00:04 Taryhy romanlaryñ ussady Mösegiýt Hebibullin 90 ýaşady | |
TARYHY ROMANLARYÑ USSADY MÖSEGIÝT HEBIBULLIN 90 ÝAŞADY
Edebiýaty öwreniş
Jemgyýetlere, halklara, guramalara täsirini ýetirýän hereketlerden döreýän, wakalaryñ wagtyny we ýerini anyk görkezip beýan edýän, wakalaryñ özara gatnaşygyny, has owalky we soñky bolup geçen wakalar bilen baglanyşygyny, ikitaraplaýyn täsirlenmeleri, her halkyñ döreden medeniýeti, öz içerki meselelerini öwrenýän ylmyñ pudagyna taryh diýilýär. Her halkyñ özboluşly taryhy we taryhda tutýan orny bolýar. Taryha geçmişdäki gelejek hem diýilýär. Taryh diñe geçmiş däldir, gelejegiñ açary taryhyñ gatlarynda gizlenendir. Hut şonuñ üçinem geçmişi bilmek gerek. Meşhur tatar taryhçysy Hadi Atlasi (1876–1938) taryh ylmy barada şeýle ýazýar: "Adamy hakyky manysynda adam edýän ylymlaryñ ilkinjisiniñ taryh ylmydygyna hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. Özüniñ kimdigini bilmeýän adam nähili duýgusyz bolýan bolsa, ýurdunyñ taryhyny bilmeýän adam şondan bäşbeter duýgusyzdyr".[1] (Kurban 2014: 195) Ýogsa-da, biz öz taryhymyzy näderejede bilýärkäk? Köplenç taryh mekdeplerde taryh sapaklarynda okadylýar, biraz wagt geçýärem welin, adamlaryñ köpüsiniñ taryh bilen işi-derdi bolmaýar. Diñe az sanly adamlar taryhy beýan edýän kitaplary okaýar. Taryhy giñ gatlaklara tanatmakda taryhy kitaplaryñ ullakan hyzmaty bar. Kazan tatar edebiýatynyñ sowet döwrüne göz aýlanymyzda, taryhy romanlara seýrek duşulýar. Tatar sowet edebiýatynyñ taryhy romany diýlende, ilkinji nobatda iki ýazyjy ýadymyza düşýär. Olaryñ biri Nuryhan Fettah (1928–2004), beýlekisi bolsa Mösegiýt Hebibullindir (1927). Sowet döwründe taryhy roman ýazmak başyña bela satyn almakdan başga zat däldi. 1552-nji ýylda Kazan hanlygynyñ ruslar tarapyndan basylyp alynmagyndan soñ taryh basybalyjy ruslar tarapyndan ýazyldy. Ruslaryñ ýazan taryh kitaplarynda ruslar “halas ediji”, “gahryman”, Kazan tatarlary bolsa “wagşy”, “adamhor”, “ýigrenji mahluk” hökmünde sypatlandyryldy. Hakyky taryh diñe halk döredijiliginde özüni gorap bildi. Tatar taryhçylary we ýazyjylary başlaryna abanýan ölüm belasyndan gorkman taryhy hakykatlary äşgär etmek üçin ýadawsyz zähmet çekdiler. Tatarlaryñ geçmişdäki käte şanly, käte tragiki taryhyny beýan etmäge çalşanlaryñ birem tatar ýazyjysy Mösegiýt Hebibullindir. Mösegiýt Möderris ogly Hebibullin 1927-nji ýylyñ 25-nji dekabrynda Orenburg oblastynyñ Abdullin raýonynyñ Gabdrahman obasynda dünýä indi. Hebibullin başlangyç bilimi oba mekdebinde aldy. M.Hebibulliniñ bilim alan ýyllary elipbiý çalşygyna gabat gelendigi sebäpli, ol mekdebiñ 2-nji klasyna çenli latyn, soñky iki ýylyny kirilisa elipbiýinde okap-ýazmaly bolupdyr. Hebibullin orta bilimi Ýaña Şalty mekdebinde alýar. 7-nji klasda okap ýörkä Ikinji jahan urşy başlanýar. Hebibullin uruş ýyllarynda hem okaýar, hem kolhozda işleýär. Mekdebi tamamlansoñ Magnitigorsk şäherine giden Hebibullin ol ýerde hünär bilimini alýar, soñra fabrikde işleýär. Has soñra ýedi ýyllap Magnitogorsk şäheriniñ futbol komandasynda oýnaýar. 1950-nji ýyllarda Başgyrdystanyñ Oktýabrsk şäherinde işleýär. 1953-nji ýylda obasyna dolanýar we obasynda bäş ýyldan gowrak wagt dürli işlerde işleýär. 1958-nji ýylda Mösegiýt Hebibullin işçiler şäheri hökmünde tanalýan Bauly şäherine gelýär. Ol 1966-njy ýyla çenli "Баулнефт" önümçilik kärhanasynda sürüjilik we awtomobil ussaçylygyny edýär. Şol ýylam Hebibulliniñ ilkinji hekaýalary ýerli gazetde çap edilip başlanýar. Şeýdibem ýazyjy döredijilik dünýäsine ymykly gadam basýar. Mösegiýt Hebibullin 1966-njy ýylda Baulyda dokuz ýylyny sürgünde geçiren şahyr Sirin bilen gabatlaşýar. Megerem, tanymal şahyr Sirin Hebibullinde bir uçgun gören bolmaly, oña uniwersitete girmegi ündeýär. Mösegiýt Hebibullin Siriniñ wesýetine uýup, ilki gimnaziýany okaýar, soñra Kazan Döwlet uniwersitetiniñ tatar dili we edebiýaty fakultetine girýär. Ýokary okuw jayyna girmegi we ilkinji eserleriniñ gazetlerde çap edilmegi bilen başlanan ýazyjylyk karýerasy dürli kärlerde işlese-de üstünlikli dowam edipdir. 1966-njy ýylda Hebibullin maşgalasy bilen bile Aznakaý şäherine göçýär. Ol bu ýerde “Maяк” gazetiniñ bölüm müdiri wezipesine bellenýär. Tatarystan Ýazyjylar soýuzynyñ Elmet şahamçasynyñ açylmagy bilen Hebibullin bileleşigiñ alyp barýan işine ymykly goşulýar. Elmet Ýazyjylar bileleşiginiñ baş sekretary Garif Ahunow (1925-2000) Mösegiýt Hebibulliniñ “On sekizinci bahar” romanyna oñyn baha berip, eseriñ çap edilmegi üçin "Kazan Utları" žurnalyna ugradýar. Roman žurnalda çap edilýär. Hebibullin 1971-nji ýylda uniwersiteti tamamlandan soñ türki halklaryñ taryhyny öwrenmek maksady bilen Orta Aziýa gidýär, Çeýruh-Deýron şäheriniñ Rudaky adyndaky gimnaziýasynda taryh we jemgyýetçiligi öwreniş derslerinden okadýar. 1972-nji ýylda Mösegiýt Hebibullin Kazana gelip, Tataristan Ýazyjylar soýuzynda sekretar wezipesinde işläp başlaýar. Ol bu jogapkärli wezipede on sekiz ýyl oturýar. Hebibullin birnäçe gezek Tataristan Ýazyjylar soýuzynyñ dolandyryş kollegiýasyna saýlanýar, bileleşigiñ SSSR boýunça alyp barýan işlerine uly goşandyny goşýar. Talyplyk ýyllarynda döredijilige baş goşan Mösegiýt Hebibullin 1960-njy ýyllaryñ ahyrynda, 1970-nji ýyllaryñ başlarynda göwrümli romanlary ýazmaga başlaýar. 1969-njy ýylda ýazyjynyñ "Ýedi ýoluñ çatrygynda" ("Cide Yul Çatında"), 1972-nji ýylda "Çöregiñ gymmaty" ("İkmek Kadere"), 1974-nji ýylda "Dag bilen dag duşuşmasa-da" ("Tau Belen Tau Oçraşmasa Da”), 1976-nji ýylda "Çöwlümler" ("Çongollar"), 1977-nji ýylda “On sekizinci bahar” ("Unsigezençe Yaz"), 1981-nji ýylda "Hakyda ýarlary" ("Heter Yarları"), 1984-nji ýylda "Suwlar bulançak aksa-da" ("Sular Ürge Aksa Da") ýaly kitaplary Kazanda neşir edilýär. Ýazyjynyñ käbir eserleri rus diline geçirilip Moskwanyñ "Современник", "Советская Россия", "Coветский писатель" neşirýatlarynda rus dilli okyjylara hödürlenýär. Olardan "Çöwlümler" (1978, 1980, 1985), “On sekizinji bahar" ýaly eserleri mysal getirip bolar. M.Hebibullin döredijilik işini arman-ýadaman alyp barypdyr, onuñ her bir güni gözleglerden doly bolupdyr. Kazan tatarlarynyñ geçmişini içgin öwrenensoñ, edebiýatyñ taryhy roman boşlugyny duýan ýazyjy taryhy roman ýazmaga başlaýar. Şeýdibem "Kubrat han" romany döreýär. 1981–1984-nji ýyllarda yazylan taryhy roman 1985-nji ýylda Kazanda 15.000 ekzemplyar nusgada neşir edilýär. "Halkyñ şan-şöhratly geçmişi onuñ ömrüni uzadýar" diýen M.Hebibullin: "Edebiýat tatarlaryñ azajygam bolsa hakydasynyñ galkanydyr. Adam taryhy köklerinden aýrylmasyn. Diňe şeýdenimizde, diñe şonda tatar halky dilini, watanyny, ruhuny ýitirmez..." diýip ýazypdyr. (Hebibullin 2004: 14). Beýik Bulgar döwletiniñ düýbüni tutujy Kubrat hanyñ (580–642) ömründen we onuñ döwründen söz açýan roman ýazyjynyñ iñ esasy we iñ gymmatly eserleriniñ biridir. Roman edebi tankytçylardanam, taryhçylardanam oñyn bahalary aldy. Romanda Bulgar döwletiniñ Wizantiýa imperiýasy bilen gatnaşyklaryna giňden orun beren ýazyjy şol bir wagtyñ özünde din meselesini-de ünsden düşürmändir. Şol döwürde hristian we yslam dininiñ giñden ýaýramagy, butparazlygyñ güýçlenýän bu iki diniñ garşysynda täsirliligini ýitirmegi, bolýan ähli wakalaryñ gurşawynda taýpalaryñ we aýry-aýry şahslaryñ tragiki ykbaly romanda ussatlyk bilen suratlandyrylýar. “Kubrat Han” romany rus diline geçirilip, 1990-njy ýylda Moskwada neşir edildi. Eser tatar dilinde 2001-nji ýylda gaýtadan okyjylara hödürlendi. Taryhçy Iklil Kurban Mösegiýt Hebibulliniñ “Kubrat Han” romanyny şeýle teswirleýär: “Kubrat Han" romany ýazyjynyñ ölmez-ýitmez eseridir. Özem muşakgatly sowet döwründe tatar ulusynyñ köklerindäki etatizm konsepsiýasyny ýañzydýan, watançylyk ruhy bilen ýazylan şeýlekin eseriñ döremegi taryh ylmyny bilmekden ötri gözsüz batyrlykdyr. "Kubrat Han" romany edebiýat ugrundan halka edilen hyzmatyñ iñ gowy nusgasydyr". (Iklil Kurban 2014: 189). M.Hebibullin taryhy gözleglerine we taryhy romanlar ýazmaga dowam etdirýär. Ýazyjynyñ 1990-njy ýylda "Ilçä zowal ýok", 1993-nji ýylda "Şeýtangala" romany neşir edilýär. Ady agzalan romanlar "Kubrat han" romanynyñ dowamy diýen ýalydyr. 1993-nji ýylda neşir edilen "Şeýtangala" romany ýazyjynyñ sowet döwrüniñ 1980–1990-nji ýyllarynda ýazylan iñ soñky taryhy romanydyr. Mälim bolşy ýaly, sowet döwründe taryhy roman ýazmaga, ýazmakdanam beter neşir etdirmäge bogny ysýan ýokdy. Şonuñ üçinem M.Hebibullin has irki döwürleriñ taryhyny ýazmagy saýlap alypdyr. Ýazyjy 1991-nji ýylda SSSR-iñ dargamagyndan soñ XVI asyrdaky Kazan hanlygynyñ we Moskwa knýazlygynyñ başynda oturan iki gapma-garşy şahsyýetiñ durmuşyny romanlaşdyrýar. "Melike Süýembike we Iwan Groznyý" atly bu romany ýazyjy 1985-1992-nji ýyllarda "Miras" žurnalynda, has soñra 1996-njy ýylda 10.000 ekzemplýar nusgada Kazanda çap etdirýär. Kazan hanlygynyñ iñ soñky melikesi Süyembikäniñ (1519-1557) we Moskwanyñ rehim-şepagatsyz knýazy Iwan IV-niñ (1533-1584) durmuşyndan söhbet açýan bu romanyñ içinden iki diniñ çaknyşygy, syýasy garaýyş, söýgi we joşgunlylyk temasy eriş-argaç bolup geçýär. Romany okap Iwan Groznynyñ nähili şöhratparazdygyny, zalymdygyny, hatda öz çagasyny suwda gark edip öldürjek derejede doñýürekdigini, Süyembikäniñ bolsa onuñ tersine özüni milletine bagyş eden, iñ soñku demine çenli çenli halkyna we dinine wepaly biridigini görmek bolýar. Romany okap bolan okyjylarda isleseñ-islemeseñ Iwan Grozna bolan ýigrenç we Melike Süýembikä bolan söýgi we buýsanç duýgulary döreýär. Süýembike Kazan tatarlarynyñ garaşsyzlygynyñ simwoly bolup häli-häzirlerem hormat bilen ýatlanylýar. M.Hebibulliniñ “Melike Süyembike we Iwan Groznyý" romany okyjylar köpçüliginiñ gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. 1990-njy ýyllardan soñ M.Hebibullin diñe taryhy romanlar ýazdy diýsek nädogry bolar. Onuñ ýazan romanlaryna gysgaça ser salalyñ: ~ XIII asyrda Wolganyñ boýunda gurlan Bulgar döwleti baradaky "Han agtygy Hansöýer" romany 1997-nji ýylda 10.000 ekzemplýar nusgada Kazanda neşir edildi. ~ 1999-njy ýylda "Allanyñ peşgeşi" romany neşir edildi. ~ 2002-nji ýylda neşir edilen "Baty han we Leýla" romany Altyn Ordanyñ hökümdary Baty hanyñ (1204–1255) söweş meýdanynda gaýduwsyz bulgar gyzy Leýlany görüp, oña aşyk boluşy baradadyr. Ýazyjynyñ söýgi, hormat-sylag ýaly duýgularyñ syýasatda şekillenişini çeper dil bilen suratlandyrýar. ~ 2002-nji ýylda M.Hebibulliniñ “Atilla” romany neşir edildi. Adyndan belli bolşy ýaly meşhur hun serkerdesi Atilla (400–453) baradadyr. Taryhçylaryñ aýtmagyna görä, Kazan tatarlarynyñ ýazuw taryhy Atilladan başlanýar. Atilla adynyñ gelip çykyşy professor G.Sattarowyñ pikirine görä "Idilli, Idil adamy, ýagny Idiliñ (Wolganyñ) boýunda doglan (Atili-Itilli-Idilli) manysyny berýär". (Kurban 2014: 27). ~ 2004-nji ýylda ýazyjynyñ X asyrdaky Hazar kaganaty baradaky "Aýbibi" romany neşir edildi. Işeññir, ýadamazak, armazak, ylmy-taryhy gözleglere ilgezik M.Hebibullin terjimeçilik bilenem meşgullanýar. Ol taryhçy Edward Parkeriñ "Tatar taryhyndan 1000 ýyl" atly eserini rus dilinden tatar diline terjime etdi. Ýokarda agzalyşy ýaly ýazyjy Kazan tatarlarynyñ geçmiş taryhyny aýdyñladýan romanlar döretdi, terjimeler etdi, bu ugurdan uly işleri bitirdi. Tatar taryhçysy, bibliograf Ebrar Kerimulliniñ (1925–2000) M.Hebibulliniñ eserlerine beren bahasyna ýazyjynyñ eserleriniñ gysgaça teswiri diýip düşünmek bolar: “M.Hebibulliniñ eserleri käte döwrümiziñ ýaşlaryna, käte Altaý daglarynyñ derelerine, käte ata-babalarymyzyñ araçäk goñşusy bolan Hytaý diwarlaryna, käte Rim-Wizantiýa köşklerine, käte bulgar-tatar eždatlarymyzyñ ýaşan Taman ýarymadasyna äkidýär, käte Çulman-Idiliñ boýlaryna gelip, özlerine ýurt tutunan ata-babalarymyza, käte Altyn Orda - il-döwletine çagyrýar - eliñe kitabyny alan badyña ol seni öz myhmana, ýoldaşyna öwürýär". (Hebibullin 1997: 245). M.Hebibulliniñ eserleriniñ öwran-öwran çap edilmegi, rus diline geçirilmegi okyjynyñ oña görkezýän çäksiz gyzyklanmasyndan gelip çykýar. Romanlary bilen giñ okyjylar gatlagyny edinen ýazyjy Kazan tatarlarynyñ şan-şöhratly taryhynyñ hakykatlaryny äşgär etmegi başardy. Hekaýa ýazyp edebiýat dünýäsine aralaşan Hebibullin romanlary, taryhy romanlary arkaly döredijilik karýerasynda kämillige ýetmegiñ hötdesinden geldi. Onuñ bitiren hyzmatlary ýerde ýatmady, birnäçe edebi baýraklar onuñ adyny belende göterdi. M.Hebibullin Halkara "Kul Gali" baýragynyñ, Russiýanyñ we Tatarystanyñ abraýly "Medeniýet pensioneri" atlarynyñ hem eýesidir. Kazan tatarlarynyñ gözünde ýazyjynyñ hormat-sylagy başgaçadyr. Kazan tatarlarynyñ gadymy taryhyny çañ basyp giden arhiwlerden dörüp-dörjeläp halka ýetirendigi üçin M.Hebibulline näçe "sag bolsun" aýtsagam az bolar. Fransuz imperatory Napoleon Bonapartyñ (1769–1821) “Men geçmişi taryhy romanlardan öwrendim” diýen sözüni Kazan tatarlary üçinem aýtsa bolar. Halk köpçüliginiñ birgiden gatlagy tatar taryhyny, hususanam Kubrat han, Atilla, Baty han, Süýembike ýaly Kazan tatar taryhynda aýratyn orun tutýan şahsyýetleri M.Hebibulliniñ romanlaryndan öwrendi diýsek ýalñyş bolmaz. Durmuşyñ saga-sola sowurýan 90 ýyllyk ömri, gazanylan üstünlikler we onlarça roman... Başgalaryñ aýtmadygyny aýtmak, başgalaryñ ýazmadygyny batyrlyk bilen ýazmak M.Hebibulliniñ özboluşly aýratynlygydyr. Zähmetiñe, galamyña we ýüregiñe bereket Mösegiýt Hebibullin! Roza KURBAN. ■ Giñişleýin öwrenmek isleýänler üçin çeşmeler: 1. M.Hebibullin "Kubrat Han", Kazan-1985. 2. M.Hebibullin "Şeýtangala", Kazan-1993. 3. M.Hebibullin, "Melike Süýembike we Iwan Groznyý", Kazan-1996. 4. M.Hebibullin "Hanyñ agtygy Hansöýer", Kazan-1997. 5. M.Hebibullin, "Kubrat Han" Kazan-2001. 6. M.Hebibullin, "Baty han we Leýla" Kazan-2002. 7. M.Hebibullin "Atilla" Kazan-2002. 8. M.Hebibullin "Aýbibi" Kazan-2004. 9. I.Kurban "Goja taryhyñ ýañy"(Bulgar-tatar taryhy we medeniýeti"), Stambul-2014. 10. R.Kurban, "Biz İdilden, Uraldan…", Stambul-2014. ■ Bellikler: [1] Sitata getirilýän tekstleriñ ählisi özüm tarapyndan terjime edildi (awtoryñ belligi). [2] Tatar edebiýatynyñ taryhy romanlary boýunça giñişleýin maglumat üçin Roza Kurbanyñ "Tatar edebiýatynda taryhy romanlar" makalasyna seret. 2014, s: 195–215. # www.altaylı.net saýtyndan alyndy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |