19:45 Eýran, Ysraýyl... Medalýonyñ iki ýüzi | |
EÝRAN, YSRAÝYL... MEDALÝONYÑ IKI ÝÜZI!
Publisistika
Yslam geografiýasy jeñ meýdanyna öwrüldi. Ölýän musulman. Bölünýän musulman! Bölýänleriñ kimdigini aýtmagyñ hajaty ýok. Gazadaky genoside sesini çykarmaýan, Ysraýylyñ genosidlerine häzirem ýarag berýän "medeniýet" diýilýän daşy gury ham bolup galan jandarlar! Eýran-Ysraýyl halkasynda bolup geçýän, global oýunçylar bilen bir hatarda wekilçilik uruşyny alyp barýan güýçleriñem goşulan çaknyşyklar tapgyrynda, gynansak-da, kösenýän ýene bigünä raýatlar, ýene biçäre musulmanlar! Ysraýylyñ Eýrantñ Damaskdaky konsullygyny nyşana alyp eden hüjümi we Eýrantñ beren jogaby bilen möwç alan dartgynlylyk heniz ýatyşanok. Ikitaraplaýyn gaharly beýanatlar bilen tutaşan proses sebitimizi has uly agressiýanyñ girdabyna iterip biler. Sebitden daşdaky güýçleriñ oýunlary-da uruşyñ ýaýrama howpuny artdyryp biler. Jemgyýetlerde emele geljek gahar-gazap we adalatsyzlyk duýgusy bolsa sosial-ykdysady çykdajylar bilen birleşip, bütin dünýäni täsiri astyna aljak radikallaşmalara we bölünişige getirip biler! Ysraýylyñ Palestinany ýok etme we gazalylary sürgün etme meýilnamasy Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlygyñ baş sebäbi bolmagynda galýar. Sionist hökümet Eýran bilen bolýan problemalaryny Gaza hakykatlaryny bukmak üçin ulanýar. Eýran bolsa (Saddam Hüseýinden soñra) gönüden-göni ysraýyl topraklaryny nyşana alan hüjümi bilen yslam dünýäsinde aýratyn orna mynasyp bolmaga synanyşýar! Esasynda Gaza meselesi birnäçe ýurt üçin diñe "diplomatiki gündelik gürrüñiñ temasy" bolmakdan ybarat. Başyndan bäri atyşygy bes etmegi öñe süren, üznüksiz gumanitar kömekleri bermek üçin jan eden, diñe palestinaly bigünä raýatlaryñ gamyny iýen, Beýtulmukaddesiñ mähremiýetini goramaga dyrjaşan ýeke-täk ýurt we hasapsyz ýeke-täk lider bar. Türkiýe we Taýýip Erdogan! * * * Kadaly global sistemanyñ batan, halkara guramalaryñ ejiz bolup galan haotik global şertlerinde, aýratynam goranyş ulgamynda öz-özüñi oñarmak soñky derejede güýç gazanýar. Snarýadly raketalaryna, dron tehnologiýasyna esaslanýan täze uruş konsepti howpsuzlyk boýunça käbir ýurtlary täze taýýarlyklary görmäge iterýär. Demirgazyk Siriýada, Demirgazyk Yrakda, Garabagda uçarmansyz dolandyrylýan istrebitelleriñ uruş meýdanyna sürülmeginde Türkiýäniñ görkezen üstünligi indi nusga alynýar. Gibrid uruş taktikalarynyñ ýygy-ýygydan ulanylýan şertlerinde dowam edijilikli ýerli goranyş senagaty, serpikdiriji harby güýji ýurtlaryñ geljeginiñ oñurgasyny düzýär. Häzir Gaza üçin "Bize näme?" diýýänler geosyýasy, geostrategiki, hatra teosyýasy (dini temaly) dinamikalaryñ ýurtlary we halklary nähili öñüne salyp sürüp bilýändiginu gijem bolsa duýýar. Gurulan deñagramlylyga täsir etmeýän ýurtlar global ligada çaltlyk bilen hatardan çykýan bolsa, milli immuniteti güýçli ýurtlar sarsman duryp bilýärler! * * * Tema bilen baglanyşykly Eýran-Ysraýyl konflikti boýunça birnäçe aýratynlygyñ üstünde durup geçmek peýdaly bolar... - Eýran bilen Ysraýyl hernäçe biri-birine ters tarapda dursalaram, aslynda bir medalýonyñ iki ýüzi ýaly biri-birini tamamlaýar. Ýagny, biri-birini besläp, suwlandyryp durýar. - Mezhep oñşuksyzlygyna goldanýan daşarky syýasaty ömrüne ömür goşýan esasy syýasy ugurlaryñ biri hasaplaýan Eýran häzirki pozisiýasy we ulanýan gurallary bilen Türkiýä oñlulyk görkezmejegi görnüp durşy ýaly ehli-sünnet pozisiýasyna garaýşy bilenem sorag alamatlaryny döredýär. - PKK terror toparynyñ şahasy PJAK-yñ Eýranda saklanyp bilmegi, ýagdaýa görä Türkiýäniñ howpsuzlygyna we asudalygyna garşy güýç hökmünde gerek wagty ulanmak üçin saklanmagy-da bu ýurda bolan şübheleri artdyrýar. - Azerbaýjanda Zengezur koridoryna, Yrakda "Ösüş ýoly" maksatnamasyna garşy ýöreden päsgel beriji pozisiýasy-da uzak möhletleýin gatnaşyklary düýbünden sarsdyrýar. Elbetde... Her ýurt öz bähbitlerini nazarlap hereket edýär. Emma ýörelen syýasy ýoluñ agressiwligi bilen dost-dogan ýurtlara niýetlän hasaplary halysalla netije bermeýän bolsa, şol ýerde säginip, oýlanmak gerek! Okan MÜDERRISOGLY. "SABAH" gazeti, 16.04.2024 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |