11:21 "Telaferli türkmen şahyrlarynyñ antologiýasy" neşir edildi | |
Ýakynda Türkiýede Yrak türkmen edebiýatynyñ iñ görnükli şahyrlarynyñ ýygyndysy ("Muhaceretteki Telaferli Türkmen Şairleri Antolojisi") neşir edildi. Bu antologiýa edebiýaty öwreniji alymlarymyz üçin türkmen edebiýatyny bitewilikde öwrenmek üçin bahasyz sowgatdyr. Gelejekde dünýäniñ beýleki ýurtlarynda ýaşaýan türkmen şahyrlarynyñ ýygyndylaryny öwrenmäge, toplamaga we neşir edip halk köpçüligine ýetirmäge öz türkmen edebiýatçylarymyz hem girişerler diýip umyt edýäris. Kitabyñ arka sahabynda şeýle ýazgylar bar. "Olar ata watanynyñ kesekiler tarapyndan basylyp alynmagynyñ derdini, bosgun ýollarynda başdan geçirenlerini, dogduk depeleriniñ zaryny we haçanam bolsa bir gün aý-ýyldyzly gök baýdaklarynyñ al-asmanda erkana pasyrdajakdygyna we özleri ýaly türk(men)leriñ ser-sepillikden, bendilikden halas boljakdygyna bolan mizemez ynançlaryny goşgy bilen beýan etdiler... Mundan soñky ýygyndylary, ýazyljak goşgulary, aýdyljak aýdymlary Telafer galasynyñ depesinde pasyrdajak aý-ýyldyzly gök baýdagyñ astynda okamak bagtyna hemmämiz bilelikde gowuşmagy umyt edýäris..." Taýýarlan: FÜSÜN MENŞURE Neşirýat: "Post Yayın" Çapdan çykan ýyly: 2018 Sahypa sany: 239 Ölçegi: 13,5 x 21,5 | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 0 | |