11:07 Täze ýylyñ öñ ýany | |
TÄZE ÝYLYÑ ÖÑ ÝANY
Çagalar edebiýaty
Berjaý bolýar diýýäler Ähli göwün isläniň, Täze ýylyň öň ýany Arzuwlara besläniň. Hasyl bolar elmydam Oglan-gyzlaň arzuwy. Ýöne welin muň üçin Yhlas etmeli gowy. Okamaly hemişe Ýaltalygy terk edip, Maksadyňa ýetersiň Öz-özüňe erk edip. Bäşlik alyp okasaň, Hasyl bolar arzuwyň. Gadyryny bilmeli Mekdep bilen okuwyň. Ine bu gün köne ýyl Gidip barýar hoşlaşyp, Täze ýylda ikilik Gitsin bizden daşlaşyp... Sergeý MIHALKOW. Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. “Mydam taýýar” gazeti, 01.01.1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |