22:11 Täze ýyl induklary | |
TÄZE ÝYL INDUKLARY:
• Eger köpçülik sessiz bolsa, bu señ sesiñi çykarmaýanlygyñdandyr! 12-nji mart döwründen soñ türk jemgyýetçilik durmuşyna uly goşantlary goşan Metin Tokeriñ ýoña öwrülen sözi bar: «Sessiz köpçülik». Aslynda bulam, Metin Tokeriñ diline werziş bolan birnäçe kesgitleme ýaly, Günbatarda ýokary hilli sagçy pozisiýada çykyş etmek isleýän žurnalistleriñ meselelere düýpli aralaşmazdan gysgaça şekilde başdansowmalaryna ýaraýan sözleriñ biri. Sessiz köpçülik - bularyñ pikirine görä, ortadaky syýasy galmagallardan bizar-peteñi çykan, emma edepli we gözi dok hem-de wyždanly bolany üçin bu galmagallary görmezlige-eşitmezlige salýan köpçülikdir. Bu sessiz köpçülik kesgitlemesi özlerini yñdarma akymlara aldyrmaýandygyny görkezmegiñ höwesgäri täze kapitalistleriñ, halky eksplutatirleýänler bilen hak-hukuklaryny talap edýänler şol bir galmagal haltasyna gapgaryp, rullaryny has ezber aýlamak üçin tapan jadyly taýaklarynyñ biridir. Şeýlelikde ortadaky oñşuksyzlyk synpy dawadan däl-de, mähelle çagalarynyñ žentlmenlerçe oýun oýnap bilmeýändiginden doýrar ýaly derejede atmosfera döredi. Çekişmelerden bizar bolandygy çak edilen kowçumlaram bu ornaşykly düzgünleşdirijileriñ ugrunda düzgüni ymykly ornaşdyryp başlar. Bu işler ýeke kesgitleme bilen amala aşjak zat däl. Şonda-da ýurdumyzyñ syýasy arenasynda bu «sessiz köpçülik» kesgitlemesini ýygy-ýygydan eşdip başladyk. Prezidentimiziñ çykyşlaryndan başlap, tä onuñ käbir ýokary derejeli kommentatorlaryna çenli «bu sessiz köpçülikden» zol-zol söz açar boldylar. Islesek-islemesek, "ýeri, näme bolýaka bu sessiz köpçülik diýýänleri" diýip soraýarys. Bize mälim biziñ köpçüligimiz sessiz bolýan bolsa, bu, onuñ ses çykarma ýagdaýynda we şertlerinde däldigidir. Onda bi köpçülige ýüz tutjak bolman, gaýtam, seslerini çykaryp bilsinler diýip, ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini üýtgetmek üçin aralarynda bolmak has gowsy bolsa gerek. Ýöne bu mümkin däl, sebäbi "sessiz köpçülik" diýilýänler, aslynda seslerini çykaryp bilmäge ýagdaýy-da, mümkinçiligi-de bolup, (bilgeşleýin) sesini çykarmaýanlardyr. Bular seslerini çykaraýan ýagdaýynda-da režimiñ oky haçanda şahsy bähbitlerine sünjülen wagty çykararlar. Şeýle bolmagynam isleýärler. «Ýa-ha režimiñ okuna sizem aslyşyñ, ýa-da, walla, bu sizi awundyrman goýmaz» diýiljek bolunýarmy? Näme diýmek isleýän bolsalaram, ýeri bolsa-bolmasa ýüzlenilen, öwlüp arşa çykarylýan «sessiz köpçüligiñ» niçiksi zatdygyna teý düşünip bilemok. Aýdaly, «suw kiçiñki, söz ulyñky» nakylyna eýerýän «köpçülik» aslynda bähbitçilerem däl, heññamçylaram däl, ministrçilerem däl, "meni çakmadyk ýylan müñ ýaşasynçylaram" däl. Dälem bolsa, şu görşüñiz ýaly: dymýarlar. Dymmaga öwrenşipdirler ýa-da dymmagy çydamlylyk saýýarlar. Eýse nähili çydamlylykka bu dymmak çydamlylygy? Nämelere dymýarlarmyş çydamly dymmalar? Premýer-ministriñ ýegenleriniñ döwlet pajyny tölemän edip ýören bikanunçylykly hereketleri baradaky gep-gybatlara boýuna çenli batyp, soñam gahryman ýaly köpüñ içini döşüni gaýşardyp gezýän ýurdunda salgyt gullugynyñ binasynyñ öñünde nobata durup salgyt töleýän raýatlarymyzyñ üstünden gülýän ýaly «öz-özüni salgytlandyrýan halk milletdir» jümlesiniñ ýazylmagyna diýere sözleri ýokmuş. Çakdanaşa çydamlylyklaryndan jyda düşürläýjek ýaly eden-etdilikler we parahorluklar baradaky gep-gürrüñler ýetjek derejesine ýetensoñam, görmezlige-bilmezlige salyp seslerini çykarmaýarlarmyş. Işgärler, mugallymlar eýläk-beýläk sürülýär, ojaklar söndürilýär, hatda käbir ýerlerde janyñy gorap saklamak hyllalla bolup durka, olar dymýarlarmyş. Polisiýanyñ daýanç nokatlarynda, howpsuzlyk bölümlerinde adamlar köteklenip-ýenjilip durka, olar dymýarlarmyş. Galtamanlyk, adam ogurlugy, hak-hukuksyzlyk, kanunyñ aýak astyna alynmagy, baş-başdaklyk we hilegärlik döwlet edaralaryny çyrmaşyk ýaly dolap alanda, olar dymýarlarmyş. Konstitusiýa - hemmelerden öñ eýermeli kişiler tarapyndan depgilenýärkä, olar dymýarlarmyş. Ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýaşlar nyşana alnyp öldürilende, eneler çagalaryny goramak üçin köçä dökülende, olar dymýarlarmyş. Bular ýaly dymmagy-da eger bir çydamlylyk hasap edýän bolsañyz, bu çydamlylyga näme diýmeli? Şular ýaly çydamlylar maña Nasreddin Epenidiniñ indugyny ýatladýar. Ependi satlyga çykaran indugynyñ totyguşdygyny subut etjek bolupdyr, garşysyndakam "Ýöne bu geplänog-a?" diýse, ol "Näme etjek gepledip, bu pikirlenip bilýär-ä!" diýipdir, ine, bulam bir hasap. Biziñ «sessiz köpçüligimizem», bu bolup geçýän zatlar barada pikirlenip oñýan bolarly. Edil Ependiniñ indugy ýaly. Ýeri, bolýa-da, näme diýeli başga?.. Dymybereliñ bakaly, täze ýyl induklary! Täze ýylda tä mekgäñize münülýänçä dymyñ. 04.06.1976. Sewgi SOÝSAL / "Syýasat". Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |