18:44 Täjik ýumorlary | |
TÄJIK ÝUMORLARY
Degişmeler
- Görýän welin, bu satyjymyzam düzelip başlapdyr-ow! Gör, ony... Mundan ozal-ha goh etmeýän sapary ýokdy. Bu gün welin burny deşilen ýaly - ümsümje! Indi düzelip ýördügimikä şü? - Wah, düýn artygrak gygyransoñ, sesi gyrlaýypdyr-da... * * * - Meñ kitaplammyñ beýleki ýazyjylaryñka garanda nämesi bilen parhlanýandygyny bilýäñmi? - Bilýän. Kitap dükanlarynda çañ basyp ýatýany bilen parhlanýar. * * * - Siz haçan ylham bilen joşup ýazýarsyñyz? - Pulum gutaranda. * * * - Dostum, tanyş-bilşiñ ýokmaý? Men bir oñatja köwüş almakçy... - Tanşam taparys, saña gowy köwşem alarys. Ýör, öñürti şol aljak köwşüñi bir ýuwaly! * * * Goñşularynyñ bolgusyz gybatyndan bizar bolan Ependi ýerinden turupdyr-da, gidermen bolupdyr. - Oturyñ-da, nämä turuberdiñiz? - diýip, oturanlar Ependä ýüzlenipdir. - Size meñ gybatymam etmäge maý bereýin-dä! - diýip, Ependi olara jogap beripdir. * * * Bir erkek kişi dükana giripdir-de, satyja ýüzlenip, şeýle diýýär: - Siz witrinadaky şol köýnegi aýryp bilmezmisiñiz? - Oñ gürrüñi bolmaz! - diýip, satyjy oña jogap beripdir. - Alyjylara gulak gabartmak biziñ borjumyz. - Şeýtseñizläñ. Öñünden minnetdarlyk bildirýän. Şo köýnegi dagy-duwara şo ýerden asmaweriñ. Ýogsa, aýalym bilen şoñ gapdalyndan geçip gitmek meñ üçin iñ ýokary jeza! * * * Bir adam işden öýüne gelip, aýalynyñ ýanynda zeýrenipdir: - Bu gün gaty agyr gün bold-ow! - Näme, ýyllyk planyñyzy dolup bilmediñizmi? - Ýok-la! Uzakly gün orunbasarym bilen küşt oýnap, ony bir saparam utup bilmedim. * * * Bir gün goñşusy Ependiden şeýle diýip sorapdyr: - Nasretdin aga, eşitdiñizmi, Darazyñ oglu dissertasiýa gorapmyş. Indi alymmyş. Geñ zat, ol ylma näme üýtgeşiklik girizdikä? - Ylma näme üýtgeşiklik girizeninden habarym ýok. Ýöne şoñ aýlygyna-ha üýtgeşiklik girizeni hak! - diýip, Ependi jogap beripdir.. * * * Şäheriñ parahor kazysy bir maýmyny idekläp barýan ekeni. Ependi ony saklap, şeýle diýipdir: - Hojaýyn, bü iti nirä alyp barýañ? - Şunça ýaşap it bilen maýmynyñ tapawudyny bileñokmy? Eý, Ependi, bü maýmyn ahyry! - diýip, kazy ör-gökden gelipdir. - Tagsyr, men muny maýmyndan sorap durun! - diýip, Ependi gülmän-yşman aýdypdyr. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |