13:50 Telewizor görseñizem, görüñ welin... | |
TELEWIZOR GÖRSEÑIZEM, GÖRÜÑ WELIN...
Pedagogika we edep-terbiýe
Çagalaryň telewizora aşa köp tomaşa etmegi we şonuň netijesinde hem hereketini we gylyk-häsiýetini üytgetmegi, megerem, tutuş dünýäde hemmeleriñ başyny agyrdýan problemalaryň birimikä diýýärin. Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň telewizoryň başynda köp oturýandygyndan zeýrenýändirler. Telewizorda esasan çagalara mahsus bolmadyk programmalara tomaşa etmek we ene-atanyň ýeterlik gözegçilik etmezligi çagalara ýaramaz täsir edýär. Çagalaryň sagdyn pikirli we edepli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ene-atalaryň käbir zatlara üns bermekleri gerek. Hünärmenler bu barada şeýle maslahat berýärler. Çaganyzyñ günde iki sagatdan köp telewizora (wideofilmler we oýunlar) tomaşa etmegine rugsat bermäň. Çaganyz näçe wagtlap telewizora tomaşa etse, ony şonça wagtam kitap okamaga höweslendiriñ. Nahar iýilýärkä, öý işleri ýerine ýetirilýärkä we oýun oýnalýarka telewizory açmañ. Çagañyz öz ýaşyna görä taýýarlanan programmalara tomaşa etsin. Bu programma tamamlanansoñ bolsa telewizory ýapyñ. Mümkin bolsa, telewizora çagaňyz bilen bile tomaşa ediń we gören zadyńyz hakynda onun bilen pikir alşyñ. Eger muny edip bilmeýän bolsañyz, azyndan onuñ nämä tomaşa edýändigini bir biliñ. Habarlara we ulular üçin taýýarlanan programmalara çagañyz ýanynyzda ýok wagty tomaşa ediñ". • Kinolaryň asyl manysyny düşündiriñ! Telewizorda görkezilýän gandöküşikli, ýowuz filmler çagalara güýçli täsir edýär. Telewizorda ýowuz filmdir gepleşiklere tomaşa eden çaga başga adamlaryň kyn gününe, agyr dertlerine biperwaý garaýar we töweregindaki dünýäden hem has gorkýar. Hünärmenler gandöküşikli, ýowuz filmlere tomaşa etmegiñ çaganyñ saglygyna ömür bitmejek yara salýandygy barada ene-atalara duýdurýarlar we şeýleräk maslahatlar berýärler. "Telewizora çagañyz bilen bile tomaşa ediñ! Olara gören filmleriniziñ asyl manysyny düşündiriñ. Telewizordaky gandöküşikli, ýowuz sahnalaryň hakyky däldigini, onuñ kompyuterleriñ we ösen enjamlaryň kömegi bilen hakyky ýaly edilip görkezilýändigini çagalaryňyza düşündiriñ. Şol yowuz filmleriň soňky netijesi barada çagaňyz bilen pikir alşyň. Çaganyza şol filmdäki hadysalara güýç ulanmazdan çözgüt tapmagy öwrediñ. • Reklamalara aldanmañ! Telewizorda berilýän reklamalar telekanallaryň esasy girdeji çeşmesi hasaplanýar. Telekanallara mugt tomaşa edýän-de bolsak, olarda reklamasy berilýän zatlary satyn alanymyzda pul berenimizi bilmänem galýarys. Şol sebäpli reklamalaryň çagalara güýçli täsir etmezligi üçin olara bilelikde tomaşa ediñ. Reklamalarda görkezilýän, aýdylýan zatlaryň hemmesine ynanaýmaly däldigini çagalaryňyza düşündiriñ. Munuň üçin çagañyz bilen bile magazine gidip, telewizorda reklama edilen zady satyn alyň we onun telewizorda görkezilişi ýaly, beýle bir üýtgeşik zat däldigini görkeziñ. Çagalar reklamanyň maksadynyň şol önümi satmakdygyna düşünmeýärler. Ýunus EMRE POLAT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |