05:57 Täze ölüm howply kowide ýolukdym... | |
TÄZE ÖLÜM HOWPLY KOWIDE ÝOLUKDYM, NÄMÜÇIN BU BOÝUNÇA HIÇ ZAT EDEMZOK?
Medisina
Ýokanç keselleriñ artmagynyñ düýpli möçberlere äkitmändigi dogry hem bolsa, ätiýajy elden bermeli däldiris Geçen hepde pandemiýa başlandan bäri dördünji gezek kowid-19 testim pozitiw çykdy. Hindistanda keseliñ täze "Arcturus" görnüşi sebäpli muña ýolugýanlaryñ çaltlyk bilen we howatyrlandyryjy ýagdaýda artýandygy tassyklandy. Hindistandaky kowid wakalaryndaky soñky artyşyñ ara salym bermegi 2021-nji ýylyñ aprel aýynda ýurdy gulgula salan ýykgynçylykly "Delta" akymyny howpurgadyjy ýagdaýda ýada salýar Habarçy hökmünde "Delta" kesel akymyny habarlaşdyryp, hassahanalardaky, morglardaky aýylgançlyga, hyryn-dykyn nobatlara, jesetlere, satuwda däl kislorod ballonlaryny we derman-däri serişdelerinu almak üçin gyrlyşýan adamlara ýakyndan şaýatlyk edipdim. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ çaklamalaryna görä, Hindistanda şol akymyñ ýaýran wagtynda jemi 4,7 milliondan gowrak adam öldi. Ömrümde şular ýaly köp jeset görmändim. Ýagdaý aşa gorkunçdy we aljyramazlyk mümkin däldi. Her gezek wirusa ýoluganymda fiziki tarapdan bolşy ýaly ruhy raýdanam göreşmeli bolýaryn. Şol agyr günleriñ ýatlamalary ýañy bolan ýaly göz öñümden gidenok. Şol sebäpli Hindistanda kowid wakalarynyñ garaşylmadyk ýagdaýda artýandygy baradaky habarlar howsala düşürýär. Meniñ keselimiñem şu täze ýokanja ilteşiklidigini çaklap bilerin, ýöne anyk kesgitläp biljek derejede ýagdaýym ýok. Alamatlary ilki gyzgynymyñ ýokarlanmagy bilen başlady, has soñra üsgülewüge, ysgynsyzlyga, endamymyñ ýenjilen ýaly agyryp durmahyna geçdi. Haýal etmän derman içmäge başladym, bulam gyzgynymy düşürdi, ýöne gowulaşmagyma 4-5 gün gerek boldy. Il-günüñ ýagdaýy ünjä goýýar. Hemmeleriñ ýagdaýy gowy ýaly test sanlary-da pes ýaly bolup görünýär. Agyz-burun örtükleri jemgyýetçilik ýerlerinden doly aýryldy diýen ýaly. Halkda umuman alanda arkaýynlyk bar, köpler agyr ýeriniñ geçendigini oýlap, ätiýajy elden berene meñzeýär. Test barlaglarynyñ pesdigine garamazdan, çarşenbe güni Hindistanda diñe 24 sagadyñ dowamynda 10 müñe golaý adamyñ kowide ýolugandygy hasaba alyndy. Wirologlar we epidemologlar "XBB.1.16" diýilýän bu täze görnüşiñ gürrüñi gidýän artyşyñ añyrsyndaky sebäp bolup biljekdigini birnäçe hepde öñ aýdypdylar. Munuñ özi Hindistanyñ ýanwar aýynyñ käbir günlerinde mälim eden 100-den az täze hasaba almalaryna görä kän öñde. 100-den az täze waka pandemiýa 2020-nji ýylyñ başky aýlarynda başlan wagtyndan bäri ýurtdaky iñ pes derejä düşüp durşydy. Degişli ýolbaşçylar tagalla baryny edýär, saglygy goraýyş işgärleri kowide garşy taýýarlygyñ ýagdaýyny gözegçilik astyna almak üçin gözden geçiriş ýygnaklaryny geçirýär. Döwlet ýolbaşçylaryna medisina infrastrukturasynyñ funksional taýýarlygyny üpjün etmek üçin saglygy goraýyş desgalarynda okuw-türgenleşik işlerini geçirmegiñ gerekdigi duýdurylýar. Şeýlekin derejede janagyryly işleriñ nähili çalt kontroldan çykyp bilýändigini öñ gördük. 2021-nji ýylda birküç hepdäniñ içinde ýokanç kesele ýoluganlaryñ sany gündelik ýüzlerçeden müñlerçä ýetdi we yzyndan her gün ýüzlerçe müñe çenli dyrmaşdy. Hindistanyñ Hytaýdan ozup, dünýäniñ iñ köp ilatly ýurdy bolmagy bilen birlikde ýokanç keseliñ ýaýramagynyñ öñem egbarlan ýagdaýdaky saglygy goraýyş ulgamyny täzeden kyn ýagdaýa salmagy-da daşda däl. Diñe Delide eýýämden onlarça adam ölýär, ýöne indi hiç kim muña kelle agyrtjagam bolup duranok. Şeýle ýagdaýa biperwaýlaşdyk we muña hamana bolaýmaly zat ýaly garaýarys. Hünärmenler keseliñ täze görnüşiniñ soñky uly infragörnüşden 1,2 esse has ýokanç bolup biljekdigini duýdurýar. Emma ýygnanşyklardan we türgenleşiklerden daşgaryn örtük dakmagy we howpsuz aralygy saklamagy talap edýän profilaktiki protokol şindizem güýje girmedi. Ýokanç keselleriñ artmagynyñ düýpli möçberlere äkitmändigi dogry hem bolsa, ätiýajy elden bermeli däldiris. Kowid şindizem biziñ ýanymyzda we megerem geljekde-de bize ýoldaş bolup galjaga meñzeýär. Munuñ bilen ýaşamagy öwrenmek bilen birlikde howpsuzlygy hem elden bermezligi öwrenmeli bolarys. Hernä, şu gezek degişli ýolbaşçylaram ýagdaýlaryñ barha ýaramazlaşyp durmagyna garaşmaz diýip umyt edýärin. Stuti MIŞRA. Şenbe, 29.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |