10:05 Täze kitap: "Haçly hekaýatlary" | |
TÄZE KITAPLAR
Edebiýat täzelikleri
▶ "HAÇLY HEKAÝATLARY" Türkiýäniñ "YEDITEPE" neşirýaty Aydyn Ussanyñ "Haçly hekaýatlary" ("Haçlı Hikâyeleri") kitabyny çapdan çykardy. Kitap orta asyrlarda haçly ýörişleri hakynda özünden öñki ýazylan kitaplardan beýan edýän wakalary taýdanam, halklaryñ taryhyna düýpli täsirini ýetiren wakalary teswirleýşi bilenem aýratyn tapawutlanýar. Mysal üçin kitapda diňe bir musulman dünýäsinde däl-de, eýsem hristian dünýäsinde-de çäksiz hormat-sylaga eýe bolan şöhratly serkerde Selaheddin Eýýubynyñ haçparazlardan azat etmek üçin Ierusalimi gabaw astyna alanda, şäheriñ bir kwartalynda iki sany hristian ýaş juwanyñ toýunyñ gidýändigini bilip, şol kwartaly oka tutdurmanlygy hakynda täsin hekaýa bar. Soltan bir tarapdanam gabawy bes etmändir we şähere beýleki künçlerinden hüjüme geçipdir. Selaheddin Eýýubynyñ görkezen bu ýokary adamkärçilik görüm-göreldesine jogapsyz galmadyk toý eýeleri oña toý sowgatlaryny we dürli nazy-nygmatlary ugradypdyrlar. Ýene bir hekaýat hasam ünsüñi çekýär. Haçly ýörişleriñ dowamynda haçparazlaryñ goşuny bilen gelen bir ruhany zenanyñ türkmen esgerine aşyk boluşy we onuñ bu "gabahatlygy" üçin haçparazlar tarapyndan "günä ýuwma" dessuryny geçirensoñlaram söýgüsinden el çekmändigi hakyndaky gyzykly hekaýat kitaby okanlary uzak wagtlap öz täsirinden çykarmasa gerek. Kitap döwrüñ taryhy-syýasy wakalaryna dogry analiz edişi bilen aýratyn tapawutlanýar. "Gündogardaky hristian doganlarymyzy halas etmek we Isus Hristosyñ gezen mukaddes topraklaryny kapyrlardan (musulmanlardan we ýewreýlerden) arassalamak" diýen ýaly haý-haýly we ýalan wadalar bilen halky aldap geçirilen birinji we ikinji haçly ýörişlerden soñky haçly ýörişlere ýönekeý halkyñ näme üçin höwesek gatnaşmandygyny, haçly ýörişlere beýnisi "ýuwlan" kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ we aýallaryñ mobilizlenşini, "halas etmäge" gelinen hristianlaryñ (wizantiýalylaryñ we beýlekileriñ) özlerinden has gowy durmuşda ýaşaýandygyny gören haçparazlaryñ ýerli hristianlary zalymlyk bilen gyryşlaryny, yslam duşmanlygy bilen gelen ýewropaly basybalyjylar bilen şaýylaryñ, haş-haşy pidaýylarynyñ (assasinler - ilkinji musulman terroristik toparlanşygy -t.b.) we hatda käbir seljukly-türkmen şazadalarynyñ güýç birikdirip musulmanlara eden zulumlaryny okanyñyzda geçmişde bolup geçenler bilen häzirki döwürde bolup geçýän galagoply wakalaryñ şol bir gaýtalanyp duran zatlardygyny görersiñiz hem-de şeýle netijä gelersiñiz: şol bir oýunlar gaýtalanyp duran bolsa, biz geçmişe gaty bir daşda-da ýaşamaýan ekenik! Haçly ýörişler babatda awtor şeýleräk netijä gelýär: Haçparazlaryñ maksady ne dindi, ne dini baýdak edinip söweşmekdi. "Juldan çykan" we "içegesi öýkenine ýapyşan" ýewropalylaryñ bar maksady añsat ýerden baýamakdy, ýurtlary talap, bigünä halky gyryp emlägini oljalamakdy we elbetde muña ýene-de garamaýak hristianlar "janly galkan" edip ulanylypdy. Kitabyñ ýene bir aýratynlygy, beýän edilýän wakalaryñ ählisi şol döwrüñ hristian taryhçylarynyñ galdyran ýazgylaryna salgylanylýar. Mümkinçiligi bolanlara bu kitaby tapyp okamak diýseñ bähbitli bolar. Çünki türkmen taryhy bilen baglanyşykly köpsanly gymmatly maglumatlar bu kitapda duş gelýär. Kitabyñ arka sahabynda şeýle şetirler bar: "Haçly ýörişleriñ taryhy käwagt ironiki, käwagt gyzykly, käwagt haýran galdyryjy, käte bolsa iniñi jümşüldediji hekaýatlar bilen doly. Käte bir söweşiñ ykbaly birnäçe sagada bagly bolup bilipdir, dogan we dost hasap edilenler tarapyndan talaňçylyga we gyrgynçylyga uçralypdyr, Ýewropada aforoz edilen (aforoz edilmek ~ "dinden çykan" diýip yglan edip jemgyýetden çetleşdirmek -t.b.) haýsydyr bir imperator kellesiniñ göçgünine çykan bir ýörişinde hiç hili gylyç bulaman Ierusalimi hristianlygyñ adyna basyp alyp bilipdir. Belekden Selaheddine, Baudouin I-den "Ýolbars ýürekli" Riçarda çenli gahrymanlaryñ başdan geçiren hekaýatlary hem hut şu şertlerde orta çykypdyr. Kitapda haçly ýörişleriñ taryhynda aýratyn ýer tutýan wakalar beýan edilmäge we şol sanda haçly ýörişlere täze penjireden seredilmäge çalşylýar". Kitabyñ pdf görnüşini şu aşakdaky www.kitapyurdu.com, www.idefix.com, www.dr.com.tr, www.pandora.com.tr, www.babil.com internet saýtlaryndan satyn alyp bilersiñiz. (ISBN 978-605-2070-05-5, Sahypa sany: 142). | |
|
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |