Gül baba (ýada Gul baba) hakyky ady Japar bolan bekdaşy tarykatynyñ derwüşi.
Gül baba häzirki Türkiýäniñ Amasýa welaýatynyñ Merzifon etrabynda doglan türkmendir.
Gül baba Osmanly patyşasy Süleýman Kanuna ýiti täsir eden we onuñ Ýewropa eden ýörişlerine gatnaşan bekdaşy sopularyndandyr. Gül baba barada Öwlüýä Çelebiniñ ýazgylarynda giñişleýin maglumatlar bar. Şeýle-de Budapeştde onuñ kümmeti we heýkeli bar. Aýtmaklaryna görä, hemişe diýen ýaly Gül babanyñ başynda gül, elinde bolsa tagta gylyjy bolupdyr. Gül baba ady hem şondan galypdyr diýip rowaýat edilýär.
1481-nji ýylda Osmanly soltany Baýezit II gyş paslydygyna garamazdan tokaýlyk zolakda aw awlap ýörkä, ýetişdiren gül nahallarynyñ arasynda ybadat edip oturan Gül baba sataşýar. Sary we gyzyl bägül uzadylanyna monça bolan soltan oña näme islegi bolsa bitirjekdigini aýdýar. Gül baba baglygyñ ilersindäki depäni görkezip: "Şu depäniñ üstünde mekdep sal, onda okanlary döwlet hyzmatyna al, wagty gelende gerek bolar" diýýär. Şeýlelikde döwlet gullukçylaryny ýetişdirýän Galata mekdebiniñ (Galata Sarayı) düýbi tutulýar.
Ençeme söweşlere gatnaşan Gül baba 1526-njy ýylda Soltan Süleýmanyñ çakylygy bilen Budin ýörişine-de gatnaşýar. 1531-nji ýylda Budine ýerleşen Gül baba bu ýerde tutuş on ýyllap ýaşaýar we 1541-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda aradan çykýar. Taryhy çeşmeler Gül babanyñ jynaza namazyna durmak üçin 200 müñ adamyñ Budine gelendigini habar berýärler.
Gül baba diñe türk(men)ler tarapyndan däl, eýsem wengerler tarapyndan hem juda hormat goýulýan we häli-häzirlerem wenger halkynyñ hakydasynda Gül baba ady bilen ýaşap gelýän legendar şahsyýetdir. "Gül baba" ady bilen bir wenger kinofilmi hem bar.
Gül baba Budapeştde bir beýik depäniñ üstünde jaýlanýar we ol depä "Güldepe" ady berilýär (weng.: "Rózsadomb").
1686-njy ýylda Gül babanyñ kümmetiniñ ýanynda gurlan Gül baba bekdaşy tekkesi ýykylyp aýrylýar.
Rowaýata görä Gül babanyñ ýene-de iki gubury bar. Olaryñ biri Galatasaraý liseýiniñ arka tarapyndaky baglykdadyr we elbetde bu mazarlar simwoliki mazardyr (ýagny onuñ oturan, düşlän ýeri). Ikinjisi bolsa Stambuluñ Bogazkesen raýonundan Tophana raýonyna girýän uly ýoluñ sag tarapyna sowulýan Gül baba köçesindäki metjidiñ howlusyndadyr. Bu mazar Osmanly soltany Abdylhamyt I döwründe abatlanyp, üstüne-de ýazgyly daş dikilýär.
Gül baba harby ýörişlere işjeñ gatnaşan derwüşlerden bolupdyr. Hajy Bekdaş Weli ýanyçarlaryñ piri hasaplanypdyr. Şonuñ üçinem Gül baba ýaly derwüşleriñ goşunyñ arasynda sylag-sarpasy uly bolupdyr.
Gül babanyñ "Miftah'ül Gaýb" we "Güldesse" atly iki sany goşgular kitaby biziñ günlerimize gelip ýetipdir.
Gül babanyñ legendar şahsyýeti dünýä edebiýatynda-da öz ornuny tapmagy başardy. Daniýaly dünýä belli ertekiçi ýazyjy H.K.Andersen 1841-nji ýylda ýazan bir eserinde Gül babanyñ ömrüni sýužet edip alýar. Wenger kompozitory Ýenýo Huska 1905-nji ýylda "Gül baba" atly simfoniki-operasyny, 1886-ny ýylda wenger suratkeşi Frans Eýzenhut "Gül baba" eserini döredýär.
2006-njy ýylda bolsa türkler Wengriýada "Gül baba fonduny" gurýarlar.
Türk diplomaty, şahyr Enis Behiç Korýürek Wengriýada işlän döwründe Gül babanyñ kümmetini abatlap, ony zyýaratgähe we muzeýe öwürmekde uly işler bitirýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew hem Wengriýa eden döredijilik saparlarynda Gül babanyñ kümmetine eden zyýaraty netijesinde "Gulbabanyñ gazaly" atly meşhur goşgusyny döredipdir.
Biziñ turkmen halkymyzyñ icinden,gor,nahili adamlar cykypdyr. Gül babanyň omur yoly uly romana syujet boljak tema eken. Biziñ yazyjy-shahyrlarymyz uly shahslaryñ edebi gymmatlyklaryna,olaryñ doredijiliginden kem ahmiyetli bolmadyk omur yollarynyñ beyanyna juda yontem garayarlar. Ceper edebiyatda sheyle agirt uly shahslaryñ,toweregi,icki duygy-pikirleribn, aydyñ obrazlary diklense,ony okamaga halkyñ isleg-howesijuda artardy. Aydaly,oz wagtynda Magtymguly baradaky romanlar,powestler elden-ele gecip okalyardy.
Dogry aydyañ,Agarta, hawa, geleñsizlik bar.Yogsa,yazmañ diyip,oñlerine bowet basyandaldirler-ow. Yogsa hazirki taryh babatda material bolculugynda yazyjy-shahyrlar maglumata zar bolaslary yokdur.Ay,hawada, ozleri bilyandirler!
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]