19:41 Dünýä taryhyna giren 15 melike | |
DÜNÝÄ TARYHYNA GIREN ON BÄŞ MELIKE
Zenan şahsyýetler
▶HATŞEPSUT (b.e.öñki 1508-1458-nji ýyllar) B.e.öñki 1479-1458-nji ýyllarda Müsürde hökümdarlyk süren melike Hatşepsut barada öñ kitapçy saýtynda aýratynlykda giñişleýin maglumat beripdik. Şonuñ üçin bu gezek gysgaça durup geçmegi makul bildik. Müsüriñ XVIII nesilşalygynyñ altyn döwründe hökümdarlyk etmekden zyýada erkek sypatynda gezme batyrgaýlygyna eýe bolan Hatşepsut müsür taryhynyñ ýeke-täk zenan faraonydyr. Ol Nil derýasynyñ boýunda geçirilýän dabaraly çärelere erkek eşigini geýip we ýasama sakgal dakyp çykar eken. Bu onuñ üçin hökmany däbe öwrülipdir. Hatşepsut sözüniñ manysy asylzada zenanlaryñ öñbaşçysy diýmegi añladýar. Ol öz adyna bima etdiren ybadathanasy we häkimiýetini simwollaşdyrmak ûçin ýasadan sakgally heýkeli bilen meşhurlaşypdyr. Hatşepsut iş başarjañ, akylly we ilhalar faraonlaryñ biri bolupdyr. ▶ KLEOPATRA VII (b.e.öñki 69-30-njy ýyllar) Gadymy Müsüriñ iñ soñky ellinistik melikesi Kleopatra VII dünýäniñ iñ güýçli, iñ baý şalygynyñ tagtyna geçen wagtynda heniz çagajykdy. Köşkde bolýan her dürli dildüwşüklere we Rimden geljek hyýanatlara döş germäge ýürek edibilen Kleopatra Müsüri goramagyñ hatyrasyna Ýuliý Sezaryñ düşegine giripdir. Sezar bilen Kleopatranyñ söýgi gatnaşygy Rimde gahar-gazap döredipdir. Şeýle-de bolsa Kleopatra Sezar aradan çykandan soñ onuñ inisi Mark Antoniý bilen arasyny sazlapdyr. Kleopatranyñ her dürli intrigalary, akyl-paýhasy we gözelligi öz peýdasyna ulanan özboluşly gyzykly taryhy bar. ▶ U SZETÝAN (624-705) U Szetýany heniz on üç ýaşyndaka imperator Taý-szun 638-nji ýylda hytaý köşgüne gyrnak hökmünde getiripdir. Taý-szun ölenden soñ onuñ ogly Gao-szun bilen düşegini paýlaşdy we ondan bir gyzy dünýä indi. Depe saçyñy düýrükdiribiljek şeýtany pygyly netine düwüp öz gyzyny öldürdi, yzyndanam Gao-szunyñ kanuny aýalyny bu jenaýaty etmekde aýyplady. Gao-szun muña güpbe ynandy, ahyrynda U Szetýan maksadyna ýetdi: U Szetýan imperatrisa diýip yglan edildi. U Szetýan imperator Gao-szunyñ näsaglan wagty döwletiñ agalygyny eline alypdyr. Hytaý birnäçe ugurda öñdeligi elden bermändir, hytaý gynamasy bulardan biridir. Hytaý taryhynyñ ýeke-täk zenan hökümdary U Szetýan (doglandaky ady U Hou) agalyk süren döwründe köşkde özüne bäsdeş hasaplan aýallaryna, şeýle-de imperiýanyñ çar tarapyndaky garşydaşlaryna taryhda yz galdyran ýanamalary gurnady, zorluk-sütemleri etdi. U Szetýan şolar ýaly derejede zalym, rehim-şepagatsyz, hatda ruhy taýdan näsagdygyna garamazdan Hytaýyñ bitewiligini üpjün edip we Koreýany eýeläp başarypdy. ▶ BEÝIK TAMARA (1160-1213) Ildeşleri häli-häzirlerem ony gruzin taryhynda ýaşap geçen iñ güýçli gürji hökümdarlarynyñ biri hökmünde ýatlaýarlar. Iş başarjañ melike Tamara harby ussatlygy bilen türkmenleri birnäçe gezek yza serpikdirmegiñ hötdesinden gelipdir. Gürjüler ony ýagşylygyñ perişdesi hasaplaýar. 1184-nji ýylda kakasy Georgiý aradan çykansoñ tagta geçen Tamara hökümdarlyk süren döwri Gürjüstanyñ Altyn asyry hasaplanýar. Beýik Tamara hakynda döredilen rowaýatlaryñ sany bar, sajagy ýok. ▶ KASTILIÝALY IZABELLA (1451-1504) Kakasy korol Iogann II aradan çykansoñ onuñ kämillik ýaşyna ýetmedik öweý inisi Genri IV-ni ogullyga alyp tagtyñ mirasdüşeri bolmaga hukuk gazanan Izabella Ispaniýany güýçli döwlete öwürmek üçin Aragoniýanyñ koroly Ferdinand II bilen nikalaşyp Iber ýarym adasyny birleşdiripdir. Hristofor Kolumby heniz aýak basylmadyk alys yklymlary açmaga ugradypdyr, paýhaslylyk bilen ýurdy dolandyryp, goñşy döwletleri gorka salypdyr. Izabellanyñ Staliniñkä meñzeş diktaturasynda adamlar begzada bolsun, garamaýak bolsun tapawudy ýok, ýalñyşlyk bilen dilimden bir söz sypaýmasyn ýa-da pikirlenip onu-da gapdalymda oturan añaýmasyn diýen gorkuda ýaşapdyplar. Katolik sektasyny döwletiñ resmi ideologiýasyna öwrendigi üçin ispan buthanalary tarapyndan mukaddesleşdirilmek islense-de, melikäniñ ýüreginde Hudaýa bolan söýgüden has beter döwlete eýe bolma güýji oturypdyr. Häkimiýetini berkarar etmek üçin musulmanlary we ýewreýleri ýurtdan kowup çykaran Izabella Rim papasyny-da añsatlyk bilen aldawyna salyp bilipdir. ▶ ÝEKATERINA SFORZA (1463-1509) Ýekaterina Sforza Sforzalar maşgalasynyñ agzasy we Forli kontudyr. Wenesiýalylara garşy goranyş taktikalaryny ussatlyk bilen ulanyp başarandygy sebäpli döwürdeşli oña "Forli gaplañy" diýip at beripdirler. Ýekaterina Sforza XV asyr Italiýasynyñ iñ öñdebaryjy döwlet ýolbaşçysysyr. Ol 1488-nji ýylda öldürilen adamsynyñ aryny ganly şekilde alypdyr. Yzynfanam on ýyllap Forli gersoglygyny dolandyrypdyr. Adamsynyñ ölüminden soñ iki gezek durmuşa çykan Ýekaterinanyñ jemi ýedi çagasy bolupdyr. ▶ ÝELIZAWETA I (1533-1603) Kakasy Genriniñ oýnaşy Boleýnden dünýä inen Ýekaterina teniniñ çendenaşa aklygy sebäpli ruh bolaýmasyn diýip jelladyñ eline berilipdir. Hernä Boleýn çagasyny halas edip bilipdir. Kakasynyñ ölüminden soñ iki öweý doganynyñ tagta çykyp, ikisiniñem önelgesiz ölüp gidendigi ýigrimi bäş ýaşly Ýelizawetanyñ hökümdarlyga barýan ýoluny açypdyr. Onuñ tagtda oturan ýyllary Angliýa gülläp ösüşi başdan geçirýär. London medeniýetiñ metropoliýasyna öwrülýär. Iñlisler ispan flotiliýasyny çañyna garýar. Iñ möhümi bolsa ýurduñ garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn gazananlygydyr. Ömründe bir gezegem durmuşa çykmandygy üçin "Sallah Melike" ady bilen ýatlanýar. Äre çykmakdan gaça duran melikäniñ bahanasy-da "men eýýäm halkyma adaglanandym" diýen söz bolupdyr. Onuñ "Hudaý maña bir zenanyñ ejiz tenini bagyşlanam bolsa, mende patyşanyñ ýüregi we işdäsi bar" diýen sözü-de nakyla öwrülip gidipdir. ▶MARIÝA STÝUART (1542-1587) Kakasy ölensoñ alty günlük bäbekkä Şotlandiýanyñ imperatrisasy diýip yglan edilen Mariýa Stýuart 1561-nji ýylda häkimiýeti doly ele alýar. Üç gezek durmuşa çykan melike geldi-geçer gatnaşyklardan, intrigalardan, dildüwşüklerden çetde gezip bilmändir. Mariýa ilkibaşda şotland protestantlaryna käbir azar bermeýän katolik hökümdary bolanam bolsa, wagtyñ geçmegi bilen ýagdaý üýtgäpdir. Ikinji gezek durmuşa çykan adamsyna Darnli kontunyñ janyna kast etdirmek ýaly birnäçe dildüwşüge guramaçylyk etmekde aýyplanyp tagtdan el çekmäge mejbur edilipdir. Garry enesi Margaret Tudor Genri VIII-niñ uýasy bolansoñ, Mariýa Stýuart Genriniñ çagalaryndan soñ iñlis tagtynda oturmaga dalaşgärlik edip biljek ilkinji adam bolupdyr. Şol sebäpli ol Angliýanyñ imperatrisasy Ýelizaweta I-iñ buýrugy bilen on sekiz ýyllap zyndanda oturypdyr, ahyrynda-da ölüme höküm edilipdir. ▶ MARIÝA DE' MEDIJI (1575-1642) Medijiler XII-XVIO asyrlar aralygynda Florensiýada (Italiýa) ýaşan iññän güýçli we täsirli maşgala bolupdyr. Genri IV-ä durmuşa çykyp Fransiýanyñ melikesi bolan Mariýa de' Mediji dragomasiýa arkaly adamsynyñ bergilerini üzüpdir. Mariýa tä ogly köşkden çykaryp kowýança onuñ adyndan döwleti dolandyrypdyr. Ol Rubensi ähli kömekçileri bilen birlikde Pariže çagyrypdyr. Olara üç ýylda ýigrimi iki sany uly kompozisiýany we suratlary taýýarladypdyr. Mariýa de' Medijiden başga-da Fransiýanyñ koroly Genri II-ä durmuşa çykan Ýekaterina de' Mediji atly ýene bir mediji melikesi bardyr. ▶ ZINGA MBANDI NGOLA (1583-1663) 1624-nji ýylda erkek dogany aradan çykansoñ Ndongo patyşalygynyñ (häzirki Angola) tagtyna oturan Zinga Mbandi Ngola harby taktikalardan ussatlyk bilen baş çykarýandygy üçin portugaliýaly basybalyjylara garşy birnäçe ýyllap ýurduny gorabilipdir. Ol ýewropaly gul söwdagärlerine garşy bar güýji bilen söweşenem bolsa, gul söwdasyny ýöretmekden özü-de çetde durmandyr. ▶ KRISTINA (1626-1689) Kakasy Gustaw Adolf II otuz ýyllyk uruşda wepat bolansoñ Kristina tagta geçende bary-ýogy alty ýaşyndady. Ol on sekiz ýaşynda döwlet dolandyryş işlerine özi dolandyryp başlapdyr. Çeper edebiýata we estetiki sungata ýakyndan gyzyklanma bildiren Kristina Rene Dekart, Gugo Grosiý, Gergard Foss, Klod de Somez ýaly akyldarlary töweregine toplap, köşgi sözüñ doly manysynda alymlaryñ akamediýasyna öwüripdir. 1656-njy ýylda Fransiýa syýahatyna çykan melike syýahat döwründe özüni çakdanaşa erkin alyp barandygy sebäpli tankyt edildi. Tagty Gustaw X-ä galdyran melike soñ yzyna dolanyp gelmek islänem bolsa, ony tagtyñ golaýyna eltmändirler. ▶ ÝEKATERINA I (1684-1727) Ýekaterinany ruslar şwedlere garşy bolan uruşlaryñ birinde ýesir alypdyrlar. Ol ilki Pýotryñ geñeşçileriniñ biriniñ hyzmatkärligini edipdir. Onuñ etmeli işi kir ýuwmak eken. Mylaýym häsiýetli, akylly, özüneçekiji gyz bolandygy üçin patyşanyñ gözüne ilen Ýekaterina 1703-nji ýylda bir çagany dünýä inderip prawoslaw dinine geçipdir we Ýekaterina Alekseýewna adyny alypdyr. Patyşa ölende onuñ erkek mirasdüşeri bolmansoñ, Ýekaterina Alekseýewna imperatrisa diýip yglan edilipdir. Ol döwlet dolandyryş işlerini adamsynyñ kesgitläp giden alty adamlyk geñeşdarlar toparynyñ üstüne ýükläpdir. Tagtda-da kän oturmandyr, onuñ hökümdarlygy iki ýyldan sähelçe gowrakdyr. Osmanly türkmen döwletiniñ serkerdelerinden Paltaçy Mämmet paşanyñ Ýekaterina I-niñ çadyryna girip, onuñ bilen ýakyn gatnaşykda bolandygy rowaýat edilýänem bolsa, bu entek taryhçylar tarapyndan tassyklanmadyk boş gürrüñligine galýar. ▶ ÝEKATERINA II (1729-1796) Ýelizaweta I ölensoñ Ýekaterina II-niñ äri Pýotr III tagta çykypdyr. Emma onuñ patyşalygy uzak dowam etmändir. Pýotr III tagtdan inderilip, onuñ ýerine Ýekaterina II imperatrisa diýip yglan edilipdir. Otuz dört ýyllap hökümdarlyk süren Ýekaterina II Russiýanyñ çäklerini ep-esli giñeldipdir. Rus operasynyñ we şekillendiriş sungatynyñ pajarlap ösmegi üçin elinden gelen kömegi edipdir. Ol Didro, Wolter ýaly döwrüñ öñdebaryjy adamlary bilen hat alyşypdyr. Ýekaterina II halka görelde bolmak üçin ilkinji bolup özüne we ogluna inçekeseliñ waksinasyny urduran öñdebaryjy melike hökmünde ýatlanýar. Onuñ gurduran Ermitaž muzeýi dünýäniñ az sanly täsin muzeýleriniñ hataryna girýär. Şeýle-de bolsa onuñ şahsy durmuşy o diýen öwerlik däl. Adamsy aradan çykansoñ äre çykmadygam bolsa, Potýomkin ýaly garamagyndaky rus serkerdeleridir ýaş esgerler bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr. Ol düşegine giren erkeklerine uly-uly mülkleri (osobnýak) we köp sanly hyzmatkärleri peşgeş beripdir. Ýekaterina II "Russiýanyñ Messalinasy" hem diýilýär (Messalina gadymy Rimiñ imperatrisasydyr. Ol çaksyz aýgyrlygy we seks gurnamalary bilen tanalypdyr, jelepler bilen köpçülikleýin seks ýaryşlaryna giripdir. Edebiýatlarda aýallaryñ aýgyrlygy bolan nemfomaniýa Messalina kompleksi hem diýilýär). Ýekaterina II ýekeje ogly Pawel Petrowiç bilen hiç hili gyzyklanmandyr we ony göz tussaglygynda diýen ýaly saklapdyr. ▶ IMPERATRISA WIKTORIÝA (1819-1901) Wiktoriýa 1837-nji ýylda on sekiz ýaşyndaka agasy Uilýam IV-den soñ tagta çykypdyr we altmyş dört ýyllap Britaniýany dolandyrypdyr. Adamsy Albertiñ ölüminden soñ hemişe gara geýimde gezen Wiktoriýa köp taraplaýyn alanda, hususanam çagalaryna gazaply çemeleşipdir. Häzir Angliýada onuñ "Wiktoriýa döwri" diýip ýatlanýan hökümdarlyk ýyllaryndan galan köpsanly yzyny görmek mümkin. Onuñ döwri çynlakaýlyk, sypaýyçylyk, gulluk wezipäñi talabalaýyk ýerine ýetrmek, işeññirlik, tutanýerlilik ýaly gowy häsiýetler bilen birlikde konserwatizm, erkin pikir alyşmagyñ çäklendirilmegi, daşky görnüşe üns berme nysagy, hakykatlary görmezlige salma ýaly ýaramaz häsiýetleri-de öz içine alypdyr. ▶ IMPERATRISA SYSI (1835-1908) Sysi Hytaýyñ ýedinji imperatory Aýsingýoro Içžu (Sýansen) tarapyndan bäşinji derejeli gyrnak hökmünde köşge alypdyr. Çaltlyk bilen işi ýol alan Sysi hökümdaryñ gözüne ilmegi başarypdyr. Ol imperatoryñ ýeke-täk perzendini dünýä inderipdir. Imperator ölenden soñ onuñ oglunyñ we inisiniñ deregine ýurdy dolandyrypdyr. Reformatorçy çemeleşmeleri halamaýandygyna garamazdan Sysi goşunyñ kämilleşdirilmegine garşy bolmandyr. Ölüminden birnäçe ýyl geçensoñ Sin nesilşalygy taryh sahnasyndan düşüpdir. Sysiniñ zorluk-süteme esaslanan despotiki häkimiýeti Sin nesilşalygynyñ soñuny getirdi diýilse-de, käbir taryhçylar munuñ bilen ylalaşmaýar. Taýýarlan: Has TÜRKMEN. © kitapcylar | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |