14:53 Şahyr Nikolaý Aseýew aradan çykdy... | |
• 1963-nji ýylyñ 16-njy iýulynda
Taryhda şu gün
NIKOLAÝ NIKOLAÝEWIÇ ASEÝEW Nikolaý Aseýew aradan çykdy. Sowet poeziýasynyň düýbüni tutujylaryň biri, sosilaistik realizm edebiýatynyň uly ussady biziň aramyzdan gitdi. Uzak gündogarly partizanlaryň çap eden hem listowkalarynda ýaýradýan goşgularyndan başlap, ölüminiň öň ýanynda ýazan goşgularyna çenli Aseýew partiýa bilen, halk bilen bir jan-bir ten boldy. Onuň “Süýr günortandaky aý” (aýdym), “Ýigrimi alty”, “Semýon Proskakow”, “Swerdlow tupany”, “Liriki gaýtgyn”, “Maýakowskiý başlanýar” poemalaryndan hem “Gök gusarlar” atly goşgusyndan başlap iň soňky “Sazlaşyk” atly ajaýyp kitabyna çenli ähli eseri okyjylaryň hemişelik ýadynda galdy, rus poeziýasynyň baýlygynyň bütewi bölegi boldy. Maýakowskiniň iň ýakyn hemdemi bolan Aseýewiň özi şahyrlaryň ençeme nesliniň halypasy hem terbiýeçisidi. Edebiýat institutynyň mugallymydy, edil şunuň ýaly hem ol şahyrana ýaşlaryň ýanynda göwnaçyk hakyky adamdy. Ýazyjylyk ýoluna rewolýusiýadan öň düşen Nikolaý Aseýew Oktýabryň ilkinji günlerinden başlap öz döredijiligini eziz halkynyň ykbaly bilen bagglanyşdyrdy. Ýaş Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýeňişlerinden başlap, tä şu beýik günleriň şahyrana ýazgysyny ýazmak bilen, döwrüň sesine çyn ýürekden ses goşmak bilen, ol syýasy poeziýanyň baýdagyny arşa göterdi. Nikolaý Aseýew goşgynyň uly ussadydyr, täzelikçidir. Ol goşgulara halkyň şu günki diliniň janly gepleşiklerini yzygiderli girizdi, aňlatmalaryň täze serişdelerini agtaryp tapmakda irmän-arman işledi. Aseýewiň biziň poeziýamyza goşan özboluşly goşandy hem şundadyr. Nikolaý Aseýew internasionalist şahyr bolupdy. Ol beýleki halklaryň poeziýasyny terjime etmek üçin hem köp güýç sarp etdi. Nikolaý Aseýewiň goşgulary araçäkden bireýýäm geçip, daşary ýurtly okyjylaryň göwnünden turdy. Nikolaý Aseýewiň ýarym asyrlyk döredijilik ömri sowet edebiýatynyň şöhratly sahypasydyr. Onuň ajaýyp şähsy häsiýetleri – rowaýatlardan başlap, tä şu günüň ýaş awtorlarynyň poeziýasyna çenli bolan hyjuwly söýgüsi, her hili galp çypdyrmalara garşy ylalaşyksyzlygy poeziýamyzyň ösüşine güýçli täsir etdi. Agyr kesellidigine garamazdan, ömrüniň iň soňky minutlaryna çenli Nikolaý Aseýew poeziýa üçin işledi. Döredijilik önümliligi, ruhy taýdan ýaşlygy, ýaşaýşa teşneligi, öz Watanyna ýalkymly söýgüsi bilen Nikolaý Aseýew iň uly adam hem graždan hökmünde biziň ýüreklerimizde hemişelik ýaşar. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi. RSFSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi. RSFSR Ýazyjylar soýuzynyň Moskwa bölüminiň prawleniýesi. “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.07.1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |