TOGRUL BEG TÜRKMEN
Togrul beg, doly ady Rukneddin Ebu Talyp Muhammet Togrul beg ibn Mikaýyl.
Beýik Seljuk-türkmen imperiýasynyñ düýbüni tutujy we ilkinji soltany.
990-njy ýylda Horasanda eneden dogulýar. Türkmenleriñ gynyk taýpasyndan Seljuk begiñ agtygydyr. Kakasy Mikaýyl bir söweşde wepat bolansoñ, atasy Seljuk begiñ elinde ulalýar. Çagalygy Jent şäherinde geçýär. Gaznawylaryñ Seljuk begiñ ogly Arslan Ýabguny ýesir almagyndan soñra 1025-nji ýylda seljuklaryñ başyna geçýär. Seljuklara täze ýurt gözleýän Togrul begiñ ýolbaşçylygyndaky türkmenler Horasana göç edýärler. 1028-1029-njy ýyllarda dogany Çagry beg bilen birlikde Merw we Nişapur şäherlerini eýeleýär. Buhara we Balh şäherlerine ýöriş gurnaýar. 1038-nji ýylda Nişapurda özüni soltan diýip yglan edýär. 1040-nji ýylda Dañdanakan söweşinde ýeñiş gazanyp seljuklaryñ gaznawylara garşy üstünligini üstünligini üpjün edýär. Dogany Çagry begi Horasana häkim edip bellän Togrul beg Eýranyñ köp ýerini ele geçirýär we Seljukly imperiýasynyñ çägini Anadola çenli giñeldýär. 1055-nji ýylda Bagdat merkezli Abbasy halyfy Kaýym Bagdady elinde saklaýan şaýy ynançly Buweýhi ogullary dinastiýasyna bolan garaşlylykdan halas bolmak üçin meşhur alym, kazy Mawardyny ugradyp Togrul begden kömek soraýar. Bagdatdaky halyf gwardiýasynyñ serkerdesi, asly türkmen, ýöne şaýy ynançly Basasyry ilki buweýhileriñ tarapynda-da bolsa, soñra olardan arany açýar. Halyf Kaýym hem pursatdan peýdalanyp Togrul begi Bagdada çagyrýar. 1055-nji ýylda Togrul beg Abbasy halyfyny şaýylardan halas etmek üçin buweýhiler bilen bolan söweşde olary ýeñlişe sezewar edýär. Yrakdaky iñ soñky buweýhi hökümdary El-Mälikur-Rahymy ýesir alyp bu döwletiñ soñuna nokat goýýar we Bagdada girip Abbasy halyfynyñ howpsuzlygyny öz boýnuna alýar. Edil şol wagtam Togrul Begiñ öweý dogany Ybraýym Ýynal gozgalañ turuzýar, örän köp sanly türkmen bu gozgalaña gatnaşýar. Togrul beg hem gozgalañçy doganyna hem buweýhi goşunyna garşy iki frontda söweşmäge mejbur bolýar.
1058-nji ýylyñ dekabr aýynda 400 awangard atlysy bolan Banu Hilal taýpasynyñ birleşen güýçleri 1055-nji ýylda Bagdatdan sürgün edilen Basasyry bilen birlikde Bagdady basyp alýarlar. Şäheriñ metjitlerinde Kairdäki şaýy-fatymy halyfy Müstensiriñ adyna hutba okadýarlar.1060-njy ýylda Togrul beg Ybraýym Ýynalyñ gozgalañyny basyp ýatyrýar we fatymylaryñ eline geçen Bagdady gaýtadan yzyna alýar. Abbasy halyfy Kaýymyñ ýañadandan Bagdada dolanyp gelmegini üpjün edýär. Togrul beg halyfyñ gyzy Seýýide Fatima el-Betüli nikalap alýar. Halyf Kaýym Togrul bege "Ruknud Döwle" ("Dinim diregi") we "Mälikül-Maşryk we Magryb" ("Gündogaryñ we Günbataryñ soltany") atlaryny berip, soltanlygyny ykrar edýär.
1060-njy ýylda Jürjanda aradan çykan birinji aýaly Altynjan Hatynyñ ölümine juda gynanan Togrul beg ony Reý şäherine getirip jaýladýar. Togrul beg 1063-nji ýylyñ 4-nji sentýabrynda 73 ýaşynyñ içinde Beýik Seljukly imperiýasynyñ paýtagty bolan Reý şäherinde aradan çykýar. Onuñ ýerine dogany Çagry begiñ ogly Alp-Arslan geçýär.
■ Togrul begiñ wezirleri:
1. Abul-Kasym Buzgany, (Jüweýni, Kewbany, Salary Buzgan);
2. Ebul-Feth Razi;
3. Reisül-Rüesa Mikaýyl (Şaheb Ebu Abdylla Hüseýin ibn Aly ibn Mikaýyl);
4. Ebu Ahmet Dehistany Amrek;
5. Amîdül-Mülk Ebu Nasr el-Kundury.
■ Togrul begiñ atabegleri:
Türk taryhçysy Dogan Awjyogly "Türkleriñ taryhy" kitabynda professor Altan Köýmene salgylanyp, Togrul begiñ kürt, arap, eýranly, deýlemli we başga-da dürli kowumlardan bolan 26 sany özüne tabyn atabeginiñ bolandygyny habar berýär.
■ Togrul begiñ türkmen edebiýatyndaky keşbi
Togrul begiñ obrazy türkmen edebiýatynda we doganlyk türk edebiýatynda ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ideal personažlaryñ biridir. Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy "Togrul beg" atly goşgusynda bu beýik ynsanyñ waspyny şeýle ýetirýär:
Halkyñ arzylany,
Hakdan permanly,
Sen bir Hakdan gelen perman, Togrul beg.
Kakabaş türkmene Serdar derkardy,
Serdarlar ähline Serdar, Togrul beg.
Masut soltan sap-sap leşger çekende,
Haweran kysmaty köle çökende,
Arslan bolup arlap Dañdanakanda
Kyldyñ duşmanlary berbat, Togrul beg.
Döräpsiñ sen musulmanlañ bagtyna,
Geçirdiñ Halyfy Bagdat tagtyna,
Soltan bolup Magryp bilen Maşryga,
Merdanlara şahymerdan, Togrul beg.
Permanyña ýedi yklym diñ salan,
Çawly ady Şama, Şarka ýañ salan,
Külli musulmana howandar bolan,
Serwerler içinde sen bar, Togrul beg.
Bedewiñ segredip Ruma hem Şama,
Gudratyñ görkezdiñ ýüz şa, müñ hana.
Zarbyñdan gelendir nurbat amana,
Adyñdan eýmendi jeñbaz, Togrul beg.
Sygnyp, sežde edip Biribara sen,
Adyllygy, adalaty goradyñ,
Pygamberiñ halyfyna köreken,
Geýdiñ El Kaýymdan serpaý, Togrul beg.
Söweşlerde piller bozlap, kert öldi,
Döwüşlerde gurtgan türkmen gurt oldy.
Bizans synyp,
Rum türkmene ýurt oldy,
Başlanyp täze bir heññam, Togrul beg.
Garaşsyzlyk döwrüniñ edebiýatynda Togrul begiñ obrazyny belli ýazyylar Osman Öde we Jumageldi Mülkiýew çeper edebiýatymyza girizdiler. Gelejekde hem Togrul begiñ we beýleki beýik şahsyýetlerimiziñ obrazlarynyñ türkmen romanlarynda ýygy-ýygydan işleniljekdigine berk ynanýarys.
■ Togrul beg barada ýazylan romanlardan:
1. Osman Öde "Altynjan Hatyn" (roman);
2. Jumageldi Mülkiýew "Seljuklar" (roman);
3. Jan Güzel "Sähranyñ iki söweşijisi: Togrul beg we Çagry beg" (roman);
4. Ahmet Haldun Terziogly "Togrul beg we Çagry beg" (roman);
5. Kemal Arkun "Togrul beg" (roman)...
■ Giñişleýin öwrenmek üçin käbir çeşmeler:
1. Altan Köýmen, Mehmet Altaý "Seljuklar döwrüniñ türk taryhy" ("Selçuklu Devri Türk Tarihi"), "Türk Tarih Kurumu" neşirýaty, Ankara-2004;
2. Ferishta, "History of the Rise of Mohammedan Power in India" (iñlis dilinde);
3. Материалы по истории туркмен и Туркмении, т. 1, ч. 3, М. — Л., 1939;
4. Şadr-al-Dīn Hosaynī, Akbār al-dawla al-saljūqīya, ed. M. Eqbāl, Lahore, 1933.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy şahslar