TELEFONLAR ÜÇIN NIÝETLENEN ROMANLAR
Ykjam telefonlardaky edebiýat — bu ilki-ilkiler ýan telefonlarynda döredilip, başga birine ugradylýan ýazgylarda ulanylan edebi döredijilikdi. Döredijiligiň bu görnüşi Ýaponiýada döräp, «mobil roman» adyna eýe bolýar. Bu edebiýat žanry gysgawagtyň içinde Hytaý, ABŞ, Germaniýa, Günorta Afrika ýaly ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle romanlaryň ýazylyş usuly ozaldan gelýän kagyz kitaplaryň çemeleşmelerine garanyňda has täsirliligi, gysgadan köp gepleşikleri saklaýanlygy we ýüz alamatjyklarynyň (smaýlikleriň) agdyklyk etmegi bilen tapawutlanýarlar. Bu romanlaryň awtorlary, adatça, boş wagtlary eseri ýazýarlar. Ilkibaşda olar ýazýan eserleri üçin hiç hili hak alman, diňe öz döredijiliklerinden hem-de okyjylaryň seslenmelerinden kanagatlanma tapypdyrlar. Ýöne häzirki wagtda edebiýatyň bu täze žanry töweregine köp sanly muşdaklary jemleýär. Telefonlardaky eserleriň ilkinji awtorlary, esasan, söýgi temasyndan ýazýanlar bolupdyr. Onuň yzysüre mobil edebiýatyň gerimi has giňäp ugraýar. Ýapon awtorlary öz mobil romanlaryny lakam ýa-da toslama atlar arkaly köpçülige ýetirmegi makul bilýärler. Şoňa görä, mobil döredijiliginiň hakyky awtorlary seýrek halatlarda özlerini köpçülige tanadýarlar. Adatça, bu eserler «Java», WMLD, TXT ýaly programmalarda okalýar «Maho no iLand» saýtynda bolsa tölegsiz ýükläp bolýan milliondan gowrak mobil romanlar ýerleşdirilendir. 2007-nji ýyldan bäri, 100-den gowrak mobil romany kitap görnüşinde halka
ýetirildi.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyñ talyby.
#"Edebiýat we sungat" gazetinden alyndy
Edebiýat täzelikleri