15:34 Terbiýäniñ täsiri | |
TERBIÝÄNIÑ TÄSIRI
Pedagogika we edep-terbiýe
Durmuşyň kötel yollaryny geçen nurana gojalaryň öwüt-nesihatlaryny dinleseň mańzyňa bataýýar. Ýöne ýüz-gözleri telim gat renklere suwalyp, soňra bolsa ýel-ýagmyryň täsirine suwagy gaçan diwara çalym edýän, endamyna syrlaşyp duran ýakasy yirik köýnekli, ýan-ýartmajy sagrysyna ýetip duran, başy açyk, saçy kesik gelin-gyzlaryň käbiriniñ çendan telewizoryň ekranlaryndan edep-ekram, salyhatlylyk, haýa-şerim barada söhbet açyşyny synlanyňda, adamda geñirgenmekden ýaña edil üstünden gülünýän ýaly täsin bir duýgy döreýär. Şonda bu "nesihatçynyň" gözgyny ýagdaýyny öñde bir binaçy ussanyň ilde ýok täzelik etjek bolup şäheriň uly gatnawly köçesiniñ sag tarapynda hammam gurup, ýoluñ çepinde bolsa geýim çykarylýan otag gurşuna meñzedesim gelýär. Şonuň ýaly zatlar käte aýdym aýdyp, sahnada çykyş edýänleriň arasynda-da duş gelmän duranok. Allanyň döreden jandarlarynyň içinde in gözeli we pähimlisi ynsan bolmaly. Bu peşgeşi Hudaý ähli jandarlaryň içinde iň eziz hem-de özüne golaý görýändigi üçin ynsana bagyş edipdir. Şonuň üçin-de her bir adam Hudaýyň beren nygmatlaryna minnetdarlyk we şükranalyk getirmelidir. Adamyň isleg-arzuwlarynyň çygry gindir. Dünýäde bolsa özüne imrindiriji närseler möçbersiz kändir. Eger-de şol isleg-arzuwlar ösüp, güýçli hyjuwa öwrülse, onda munuň özi kadadan çykmak bolýar. Her bir kadanyň çäginden çykmagyň bolsa howply ýagdaýlara eltäýmegi ähtimal. Çünki hyjuwyň akyldan öne geçmegi dürs däl, ol howpludyr. Adamyň özüne zynat bermegi, gözellige ymtylmagy - bu tebigydyr, hormata mynasypdyr. Bu kämillik ýolundaky haýyr işdir. Herki zadyň kadasyndan, çäginden çykylsa, hatda ol iýmit ýa-da dermanam bolsa zyýan getirer. Saglyk, maddy we ruhy zyýan çekmekden goranyň! Adam öz hereketine gözegçilik etmegi başarsa, onuň işi ugruna, şowuna bolar. Muňa mysal edip, men gadymy rowaýatlardan birini getirmekçi. Şöhraty belent Allatagalanyň resuly Muhammet pygamber öz sahabalary bilen met jitde hemsöhbet bolup oturan çagy alty-ýedi ýaşly oglanyň elinden tutup, gapydan bir ýaş gelin giripdir. Bulary görüp, pygamberimiz gelinden ne hajat bilen gelendigini sorapdyr. Gelin pygambere ýüzlenip: - Bu çaga meniň oglum, munuň agyz-burnuna bir seredip görüň, ony tutuşlygyna gijilewük ýarasy tutdy. Ýara indi kän wagtdan bäri aýrylyp gidenok, gaýta ol barha güýjeýär. Munuň sebäbi oglan hurma miwesini kän iýýär. Biziň ýaşaýan ýerimiziň daş-töweregi ösüp oturan hurma agajyndan doly. Men muňa gözegçilik edip bilemok. "Hurma iýme" diýsem-de, aýdanymy edenok. Siz bir Hudaýyň sylagly-sarpaly adamy. Siz muňa "Hurma iýme, oglan" diýseňiz, belki-de, ol size gulak asar - diýen Onda pygamberimiz: - Beýle bolsa, gelin, siz bu gün öýüňize gaýdyň-da, erte şu wagtlar oglany alyp geläýiň - diýen. Oturan sahabalar pygamberiň bu sözüne biri-birlerine bakyp ýylgyryşanlar. Muny pygamberimiz duýup, olardan ýylgyrmalarynyň sebäbini soran. Onda sahabalardan biri: - Siziň hezretleriniz, gelin juda zyba maşgala bolansoň, oňa "erte gel" diýäýdiñiz öýdýän degşen. Onda pygamberimiz mylaýym ýylgyryp: - Ýok, onuň üçin däl, çünki şu gün säherde meniň özüm hem ýekeje hurma iýäýdim-dä, ýöne ertir welin, men hurma iýmän gelerin, şonda «Hurma iýme» diýen sözüm çaga has täsirli bolar - diýip, jogap beren. Emin ANNANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |