibn Rebia musulman bolupdyr we yslam döwründe-de ep-esli ýaşapdyr.
Hezreti Pygamber (s.a.w) "Magallak" şahyrlaryndan Imrul-Kaýsyñ şygyrlaryny halamandyr, Nabiganyñ we Lebidiñ käbir beýtlerini bolsa höwes bilen diñläpdir (Seret: Buhary "Edeb" 90, Müslim "Şygyr" 3, Tirmizi "Edep" 70) we gönüden-göni Allanyñ barlygyna, birligine we ynanýanlara pitjiñ atmaýan, zynadyr içgini mazamlamaýan Ümeýýe ibn Ebi’s-Salt (630-njy ýylda aradan çykan) we araplaryñ iñ meşhur zenan şahyrasy Hansa (645-nji ýylda aradan çykan) ýaly jahylyýet döwrüniñ şahyrlarynyñ çuññur many-mazmuna eýe käbir şygyrlaryny üns berip diñländigi, käbir beýtlerini bolsa özüniñem gaýtalandygy barada maglumatlar bar.
Hezreti Pygamber (s.a.w) şygyrlarynda jelepçiligi we zynany göni suratlandyrýandygy üçin Imrul-Kaýsyñ şygyrlaryny halamandyr, gaýtam oña "Dowzaha barýan şahyrlaryñ başyny çekijilerdendir" diýipdir.
Uzak ýaşan we kabylasynyñ iñ ussat şahyry hasaplanýan Lebid özüni Imrul-Kaýsdan we Tarafeden soñky üçünji beýik şahyr saýypdyr.
Lebidiñ musulman bolmanka düzen şygyrlarynda tebigat we haýwant dünýäsini şekillendirmäge ýykgyn etmek hilen birlikde hanifi (ýekehudaýlylyk) dininiñem täsiri duýulýar. (Seret: "Furat" 1996: 80)
Hezreti Pygamber (s.a.w) "Bir şahyryñ sözläp biljek iñ dogry sözi Lebidiñ "Şuny bek belläñ, Alladan başga barça zat batyldyr!" diýen setiridir" diýip, (Seret: Buhary "Edep" 70; Müslim "Şygyr" 3; Tirmizi "Edep" 70) Lebidiñ şygyrlaryna gowy baha beripdir.
Pygamberimiziñ (s.a.w) şygyrlaryny bilen şahyrlaryndan ýene biri-de "Magallak" şahyrlaryndan bolup, Imrul-Kaýsdan soñ gelen Tarafe ibn Abddyr (564-nji ýylda aradan çykan).
Bahreýnli Tarafe Imrul-Kaýsdan soñky ikinji ussat şahyr hasaplanýar. Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) öýe girip barýarka Tarafeniñ şu beýtine gowy baha berendigini Hezreti Äşe ýatlapdyr (Tirmizi Edeb 70):
“Günler saña bilmeýänñi öwreder,
Pikrin etmedikleñ habar getirer.”
Pälwan şahyr Antere kakasynyñ kabyla kethudalarynyñ biridigine garamazdan, ejesi gyrnak bolandygy sebäpli halaýam gyzyny alyp bilmändir. Ol halaýan gyzyny alyp gaçanlaryñ yzyndan ýetip, gyzy halas edendigine we ogurlanan mallary yzyna gaýdyp alandygyna garamazdan, göwün söýen gyzyna öýlenmäge rugsat berilmedik Anteräniñ gyzykly we gahrymançylykly başdan geçirmeleri birnäçe kinofilmlere we taryhy romanlara sýužet bolup hyzmat etdi. meşhurdyr.
Hezreti Pygamber (s.a.w) "Magallak" şahyrlarynyñ arasynda ömür kyssasy iñ gyzykly bolanlaryndan Antere ibn Şeddadyñ (614-nji ýylda doglan):
“Garnym bilime ýapyşsa-da, minnetden azat bir döwüm çörek tapýançam aç ýatyp, aç turaryn!” (Seret: Ýaltkaya 2018: 193)
setirlerini diñländen soñ, görmek islän ýeke-täk bedewisiniñ Antere bolandygy - onuñ şygyrlaryny erbet görmändigini añladýar.
Hezreti Pygamberjñ "Magallak" şahyrlarynyñ arasynda ady geçmedik Süweýd ibn Amir el-Mustalikiniñ (IV asyrda ýaşan):
"Haremde ýatsañam arkaýyn bolma,
Ölüm iki ýanyndadyr ynsanyñ"
- diýen setirlerini diñläp, "Bu kişi meni gören bolsa, hökman musulman bolardy" diýendigi rowaýat edilýär.
Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) rysalatyndan bir ýyl öñ ýogalan "Magallak" şahyrlaryndan Züheýr ibn Ebu Sülma (609-njy ýylda aradan çykan) Allanyñ birligine iman eden şahyrlardan bolupdyr:
"Içiñizdäki hiç bir zady Alladan gizläp bilmersiñiz,
Alla nirede nämäni gizleseñizem bilip durandyr"
Bir gije Züheýriñ düýşünde asmandan ýüp sallanýar we oña elini uzadýar, emma ýüpe boýy ýetmeýär. Şondan soñ ogullary Kâbdyr (645-nji ýylda aradan çykam) Büjeýri ýanyna çagyrýar we olara gören düýşüni ýorup: “Ogullarym! Ahyrzaman pygamberiniñ gelmesi ýakynlaşdy, emma men ony görüp bilmerin, siz ony gözläp tapyñ we oña iman ediñ” diýip, wesýet edipdir. Onuñ özi ýaly şahyr bolan iki oglu-da kakalarynyñ wesýetine eýerip, musulman bolupdyrlar.
Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) mümkinçilik tapdygyndan şygyrlaryny diñlän jahylyýet döwrüniñ hanif şahyrlaryndan Ümeýýe ibn Ebüs-Salt (630-njy ýylda aradan çykan) sakif kabylasynyñ şahyry bolupdyr. Şahyr töwhid ynanjyny içgin öwrense-de, hristian we jöhit dinlerine girmekden saklanan özüni "Ehli-töwhid hasaplandygyna, semawy dinleri gowy bilýändigine we çuññur many-mazmuna ýugrulan hikmetli şygyrlary düzendigine garamazdan musulman bolmazlygynyñ sebäbini, onuñ özüniñ pygamber bolmaga ymtylandygy we özi ýaly dana, özi ýaly meşhur biri barka, tanalmaýan biriniñ pygamber bolmagyna razylaşmandygy bilen düşündirilýär.
Amr ibn Reşidiñ kakasy Reşid ibn Süweýde salgylanyp rowaýat etmegine görä, Hezreti Pygamber (s.a.w) düýäñ üstünde barýarka, Reşidden Ümeýýänin şygyrlaryndan bilýänini-bilmeýänini sorapdyr, "hawa, bilýän" diýen jogaby alansoñ, "Oka!" diýip yşarat edipdir, şygyr ýüz beýte ýetýänçä diñläpdir (Müslüm "Şygyr" 1) Hezreti Pygamber (s.a.w) Ümeýýäniñ şygyrlaryna “Musulman bolmanyñ bäri ýanynda eken” diýip, gowy baha beripdir. (Buhary X/38; Ibn Maje "Edep" 41)
Hezreti Pygamber (s.a.w) töwhid ynanjyna eýerýän hatyp we şahyr Kus ibn Saide (600-njy ýylda aradan çykan) barada: "Jenaby-Hak kyýamat gününde Kuss ibn Saidäni aýratyn bir ymmat hökmünde ör turzar diýip umyt edýärin!" diýipdir.
Hezreti Pygambere (s.a.w) heniz pygamberlik berilmänkä onuñ, araplaryñ iñ saýlama hatyby we şahyry saýylan Kus ibn Saide el-Iýadynyñ Ukaz baýryna çykyp, şol ýerde adamlara Allany we ahyreti ýatladýan şygyrlaryny okanda diñländigi hakynda rowaýatlar bar.
"Eý ýaranlar! Geliñ, diñ salyñ sözme,
Unutmañ, eýeriñ hakyñ yzyna!
Ýaşaýanlar öler, ölen ýok bolar,
Çäre ýok, owaldan boljak iş bolar.
Ýagyş ýagar, otlar biter yzynda,
Çaga doglar, ömürleriñ ýazynda.
Tutarlar enäniñ, atañ ýerini,
Soñ taşlap giderler ogul-ýaryny.
Dowam eder. Öñi-ardy kesilmez,
Geçip barýan günleñ yzy üzülmez.
Gulak salyñ, meniñ aýtjak sözüme,
Gökden bir alamat görner gözüme.
Ýer ýüzi bir köşgüñ düşegi ylla,
Asmany üçek deý ýaratdy Alla.
Ýyldyzlar, deñizler durar ýerinde,
Ne giden dolanar, ne gelen munda.
Ýogsa halap galýarlarmy şol ýerde?
Ýa taşlanyp, uklap galýarlarmyka?
Ant içýän, Allanyñ gatynda bir din,
Şumatky dinden has belent orun
bir ýerdedir. Allañ bize ýollajak,
Pygamberi geler, ynha, basymjak.
Kölegesi üstüñize gelipdir,
Ynananlar bagta eýe bolupdyr.
Kim oña ynansa, hak ýoly tapar,
Kim oña ýok diýse, özüni ýakar.
Haýp, gowuşyp bilmän sylag-hormata,
Ömri gaflat içre geçen ymmata!.."
Kus ibn Saidäniñ ýakyn wagtda geljekdigini buşlan pygamberi baradaky meşhur şygryny birnäçe ýyl geçenden soñ yýadlylar musulman bolanda okapdyrlar, şonda Hezreti Pygamber (s.a.w) şahyryñ barlygyny-ýoklugyny sorapdyr, onuñ birmahal aradan çykandygyny aýdanlarynda, şygrynyñ ilkinji beýdini aýdyp, şahyryñ adyny we şygryny öñ eşdendigini myhmanlaryna bildiripdir.
Aýry bir ymmat hökmünde direldiljekdigi aýdylan ýene bir hanif şahyr Zeýd ibn Amr ibn Nufeýldir (606-njy ýylda aradan çykan). But hudaýlara çokunmadyk, zynadan, her dürli günäden daş duran, gyz çagalary diriligine ýere gömýänlere garşy durmaga çalşan Zeýdiñ Hezreti Pygamber (s.a.w) bilen pygamber bolmanka duşuşandygy barada rowaýatlar bar. Şu aşakdaky şygry onuñ musulman bolman döwründäki özüni alyp barşy barada maglumat berýär:
"Işler ugruganda bir Hudaýamy,
Ýa müñ sany hudaýa baş egeýin?
Lat bilen Uzzany terk etdim birçak
Şindi gabat gelen buty döweýin...
Kesgitli pikirli, giñ gözýetimli,
Kişiler elmydam şeýle-de eder.
Uzzadan, hem onuñ iki gyzyndan,
Mundan soñ birjigem etmerin heder.
Hem Beni Amryñ iki wasanyn,
Zyýarat etmerin galan ömrüme.
Hubele ybadat etmerin gaýdyp,
Bes! Aklym kem wagty girdim emrine.
Indi seždegähim Rebbim Rahmandyr,
Merhemeti bilen ötsün günämi.
Diñe şoña ynansañyz ýürekden,
Hem gazanyp mizemejek imany.
Heläk bolmarsyñyz. Hem şuny biliñ:
Ýagşy kişileriñ orny jennetdir.
A kapyrlar üçin ýalyn syçraýan,
Dowzah bar. Durşuna ýalyn-minnetdir".
Şahyryñ ogly Sad Hezreti Omar (r.a) bilen bile Resuly Ekremiñ (s.a.w) ýanyna baryp, "Eger kakam häzire çenli ýaşan bolsa, hökman iman ederdi, onuñ bagyşlanmagy üçin doga-dileg edip bilermiñ?" diýende, Pygamberimiz (s.a.w) "Elbetde, onuñ üçin istigfar ederin, ol ýeke özi bir ymmat halynda haşr ediler" diýen jogaby beripdir. (Müsned, I, 189-190; Ibn Ishak, s. 99-100).
Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) şygyrlaryny halap diñlän şahyrlaryndan Nabiga el-Jadi (685-nji ýylda aradan çykan) kabylasyndan birnäçe adama baş bolup Medinä gelip musulman bolanda, Hezreti Pygambere (s.a.w) meşhur "Raiýýe" şygryny okap beripdir. Hezreti Pygamber (s.a.w) şonda şygryñ ahyryndaky:
"Geldim Hak Resulyñ hydaýatyna,
Akmaýanyñ ýoly ýaly nurana
bir kitaby okaýar ol.
Jan etdim,
duýmadym men, hem meniñ
ýanymdakylar,
Süheýl ýyldyznyñ doguşy hemem
günbatara sary gaýyp gidişin.
Takwalykda galdym,
Hem hoşal boldum,
Ýagşy amalymdan, ybadatymdan.
Hem gorkdum, çekindim eýmenç ataşdan.
Arşa ýetdik hormat bilen, şan bilen,
Açlara nan, ýalañaja don bilen.
Ýöne men munuñam bir gat üstüne
Çykaryn diýp arzuw-umyt edýärin!"
- diýen setirlerini diñlände, "Munuñ üsti nire bolýar, eý Ebu Leýla?" diýip sorapdyr, şonda şahyr "Jennetdir, eý Allanyñ Resuly" diýende, Hezreti Pygamberem (s.a.w) öz gezeginde "Enşalla, enşalla" diýip, özüniñ hoşallygyny bildiripdir. Şeýle-de oña: “Ne ajap (şygyr) aýtdyñ, Alla agzyña dert bermesin” diýip doga-dileg edipdir.
Arap şygryýetiniñ yslamdan soñky döwri neneñsi bolduka? Bu soragyñ jogabyna tom-tom kitaplar bilen jogap bermek mümkin.
Ysmaýyl GÜLEÇ.
Terjime eden: © Has TÜRKMEN.
Goşmaça maglumat üçin seret:
[1] "Ebu Talyp we onuñ arap edebiýatyndaky orny":
http://kitapcy.com/news/2018-06-16-385
[2] "Ol güler ýüzlüdir..."
http://kitapcy.com/news/2018-07-10-1208
[3] "Ebu Sufýan ibn Haris"
http://kitapcy.com/news/2019-05-07-6813
[4] "Lutf birle jud eýle..."
http://kitapcy.com/news/2018-07-10-1209
[5] "Şygryýetiñ we şahyrlaryñ jemgyýetdäki orny":
http://kitapcy.com/news/2018-06-12-259
Edebiýaty öwreniş