18:08 Tomiris | |
TÜRKMENLERIÑ ILKINJI ZENAN HÖKÜMDARY
Zenan şahsyýetler
▶ TOMIRIS Melike Tomiris türkmen taryhynyñ bize mälim bolan ilkinji zenan hökümdarydyr. Käbir maglumatlar onuñ b.e.öñki VI asyrda ýaşan Ärtöññe alpyñ (Afrasyýap) neslindendigini habar berýär. Tomiris pers basybalyjylaryny ýeñlişe uçradyp adyny taryha ýazdyrypdyr. Ärtöññe alpyñ ölüminden soñ harby we syýasy taýdan gowşan sak-massagetler şol döwrüñ persleri bilen gapma-garşylykly ýaşapdyr. Persleriñ başyny şol döwrüñ iñ uly we iñ rehim-şepagatsyz hökümdarlarynyñ biri bolan Kir çekipdir. Kir patyşa Med, Urartu, Manna, Lidiýa, Babyl patyşalyklaryny eýeländen soñ gözüni demirgazyk-gündogardaky türkmen topraklaryna dikipdir. Adamsynyñ ölüminden soñ massagetleriñ başyna geçen Tomiris halkynyñ agzyny gaýtadan jem edipdir we goşuny güýçlendiripdir. Kir hernäçe rehim-şepagatsyz zalym patyşa-da bolsa, syýasy oýunlardan baş çykarýan akylly adam bolupdyr. Ol Tomirise ilçi ugradyp, özüne aýal bolmaga razy bolsa, sak-massagetlere garşy uruşmajakdygyny mälim edipdir. Elbetde, Kir syýasy bähbidini hem arandyr welin, türkmenlere garşy söweşmegiñ iñ soñky çykalgadygyny hem göz öñünde tutan bolmaly. Akyly gözünde Tomiris hileli teklibiñ astyndaky düýp maksadyñ nämedigine gowy düşünensoñ, "gudaçylyk" teklibini etmäge gelen ilçileri kowup goýberipdir. Tomiris Kire aýal bolmaga razylyk berem ýagdaýynda türkmenleriñ ýaşaýan ýurdy persleriñ golastyna geçjekdigi görnüp duran zatdy. Ilçiler Kire berlen jogaby ýetiren batlaryna, sak-massagetlere garşy uruş yglan edilipdir. Betpäl duşman imperiýanyñ çar künjünden toplan urşujylaryny yzyna tirkäp türkmen topragyna hapa gadamyny basypdyr. Şol wagt Tomiris hem goşunlaryny derýanyñ añry tarapyna geçiripdir. Tomiris bet pyglyndan dänmegi maslahat berip Kire hat ugradypdyr. Emma ganojak Kir türkmen ýurduny basyp almagy ymykly niýetine düwensoñ, maksadyna ýetmän yzyna dolanasy gelmändir. Tomiris goşunyny derýasynyñ gaýrasyna geçirende yzyndaky ähli guýulary gömdüripdir we goşuna iým bolup biläýjek ot-çöpleri ýok etdiripdir. Ol şeýtmek bilen pers basybalyjylaryny ysgyndan gaçyrmak isläpdir. Pikir edişi ýalam bolýar. Persler derýadan geçenlerinde öñlerinden ne suwly guýy, ne-de atlaryna beret ýaly ýeke sypal tapypdyrlar. Yza gaýtmagam mümkin däldi. Tomiris we onuñ goşuny bolsa söweş tebillerini kakyp, urşa doly taýýar ýagdaýda durupdyr. Iki goşunyñ düşlän ýeriniñ arasy birnäçe kilometr bolupdyr. Garañky gatlyşansoñ iki tarapam dañ ataryna garaşypdyr. Emma Kir mekirlige ýüz urýar. Ol iki goşunyñ arasyndaky bir ýere içinde aýal-gyzlaryñ, bol-telki iýip-içgidir şerabyñ bolan çadyryny dikdiripdir. Tomirisiñ ogly we onuñ nökerleri çadyryñ üstünden gelýär. Olar pers urşujylaryny gylyçdan geçirip içeri girýärler. Öñünden ýörite gurnalansoñ leýis bolup ýatan nazy-nygmatlar we gözüñi-başyñy aýlap barýan näzeninler massaget urşujylarynyñ aklyny başyny uçurýar. Saçagyñ başyna çöken esgerleriñ hemmesi özlerini bilmez derejede serhoş bolansoñ Kir çadyra hüjüm edip, ýatanlaryñ hemmesini öldürýär we Tomirisiñ ogly Spargapesi ýesir alýar. • "Men seni gana gark ederin, Kir!" Tomiris oglunyñ düşüp ýören gününden habardar bolanda Kire ýene hat ýollapdyr: "Gana doýmadyk ganhor Kir! Sen şu gezek edermenlik bilen däl-de, hilegärlik bilen utduñ. Oglumy yzyna gaýtaryp ber, eden bu namartlygyña garamazdan seni jezalandyrman ýurduña dolanmaga mümkinçilik döredeýin. Ýok, eger bu diýenimi etmeseñ onda sak-massagetleriñ patyşasy hökmünde ant içýärin, seni gana gark ederin!" Kir gelen hata gulak gabartmalydyram öýtmändir. Tomirisiñ ogly Spargapes serhoşlykdan açylşansoñ düşen masgaraçylygyna utanyp ýere giräýjek bolupdyr. Ol elleriniñ çözülmegini haýyş edip ýalbarmaga durupdyr. Elleri çözülenden soñ bolsa düşen gününe namys edip öz janyna kast edipdir. Oglunyñ ölüm habaryny alan Tomiris gazap donuny geýipdir we goşunyna atlanmagy buýrupdyr. Ol: "Gana suwsan Kir! Sen oglumy mertlik bilen däl-de, seniñ öz seriñi-de sämedýän üzümiñ suwy bilen ýeñdiñ. Emma men seni mazaly gandan doýurjakdygyma ant içýärin!" diýip kasam edipdir. B.e.öñki 529-njy ýylyñ günleriniñ birinde säher çagy hüjüme geçen türkmenler pers goşunlarynyñ depesinden ýyldyrym bolup inipdir. Söweş dar geçelgede bolansoñ iki tarapdanam kän pida berlipdir. Goşuna hut özi ýolbaşçylyk eden batyrgaý zenan Tomiris "Turan tilsimini" ýerlikli ulanyp, aýgytly söweşde gutarnykly ýeñiş gazanypdyr. • Kiriñ ölümi Söweş gidip durka beýleki persler ýaly Kiriñem jany jähenneme iberilipdir. Şunça bigünä ganyñ akmagyna sebäp bolan ganojak Kiriñ läşi Tomirisiñ öñüne oklanypdyr. Tomiris dessine Kiriñ kellesiniñ kesilmegini buýrupdyr we onuñ kellesini hut öz eli bilen gandan doldurylan tuluma oklap: “Söweşde men ýeñiş gazandym, emma sen hile bilen oglumy öldürdiñ. Men massagetleriñ hökümdary hökmünde ant içipdim. Ömürboýy gan içip doýmadyñ, ynha, indi sen meniñ elimden gandan doýduñ!" diýipdir. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |