20:13 Teatr sungaty taryhynyñ utançly sahypasy... | |
1982-nji ÝYLDA FERHAN ŞENSOÝYÑ SPEKTAKLYNDAN SOÑ WAGŞYLARÇA ÝAKYLAN "ŞAN" TEATRY
Teatr we kino sungaty
1982-nji ýyl. Mundan tegelek kyrk ýyl öñ, şu gün. Stambul. Ferhan Şensoý öz ýazan we Eýranyñ ýakyn döwründen taryhy epizodlary suratlandyrýan, epopeýa derejesine göterilen spektaklyny sahnalaşdyrýar. Hemme zadam şundan soñ başlaýar. Oýunyñ ady - "Şalary-da urýarlar". Ady-da birbada ünsi çekýär gerek? Eýranda bolup geçýän syýasy wakalary parsça dialoglar bilen inçeden inçe çitilen satiriki nukdaýnazar oklaýan oýnuñ satirasyndan zyýat şol "birbadalyk" ünsleri öz üstüne jemleýär. Çünki wakalarda Türkiýäniñ taryhyndanam epizodlar bar. Spektakl şol wagtlar hemmeleriñ ünsüni özüne çekýär, hemme ýerde oýnuñ gürrüñi gidýär. Şol gürrüñleriñ arasyna Şensoýyñ orta goýan satirasy bilen onçakly gyzyklanmaýanlar hem goşulyp başlamagy netijesinde ýagdaýlar üýtgeýär. Şol döwür ýygy-ýygydan haýbat atyjylykly duýduryşlary alan Şensoý spektaklyñ sahnalaşdyrylan ýyllarynda mazaly didiwana mündürilýär. Elbetde raýyndan dänmedik Şensoý ýekirilmelerden soñ bir ädim yza tesmek beýlede dursun, syýasy satirasynyñ dozasyny hasam artdyryp, "Ýakymsyz mýuzikl" ("Muzir Müzikal") pýesasyny ýazýar. "Muzır Müzikal" ýene "Şan" teatrynda sahnalaşdyrylýar. Spektakl mazmunyndaky tankydy pikirler arkaly Türkiýedäki käbir agsamalaryñ üstünde ymykly durup geçýär. Şol döwür kanuny güýjüne giren we käbir neşirleriñ gizlin ýagdaýda köpçüligiñ dykgatyna ýetirilmegi kararyna barylan "ýaramaz neşirýat kanunyndan" adyny alan oýun ýakymsyz neşirýaty bilen başlap gutarmandygyny, Ferhan Şensoýyñ pikiriçe añlarda şinelän tapawutly we has zyýanly muzırlıkların da bardygyny nygtamak üçin sahnalaýardy. Tankytlar ynançlara salgylanyp gelenem bolsa bir zady aýtmak gerek: oýunyñ jemleme spesifiki şablony ýokdy, köp zady tankyt edýärdi. Oýunlar sahnalaşdyrylmaga dowam etdigiçe tankytlar ýerini haýbat atmalara, haýbat atmalar ýerini oýun gidip durka protest bildirmelere berip başlady. Käbir oýunlarda dagy sahnanyñ öñüne düzülen ýüzden gowrak adam Şensoý müzikal wagtynda geplemäge başlandan ony hor bolup gygyrýardy. Söz üsti bilen edilýän hüjümlerden gerekli effektiwlik alynmandygy üçin bolsa gerek, sahna hüjümler başlady, şundan soñ döwlet teatra şeýle howply atmosferany belli bir derejede böwüsmek maksady bilen polisiýa işgärlerinden adam goýdy. 1987-nji ýyla çenli 76 gezek oýnalan "Ýakymsyz mýuzikliñ" 77-nji gezeginiñ öñüsyrasynda spektakly goýbolsun etmegi talap edýän jañ gelýär. Şensoý we onuñ topary hiç hili howp-hatardan gorkmaýşy ýaly, mundanam gorkup durmaýar we spektakly sahnalaşdyrýar. Emma şol döwür teatryñ ünsüni çeken bir detal bar: olam - gorag üçin goýlan polisiýa işgärleriniñ gysga wagtyñ içinde üýtgedilmegi we täze goragçylaryñ goýluşynda geñsi hereketleriñ duýulmagy. Spektakl oýnalyp durka birküç minutdan soñ eşidilen partlama sesleri we çykan uly ýangyn... Ýigrimi minudyñ dowamynda sahnadan tomaşaçylar zalyna çenli tutuş binany gurşap alan ýangyn teatry teatry tüssä bogýar. Teatryñ garawuly Niýazy Özlü ýangynyñ arasyndan çykyp bilmän wepat boldy. Ýangyn söndürilen wagtynea ygtyýarlylar beýanat hem berip ýetişdiler: - "Şan" teatryndaky ýangyn elektrik şitinden çykdy. Birnäçe ýyldan soñ Ferhan Şensoý ýeri çalşylan polisiýa işgärleriniñ bu dildüwşükli hadysa bilen baglanyşygynyñ ýokdugyna şübhelenýändigini aýdanam bolsa, hiç kim nämäniñ bolandygyna düşünmeýär. Ýangyny kimiñ amala aşyrandygy syr bolup galdy, gaýtam Ferhan Şensoý sahnalaşdyran "Ýakymsyz mýuzikl" pýesasy sebäpli sud edildi. Hiç kime çäre görülmedik hadysada diñe Ferhan Şensoýa çäre görülýär. Onuñ janyna howp abanandygynyñ meselesini gozgamak beýlede dursun, gaýtam ol 21 gije-gündiz tussag edilýär. Şindizler bu gynançly hadysanyñ bolup geçen we sungatyñ gülläp ösmegine idin berilmedik ýerinde söwda merkezi gurulýar... Erdem ÝYLMAZ. 09.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||