12:43 Tanymal adamlaryñ sözlerinden | |
TANYMAL ADAMLARYÑ AÝDAN SÖZLERINDEN
Sözler
Görmezlige salyñ, sesiñizi çykarmañ, jogap bermäñ. Sessizlik hemme zady ýom-ýok eder. Çarlz DARWIN. * * * Adamyñ akly köpeldigiçe, ykgy-çokgysy, derdi artýar. Fýodor DOSTOÝEWSKIÝ. * * * Her kim adamzadyñ erbetlige tarap barýandygyny bilýär. Emma her kim özüniñ erberlige tarap barýandygyny welin, bilesi gelmeýär. Lew TOLSTOÝ. * * * Ahlagyñ ýok ýerinde kanun derege ýaramaz. Napoleon BONAPART. * * * Dil adamlara berilen iñ uly peşgeşdir. ARISTOTEL. * * * Wagty gelen pikiriñ garşysynda durmaga hiç bir goşunyñ güýji ýetmez. Wiktor GÝUGO. * * * Bir zady hakykatdan bilmek, oña düşünmek bilen amala aşýar. SOKRAT. * * * Göz-gulakdan has anyk şaýatdyr. Geraklit EFFESKIÝ. * * * Adam näçe az pikirlense, şonça köp gepleýändir. MONTESKÝE. * * * Geplemek - adamyñ aklyny ulanyp bilmek sungatydyr. PLATON. * * * Ýalñyşy tapmak hakykaty tapmakdan gas añsatdyr. Wolfang GÝOTE. * * * Dünýäniñ wekilçiligi erkekleriñ eseridir. Olar dünýä öz nukdaýnazarlaryndan baha berýärler. Simona de BOWÝUAR. * * * Ýazyjylar adam ruhunyñ inženerleridir. Iosif STALIN. * * * Biziñ iñ uly ýalñyşymyz - töweregimizdäki her kesi "adam" hasap edýänligimizdedir. Çarlz BUKOWSKIÝ. * * * Meni ýigrenýänleri ýigrener ýaly wagtym ýok. Çünki men öz gadrymy bilýänleri söýmek bilen başagaý. Gabriel Garsia MARKES. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |